Birinji Korinfliler 1:1—31

  • Doganlyk salamy (1—3)

  • Pawlus korinfliler üçin Hudaýa minnetdarlyk aýdýar (4—9)

  • Pawlus agzybir bolmagy ündeýär (10—17)

  • Mesih Hudaýyň güýji we akyldarlygy (18—25)

  • Ýehowa Hudaýyňa öwünmek (26—31)

1  Pawlus Hudaýyň emri bilen Isa Mesihiň resuly boldy+. Ol Sostenis doganymyz bilen  Hudaýyň Korinfdäki+ ýygnagyna hat ýazýar. Hudaý sizi Isa Mesihiň şägirtleri hökmünde+ mukaddes etdi we Halypamyz Isa Mesihiň adyny çagyranlar bilen mukaddes bolmaga saýlady+.  Atamyz Hudaý we Halypamyz Isa Mesih size ýagşylyk* etsin, parahatlyk bersin!  Isa Mesih arkaly ýagşylyk eden Hudaýa hemişe minnetdar.  Sebäbi Hudaý Isa Mesih arkaly wagyz etmäge ukyp berdi we bilimiňizi artdyrdy+.  Siziň Mesih hakdaky aýdylanlara+ ynamyňyz hasam berkedi.  Şonuň üçin Halypamyz Isa Mesihiň gelmegine sabyrsyzlyk bilen garaşýan wagtyňyz+ zada zar bolmarsyňyz.  Halypamyz Isa Mesihiň gelmeli gününde hiç kim sizi aýyplap bilmez ýaly+, Hudaý soňuna çenli berk durmaga kömek eder.  Hudaý wadasynda durýandyr+. Ol sizi Ogly, Halypamyz Isa Mesih bilen işdeş* bolmaga çagyrdy. 10  Doganlar, Halypamyz Isa Mesihiň adyndan haýyş edýärin: ähli zatda ylalaşykly boluň, araňyzda bölünişik bolmasyn+, bir pikirde we bir garaýyşda boluň+. 11  Doganlarym, Hloýanyň öý⁠-⁠içerisindäkiler araňyzda agzalalygyň dörändigini habar berdiler. 12  Siziň käbiriňiz: «Men Pawlusyň şägirdi, men Apollosyň+ şägirdi, men Kifanyň* şägirdi, men Mesihiň şägirdi» diýýän ekeniňiz. 13  Mesihiň ýygnagy bölündimi näme? Siziň üçin Pawlus pürse çüýlendimi? Ýa⁠-⁠da siz Pawlusyň ady bilen suwa çümdürildiňizmi? 14  Hudaýa şükür, men Krispus+ bilen Gaýdan+ başga hiç kimi suwa çümdürmedim. 15  Şonuň üçin hiç kim: «Seniň adyň bilen suwa çümdürildik» diýip bilmez. 16  Men Stefanisiň öý⁠-⁠içerisindäkileri hem suwa çümdüripdim+. Ýöne olardan başgasyny suwa çümdürenim ýadyma düşmeýär. 17  Mesih meni suwa çümdürmek üçin däl, hoş habary wagyz etmek üçin iberdi+. Ol meni akyldarlar ýaly geplemek üçin hem ibermedi, ýogsam Mesihiň jebir pürsünde* ölmeginiň peýdasy bolmazdy. 18  Mesihiň jebir pürsünde ölendigi hakdaky habar heläk boljak adamlar üçin akmaklykdyr+. Emma biz, ýagny halas boljaklar munuň Hudaýyň güýji bilen bolandygyna ynanýarys+. 19  Sebäbi: «Danalaryň akyldarlygyny, paýhasly adamlaryň düşünjesini puç ederin» diýip ýazylgy+. 20  Hany akyldarlar? Hany Töwradyň mugallymlary?* Hany şu dünýäniň* dawaçyl adamlary? Hudaý dünýäniň akyldarlarynyň akylsyzdygyny görkezmedimi näme? 21  Şu dünýäniň adamlary özlerini akyldar saýyp, Hudaýy tanamadylar+ we hoş habary akmaklyk hasapladylar+. Emma Hudaý hoş habara iman edýän adamlary halas edip, akyldarlygyny görkezdi+. 22  Hawa, ýehudylar alamat talap edýär+, grekler akyldarlygy gözleýär. 23  Biz bolsa pürse çüýlenen Mesih hakda wagyz edýäris. Ol habara ýehudylar büdredi, başga halklar bolsa akmaklyk hasaplady+. 24  Emma Hudaý ýehudylary we grekleri saýlap, Mesih arkaly akyldarlygyny+, güýjüni görkezdi. 25  Adamlar Hudaýyň gullukçylaryny* akmak we ejiz hasaplaýar. Ýöne olar dünýäniň akyldarlaryndan paýhaslydyr we pälwanlaryndan has güýçlüdir+. 26  Doganlar, Hudaý sizi saýlanda, adamlar köpiňizi paýhasly+, güýçli we atly⁠-⁠abraýly hasaplamaýardy+. 27  Emma Hudaý dünýäniň akyldarlaryny utandyrmak üçin adamlaryň akylsyz hasaplaýanlaryny saýlady. Dünýäniň güýçlülerini utandyrmak üçin, adamlaryň ejiz görýänlerini saýlady+. 28  Hudaý abraýsyz, kemsidilýän we äsgerilmeýän adamlary* saýlap, dünýäniň atly⁠-⁠abraýly adamlaryny masgara etdi+. 29  Şonuň üçin Hudaýyň öňünde hiç kim öwnüp bilmez. 30  Siz bolsa Hudaýyň niýetine görä, Isa Mesihiň şägirdi bolduňyz. Ol bize Hudaýyň akyldarlygyny we dogruçyllygyny görkezdi+. Biz Isanyň kömegi bilen mukaddes bolup+, töleg gurbany arkaly günäden azat bolup bilýäris+. 31  Şeýdip, «Öwünýän adam, goý, Ýehowa* Hudaýyna öwünsin»+ diýen sözler berjaý bolsun.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: agzybir.
Ýagny Petrus.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: kanunçylar?
Ýa⁠-⁠da: döwrüň. Sözlüge serediň.
Ýa⁠-⁠da: zatlaryny.
Ýa⁠-⁠da: zatlary.