1 Patyşalar 1:1—53

  • Dawut bilen Abyşaga (1—4)

  • Adonyýar tagty eýelejek bolýar (5—10)

  • Natan bilen Batşebanyň aýgytly hereketi (11—27)

  • Dawut Süleýmany patyşa edýär (28—40)

  • Adonyýar gurbanlyk ojagynyň ýanynda (41—53)

1  Dawut patyşa garrap+, ýaşy bir çene ýetipdi. Üstüni näçe basyrsalar⁠-⁠da, ýylnyp bilmeýärdi.  Hyzmatkärleri: «Patyşahym, rugsat berseňiz, size sereder ýaly bir gyz tapaly. Goý, ol ýanyňyzda ýatyp, sizi ýylatsyn» diýdiler.  Şeýlelikde, olar tutuş Ysraýyldan owadan gyz gözlediler. Ahyry şunemli+ Abyşagany+ tapyp, patyşanyň ýanyna getirdiler.  Ol juda owadan gyzdy. Abyşaga Dawut patyşanyň ýanynda bolup, hyzmat edip başlady. Emma patyşa Abyşaga ýanaşmaýardy*.  Şol wagtlar Haggytyň ogly Adonyýar+ hondanbärsi bolup: «Men patyşa bolaryn!» diýip öwünýärdi. Onuň şa arabasy bilen atlylary bardy, 50 sany nöker* hem tutunypdy+.  Kakasy bolsa oňa hiç hili gaty⁠-⁠gaýrym söz aýtmazdy*, edenine däl diýmezdi. Adonyýar Abselimden soň doglupdy, özem örän görmegeýdi.  Ol Seruýanyň ogly Ýowap we Abyýatar+ ruhany bilen maslahatlaşardy, olaram ony goldap, kömek ederdiler+.  Emma Sadyk+ ruhany, Ýehoýadanyň ogly Binaýa+, Natan pygamber+, Şimeý+, Reý we Dawudyň gaýduwsyz esgerleri+ Adonyýary goldamaýardy.  Bir gün Adonyýar En⁠-⁠rogeliň golaýynda duran Sohelet daşynyň ýanynda goýunlary, öküzleri, semiz mallary gurbanlyk berdi+. Şonda ol doganlaryny, patyşanyň ähli ogullaryny we Dawut patyşa hyzmat edýän ýahudalary çagyrdy. 10  Ýöne Natan pygamberi, Binaýany, Dawudyň gaýduwsyz esgerlerini we dogany Süleýmany çagyrmady. 11  Şonda Natan+ Süleýmanyň ejesi+ Batşeba+ şeýle diýdi: «Haggytyň ogly Adonyýaryň+ patyşa bolanyny eşitdiňmi? Dawut patyşanyň bolsa mundan habaram ýok. 12  Indi berjek maslahatyma gulak goý, özüňi hem⁠-⁠de ogluň Süleýmany halas et+. 13  Dawut patyşanyň ýanyna baryp: „Patyşahym, sen gyrnagyňa: „Menden soň ogluň Süleýman patyşa bolup, tagta çykar“+ diýip söz beripdiň*. Onda näme üçin Adonyýar patyşa boldy?“ diý. 14  Patyşa bilen gepleşip durkaň, men hem baryp, aýdanlaryňy tassyklaryn». 15  Batşeba patyşanyň ýanyna gidip, ýatan otagyna girdi. Patyşa garrapdy, oňa şunemli Abyşaga+ seredýärdi. 16  Batşeba baş egip, patyşa tagzym etdi. Patyşa: «Näme haýyşyň bar?» diýip sorady. 17  Batşeba: «Hojaýyn, sen gyrnagyňa: „Menden soň ogluň Süleýman patyşa bolup, tagta çykar“+ diýip, Ýehowa Hudaýyň adyndan ant içipdiň. 18  Indi bolýan zatlara seret! Adonyýar patyşa boldy, şa hezretleriniň bolsa mundan habaram ýok+. 19  Adonyýar birgiden öküzleri, semiz mallary, goýunlary gurbanlyk berip, patyşanyň ähli ogullaryny, Abyýatar ruhany bilen Ýowap goşunbaşyny çagyrypdyr+, guluň Süleýmany bolsa çagyrmandyr+. 20  Patyşahym, tutuş Ysraýyl gözüni saňa dikip otyr. Olar şa hezretleriniň özünden soň kimi tagta çykarjakdygyny bilesi gelýär. 21  Eger aýtmasaň, sen aradan çykanyňdan soň, olar meni⁠-⁠de, oglum Süleýmany⁠-⁠da duşman hasaplar» diýdi. 22  Batşeba patyşa bilen gepleşip durka, Natan pygamber geldi+. 23  Şonda: «Natan pygamber geldi» diýip, patyşa habar berdiler. Natan pygamber içerik girdi⁠-⁠de, patyşanyň öňünde dyza çöküp, tagzym etdi. 24  Soňra ol: «Patyşahym, siz: „Menden soň Adonyýar patyşa bolup, tagta çykar“+ diýdiňizmi? 25  Ol birgiden öküzleri, semiz mallary, goýunlary gurbanlyk bermäge+ gidip, patyşanyň ähli ogullaryny, serkerdeleri, Abyýatar ruhanyny çagyrypdyr+. Olar: „Ýaşasyn Adonyýar patyşa!“ diýip, Adonyýar bilen iýip⁠-⁠içip otyrlar. 26  Emma ol ne meni*, ne Sadyk ruhany bilen Ýehoýadanyň ogly Binaýany+, ne⁠-⁠de guluňyz Süleýmany çagyrdy. 27  Eger ähli zat patyşanyň emri bilen bolýan bolsa, şa hezretleri özünden soň kimiň tagta çykjakdygyny maňa* näme üçin aýtmadyka?» diýdi. 28  Şonda Dawut: «Batşebany çagyryň» diýdi. Batşeba içerik girip, patyşanyň huzurynda durdy. 29  Patyşa ant içip: «Meni ähli bela⁠-⁠beterlerden halas eden Ýehowa Hudaý+ diri şaýatdyr, 30  saňa Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň adyndan ant içip: „Menden soň ogluň Süleýman patyşa bolup, tagta çykar“ diýip beren sözümi şu günüň özünde ýerine ýetirerin» diýdi. 31  Batşeba baş egip, tagzym etdi⁠-⁠de: «Ömrüň uzak bolsun, patyşahym!» diýdi. 32  Şonda Dawut patyşa: «Sadyk ruhanyny, Natan pygamberi, Ýehoýadanyň+ ogly Binaýany+ çagyryň» diýdi. Olar patyşanyň huzuryna geldiler. 33  Patyşa: «Köşkdäki hyzmatkärleri ýanyňyza alyň⁠-⁠da, oglum Süleýmany meniň gatyryma mündürip+, Gihona+ äkidiň. 34  Şol ýerde Sadyk ruhany bilen Natan pygamber Süleýmany Ysraýyla patyşa bellesin*+. Sizem surnaý* çalyň⁠-⁠da: „Ýaşasyn Süleýman patyşa!“ diýip gygyryň+. 35  Soňra Süleýmany bärik getirip, tagtymda oturdyň. Ol meniň ýerime patyşa bolar. Men ony Ysraýyla hem Ýahuda baştutan edip goýaryn» diýdi. 36  Şonda Ýehoýadanyň ogly Binaýa: «Patyşahym, aýdyşyňyz ýaly ederis!* Goý, şa hezretleriniň Hudaýy Ýehowa işimizi oňlasyn! 37  Ýehowa şa hezretlerini goldaýşy ýaly, Süleýmany⁠-⁠da goldasyn!+ Süleýmanyň tagtyny Dawut patyşamyzyň tagtyndan⁠-⁠da beýgeltsin!»+ diýdi. 38  Şeýlelikde, Sadyk ruhany, Natan pygamber, Ýehoýadanyň ogly Binaýa+, keretler bilen peletler*+ Süleýmany Dawut patyşanyň gatyryna mündürip+, Gihona+ äkitdiler. 39  Sadyk ruhany çadyrdan+ ýagly gaby*+ aldy⁠-⁠da, Süleýmanyň başyna ýag guýdy+. Soňra surnaý çalyp başladylar. Tutuş halk: «Ýaşasyn Süleýman patyşa!» diýip gygyrdy. 40  Adamlar gargy tüýdük çalyp, şatlyk⁠-⁠şowhun bilen Süleýmanyň yzyna düşüp gaýtdylar. Olaryň şowhunly seslerinden ýer sarsyp gitdi*+. 41  Adonyýar bilen myhmanlar hem şowhunly sesleri eşitdi, şol wagt olar ýaňy çörek iýip bolupdy+. Ýowap surnaý sesini eşidip: «Şäherdäki goh⁠-⁠galmagal nämekä?» diýdi. 42  Ol heniz gepläp durka, Abyýatar ruhanynyň ogly Ýonatan+ geldi. Adonyýar: «Gel, özüň⁠-⁠ä gowy adam, gowy habaram getirensiň» diýdi. 43  Ýonatan şeýle diýdi: «Ýok, getiren habarym⁠-⁠a gowy däl. Şa hezretleri Dawut öz ýerine Süleýmany patyşa belledi. 44  Patyşa Süleýmanyň ýanyna Sadyk ruhanyny, Natan pygamberi, Ýehoýadanyň ogly Binaýany, keretler bilen peletleri* goşup goýberdi. Olar Süleýmany patyşanyň gatyryna mündürip äkitdiler+. 45  Sadyk ruhany bilen Natan pygamber Süleýmany Gihonda patyşa bellediler. Soňra olar şatlyk⁠-⁠şagalaň edip, yzlaryna geldiler. Şu wagt tutuş şäheriň ilaty begenip, baýram edip ýör. Olaryň sesini eşidensiňiz. 46  Süleýman şa tagtynda otyr. 47  Emeldarlar bolsa Dawut patyşany gutlap: „Goý, Hudaý Süleýmanyň adyny seniňkiden⁠-⁠de has arşa galdyrsyn! Tagtyny seniňkiden⁠-⁠de beýgeltsin!“ diýdiler. Patyşa ýatan ýerinden dikelip, tagzym etdi. 48  Soňra patyşa: „Ysraýyl Hudaýy Ýehowa şöhrat bolsun! Bu gün ol oglumy meniň ýerime tagta çykardy, muny öz gözüm bilen görmek miýesser etdi!“ diýdi». 49  Şonda Adonyýaryň çagyran myhmanlary gorkudan ýaňa sandyraşyp, ýerinden turdular⁠-⁠da, hersi öz ýoly bilen gitdiler. 50  Adonyýar bolsa Süleýmandan gorkup, gurbanlyk ojagynyň* ýanyna bardy⁠-⁠da, şahlaryndan ýapyşdy+. 51  Süleýmana: «Adonyýar Süleýman patyşadan gorkusyna gurbanlyk ojagynyň şahlaryndan ýapyşyp dur. Ol: „Süleýman patyşa meni* öldürmejekdigine söz bersin“ diýýär» diýip habar berdiler. 52  Şonda Süleýman: «Eger ol özüni gowy alyp barsa, saçynyň ýekeje tary hem gaçmaz. Namartlyk edäýse welin+, başy ölümlidir» diýdi. 53  Süleýman patyşa adam iberip, Adonyýary gurbanlyk ojagyndan getirtdi. Adonyýar gelip, Süleýmana tagzym etdi. Süleýman bolsa: «Bar, öýüňe gaýt» diýdi.

Çykgytlar

Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.
Sözme⁠-⁠söz: öňünden ylgar ýaly adam. Patyşanyň arabasynyň öňünden ylgaýan esgerler göz öňünde tutulýar.
Ýa⁠-⁠da: käýemezdi.
Ýa⁠-⁠da: ant içipdiň.
Sözme⁠-⁠söz: men guluňyzy.
Sözme⁠-⁠söz: guluna.
Sözme⁠-⁠söz: ýag guýup bellesin.
Şahdan edilen surnaý göz öňünde tutulýar.
Sözme⁠-⁠söz: Omyn!
Dawudyň nökerleri göz öňünde tutulýar.
Ýa⁠-⁠da: içi ýagly şahy.
Sözme⁠-⁠söz: jaýryldy.
Dawudyň nökerleri göz öňünde tutulýar.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: guluny.