1 Patyşalar 5:1—18

  • Huram patyşa gurluşyga kömek edýär (1—12)

  • Süleýman agyr iş üçin adam ýygnaýar (13—18)

5  Tir+ patyşasy Huram Dawudyň ýerine ogly Süleýmanyň patyşa bolanyny eşitdi. Ol hyzmatkärlerini Süleýmanyň ýanyna iberdi, sebäbi Huram Dawut bilen dostdy*+.  Süleýman bolsa Hurama habar ýollap+:  «Bilýänsiň, kakam Dawut Ýehowa Hudaýyň adyny göterýän öý gurup bilmedi, sebäbi Ýehowa kakamyň duşmanlaryny aýak astyna salýança, olar dumly⁠-⁠duşdan hüjüm etdiler+.  Emma Ýehowa Hudaýym meni daş⁠-⁠töwerekdäki ähli duşmanlardan halas etdi+. Indi meniň ne duşmanym bar, ne⁠-⁠de üstüme howp abanýar+.  Şonuň üçin Ýehowa Hudaýymyň adyny göterýän öý gurjak bolýaryn. Ýehowa kakam Dawuda: „Ýeriňe ogluňy tagta çykararyn, ol meniň adymy göterýän öý gurar“+ diýip söz beripdi.  Gaýrat edip, adamlaryňa buýruk ber, goý, olar maňa Liwanyň kedr agaçlaryny+ çapyp bersin. Hyzmatkärlerimiz bile işlär. Bilýäň⁠-⁠ä, aramyzda sidonlylar ýaly agaç çapyp bilýän adam ýok+. Işçileriňe näçe diýseň, hak töläýin» diýdi.  Süleýmanyň habaryny eşiden Huram begenip: «Ýehowa şöhrat bolsun! Ol ägirt uly halkyň üstünden hökümdarlyk eder ýaly, Dawuda akyldar ogul beripdir!»+ diýdi.  Soňra Huram Süleýmana habar ýollap: «Habaryňy aldym, ähli zady aýdyşyň ýaly ederin, geregiň kedr agajy bilen arça+ bolsun.  Hyzmatkärlerim agaçlary Liwandan deňze getirer. Agaçlary mäkäm daňdyryp, deňziň üsti bilen aýdan ýeriňe ibererin. Soňra agaçlary şol ýerde çözdürerin, senem alyp gidersiň. Ýöne sen köşgümi azyk bilen üpjün etmeli bolarsyň»+ diýdi. 10  Huram Süleýmanyň isleýşi ýaly, kedr we arça agaçlaryny iberip durdy. 11  Süleýman hem 20 000 hum* bugdaý we 20 hum arassa zeýtun ýagyny berip, Huramyň köşgüni azyk bilen üpjün etdi. Süleýman her ýyl şol zatlary Hurama ibererdi+. 12  Ýehowa⁠-⁠da wada berişi ýaly, Süleýmana akyldarlyk berdi+. Huram bilen Süleýman ylalaşyk* baglaşyp, parahatlykda ýaşadylar. 13  Süleýman patyşa agyr işde işletmek üçin, Ysraýyldan 30 000 adam ýygnady+. 14  Süleýman olardan her aý 10 000 adamy gezekli⁠-⁠gezegine Liwana ibererdi. Olar bir aý Liwanda işläp, iki aý öýlerinde bolýardylar. Işçilere Adonyram+ gözegçilik edýärdi. 15  Süleýmanyň 70 000 sany ýük daşaýan işçisi, 80 000 sany dagda daş ýonýan+ işçisi bardy+. 16  Süleýmanyň işçileriniň üstünden 3 300 gözegçi goýlupdy+. 17  Olar patyşanyň buýrugy bilen, ullakan, gymmatbaha daşlary+ gazyp alyp, Hudaýyň öýüniň düýbüni tutmak üçin+, daş ýonýardylar+. 18  Süleýman bilen Huramyň işçileri we geballylar+ daş ýonup, Hudaýyň öýüni gurmak üçin daş hem⁠-⁠de agaç taýýarladylar.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: Dawudy gowy görýärdi.
Ýa⁠-⁠da: äht.