1 Patyşalar 16:1—34

  • Ýehowanyň Başa çykaran hökümi (1—7)

  • Ysraýyl patyşasy Elah (8—14)

  • Ysraýyl patyşasy Zimri (15—20)

  • Ysraýyl patyşasy Omra (21—28)

  • Ysraýyl patyşasy Ahap (29—33)

  • Hyýal Ýerihony dikeldýär (34)

16  Ýehowa Hananýaryň+ ogly Ýehuw+ arkaly Başa patyşa garşy şeýle sözleri aýtdy:  «Sen hiç kimdiň*, emma men seni ysraýyl halkyma baştutan+ edip goýdum. Sen bolsa Ýerobgamyň ýaman ýolundan ýöräp, ysraýyl halkyma günä etdirdiň. Olar günä edip+, göwnüme degdiler.  Şonuň üçin Nebatyň ogly Ýerobgamyň maşgalasyny ýok edişim ýaly+, Başanyň tutuş maşgalasyny hem ýok ederin.  Başanyň maşgalasynyň şäherde ölenlerini itler iýer, açyk meýdanda ölenleri guşlara şam bolar».  Başanyň durmuşynda bolan başga⁠-⁠da wakalar, eden işleri we şan⁠-⁠şöhraty hakda Ysraýyl patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr.  Soňra Başa aradan çykyp, Tirsada+ jaýlandy, ýerine ogly Elah patyşa boldy.  Başa Ýerobgamyň maşgalasy ýaly, Ýehowanyň ýigrenýän işlerine baş goşup, Hudaýyň göwnüne degdi, Nadaby hem öldürdi+. Şol sebäpli Ýehowa Hananýaryň ogly Ýehuw pygamber arkaly Başa we maşgalasyna garşy hökümini aýtdy.  Ýahuda patyşasy Asanyň hökümdarlygynyň 26⁠-⁠njy ýylynda, Başanyň ogly Elah Tirsada Ysraýylyň patyşasy boldy. Ol iki ýyl höküm sürdi.  Bir gün Elah Tirsada köşgüň işlerine seredýän emeldary Arsanyň öýünde serhoş bolup otyrdy. Şonda Zimri atly hyzmatkäri Elaha garşy dildüwşük gurady. Zimri söweş arabaly goşunyň ýarysynyň baştutanydy. 10  Zimri gelip, Elahy öldürdi⁠-⁠de+, ýerine özi patyşa boldy. Şol waka Ýahuda patyşasy Asanyň hökümdarlygynyň 27⁠-⁠nji ýylynda bolupdy. 11  Zimri patyşa bolup, tagta çykan badyna, Başanyň tutuş maşgalasyny gyrdy. Ol Başanyň dogan⁠-⁠garyndaşlarynyň*, dost⁠-⁠ýarlarynyň birine⁠-⁠de rehim etmän, ähli erkek göbeklisini öldürdi. 12  Zimri Başanyň bütin maşgalasyny gyrdy. Şeýdip, Ýehowanyň Ýehuw pygamber arkaly Başa barada aýdan sözi berjaý boldy+. 13  Sebäbi Başa we ogly Elah günä edip, dereksiz butlary+ bilen Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň göwnüne degipdi, halka⁠-⁠da günä etdiripdi. 14  Elahyň durmuşynda bolan başga⁠-⁠da wakalar, ähli eden işleri hakda Ysraýyl patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 15  Ýahuda patyşasy Asanyň hökümdarlygynyň 27⁠-⁠nji ýylynda, ysraýyl esgerleri piliştlileriň Gibeton şäherini+ gabap ýörkä, Zimri Tirsada patyşa boldy. Ol ýedi gün höküm sürdi. 16  Şäheriň daşyny gaban esgerler Zimriniň patyşany öldürendigini eşitdiler. Şol gün olar* düşelgede goşunbaşy Omrany+ Ysraýylyň patyşasy edip bellediler. 17  Omra esgerleri* bilen Gibetondan gaýdyp, Tirsanyň daşyny gabady. 18  Zimri bolsa şäheriň basylyp alnandygyny görüp, köşgüň diňine çykdy⁠-⁠da, köşgi otlap, içinde ýanyp öldi+. 19  Şol zatlar Zimriniň eden we Ysraýyla etdiren günäleri sebäpli bolupdy. Ol Ýerobgamyň ýaman ýolundan ýöräp, Ýehowanyň öňünde erbet işleri edipdi+. 20  Zimriniň durmuşynda bolan başga⁠-⁠da wakalar we guran dildüwşügi hakda Ysraýyl patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 21  Şondan soň ysraýyl halky ikä bölündi. Olaryň ýarysy Gynatyň ogly Tibniniň tarapyna geçip, ony patyşa etmekçi boldy, ýarysy bolsa Omranyň tarapyny tutdy. 22  Ýöne Omranyň tarapyny tutanlar Gynatyň ogly Tibniniň tarapyna geçenlerden üstün çykdy. Şeýlelikde, Tibni öldi, Omra bolsa patyşa boldy. 23  Ýahuda patyşasy Asanyň hökümdarlygynyň 31⁠-⁠nji ýylynda, Omra Ysraýylyň patyşasy bolup, 12 ýyl hökümdarlyk etdi. Ol Tirsada alty ýyl höküm sürdi. 24  Omra patyşa Şemerden iki batman* kümşe Samariýa dagyny satyn alyp, şäher gurdy. Ol dagyň eýesi Şemere hormat hökmünde şäheriň adyna Samariýa*+ goýdy. 25  Omra Ýehowanyň öňünde erbet işleri edýärdi, erbetlik etmekde öňki patyşalardan⁠-⁠da geçirdi+. 26  Ol Ysraýyla günä etdiren Nebatyň ogly Ýerobgamyň ýaman ýolundan ýöräp, dereksiz butlary bilen Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň göwnüne degdi+. 27  Omranyň durmuşynda bolan başga⁠-⁠da wakalar, eden işleri we görkezen edermenlikleri hakda Ysraýyl patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 28  Omra aradan çykyp, Samariýada jaýlandy, ýerine ogly Ahap+ patyşa boldy. 29  Ýahuda patyşasy Asanyň hökümdarlygynyň 38⁠-⁠nji ýylynda, Omranyň ogly Ahap Ysraýylyň patyşasy boldy. Ol Samariýada+ Ysraýylyň üstünden 22 ýyl höküm sürdi. 30  Omranyň ogly Ahap Ýehowanyň ýigrenýän işlerine baş goşup, ýamanlyk etmekde öňki patyşalardan⁠-⁠da geçirdi+. 31  Ol Nebatyň ogly Ýerobgamyň eden günälerini+ gaýtalady. Muny hem az görýän ýaly, sidonlylaryň+ patyşasy Etbagalyň gyzy Izabele+ öýlenip, Bagala sežde edip+ başlady. 32  Soňra ol Samariýada Bagal üçin buthana+ gurup, Bagala gurbanlyk ojagyny* ýasady. 33  Ahap keramatly pürs*+ hem ýasady. Ol Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň göwnüne degip, erbet işleri etmekde Ysraýylyň öňki patyşalaryndan has⁠-⁠da geçirdi. 34  Ahabyň höküm sürýän döwri beýtelli Hyýal Ýerihony gaýtadan dikeltdi. Ol şäheriň düýbüni tutanda nowbahar ogly Abyramdan, derwezelerini oturdanda bolsa körpe ogly Segupdan aýryldy. Şonda Ýehowanyň Nun ogly Ýuşa arkaly aýdan sözi+ berjaý boldy.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: Men seni toprakdan galdyrdym.
Ýa⁠-⁠da: ar alýan garyndaşlarynyň.
Sözme⁠-⁠söz: tutuş Ysraýyl.
Sözme⁠-⁠söz: ysraýyllar.
Manysy: Şemeriň tiresine degişli.
Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.