Birinji Musa 10:1—32

10  Nuhuň ogullary Sam+, Ham we Ýafetiň ömri şeýledir. Tupandan soň olaryň ogullary boldy+.  Ýafetiň ogullary: Gomer+, Mäjit+, Madaý, Ýawan, Tubal+, Meşeh+ we Tiras+.  Gomeriň ogullary: Aşkenaz+, Rapat we Togarmah+.  Ýawanyň ogullary: Alyşah+, Tarşyş+, Kittim+ we Dodanym.  Adalarda ýaşaýanlar olaryň neslidi. Olar diline, tiresine hem⁠-⁠de milletine görä bölünip, çar tarapa ýaýradylar.  Hamyň ogullary: Kuş, Misraýym+, Put+ we Kengan+.  Kuşuň ogullary: Saba+, Hawyla, Sabtan, Raýman+ we Sabteka. Raýmanyň ogullary: Şeba bilen Dedan.  Kuşuň Nemrut diýen ogly hem bardy. Nemrut ýer ýüzünde ilkinji güýçli baştutandy.  Ol Ýehowa garşy çykan güýçli awçydy*. Şol sebäpli il arasynda: «Ol⁠-⁠a Ýehowa garşy çykan güýçli awçy Nemrut ýaly eken» diýerdiler. 10  Nemrutyň patyşalyk edip başlan şäherleri şulardyr: Şyngar+ ýurdundaky Wawilon+, Erek+, Akkad we Kalneh. 11  Soňra ol Assiriýa+ gidip, Ninewiýa+, Rehobotyr we Kalah şäherlerini gurdy. 12  Ninewiýa bilen Kalahyň aralygynda bolsa Resen şäherini gurdy. Ol beýik şäherdir*. 13  Misraýym Ludymyň+, Anamimiň, Lehabimiň, Naptohumyň+, 14  Patrusimiň+, Kasluhimiň we Kaptoryň+ atasydy. Kasluhimden piliştliler+ gelip çykdy. 15  Kenganyň uly oglunyň ady Sidon+, kiçisiniňki Hetdi+. 16  Kengandan ýabuslar+, amorlar+, girgaşlar, 17  hiwiler+, arkytlar, sinler, 18  arwatlylar+, zemarlar we hamatlylar+ gelip çykdy. Kengandan gelip çykan tireler dumly⁠-⁠duşa ýaýrady. 19  Kenganlaryň ýaşaýan ýerleri Sidondan tä Gazanyň+ golaýyndaky Gerara+, Laşanyň töweregindäki Sodoma, Gomorra+, Adma we Zeboýyma+ çenli uzalýardy. 20  Bular Hamyň neslidir. Olar tiresine, diline, ýaşaýan ýerine we milletine görä bölünipdi. 21  Ýafetiň inisi* Samyň hem çagalary boldy. Eber+ bilen nesilleri Samdan gelip çykdy. 22  Samyň ogullary: Elam+, Ashur+, Arpahşat+, Lud we Aram+. 23  Aramyň ogullary: Uz, Hul, Geter we Maş. 24  Arpahşat Şelanyň+ atasydy, Şela Eberiň atasydy. 25  Eberiň iki ogly bardy. Olaryň biriniň adyna Pelek*+ goýupdylar, sebäbi onuň döwründe ýer ýüzünde bölünişik döräpdi*, doganynyň ady bolsa Ýoktandy+. 26  Ýoktan Almodatyň, Şelebiň, Hasarmawetiň, Ýerehiň+, 27  Hadoramyň, Uzalyň, Diklanyň, 28  Abalyň, Abymaýylyň, Şebanyň, 29  Oferiň+, Hawylanyň we Ýobabyň atasydy. Olar Ýoktanyň ogullarydy. 30  Olaryň ýaşaýan ýerleri Meşadan tä gündogardaky daglyk ýerlerde ýerleşýän Separa çenli uzalýardy. 31  Bular Samyň neslidir. Olar tiresine, diline, ýaşaýan ýerine we milletine görä bölünipdi+. 32  Bularyň hemmesi Nuhuň ogullarynyň nesli bolup, tiresine we milletine görä sanalýar. Tupandan soň şol milletler bütin ýer ýüzüne ýaýrady+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: söweşijidi.
Başga manysy: Olaryň ählisi birigip, bir beýik şäher boldy.
Başga manysy: agasy.
Manysy: Bölünişik.
Ýa⁠-⁠da: ýer ýüzüniň ilaty çar tarapa ýaýrapdy.