1 Şamuwel 7:1—17

  • Äht sandygy Kirýat⁠-⁠ýegarimde (1)

  • Şamuwel «diňe Ýehowa gulluk etmäge» höweslendirýär (2—6)

  • Ysraýyllaryň Mispadaky ýeňşi (7—14)

  • Şamuwel Ysraýyla kazylyk edýär (15—17)

7  Kirýat⁠-⁠ýegarimliler Ýehowanyň äht sandygyny baýyrlykda ýaşaýan Abynadabyň öýüne+ äkitdiler. Ogly Algazary bolsa Ýehowanyň äht sandygyna garawul edip goýdular*.  Äht sandygynyň Kirýat⁠-⁠ýegarime gelenine ep⁠-⁠esli wagt, ýagny 20 ýyl bolupdy. Bütin ysraýyl halky Ýehowany agtaryp başlady+.  Şamuwel olara: «Ýehowa bütin ýüregiňiz+ bilen dolanjak bolsaňyz, araňyzdan başga taňrylary+, Aştoret butlaryny+ aýryň. Ýüregiňizi doly Ýehowa berip, diňe oňa gulluk ediň+. Ol hem sizi piliştlileriň elinden halas eder»+ diýdi.  Şeýlelikde, ysraýyllar Bagal we Aştoret butlaryny ýok edip, diňe Ýehowa gulluk edip başladylar+.  Soňra Şamuwel: «Halky Mispa+ ýygnaň, siziň üçin Ýehowa doga edeýin»+ diýdi.  Ysraýyllar Mispa ýygnandylar. Olar guýudan suw alyp, Ýehowanyň öňünde ýere dökdüler⁠-⁠de, şol gün agyz beklediler+. Olar: «Biz Ýehowa garşy günä etdik»+ diýdiler. Şamuwel Mispada halka kazylyk edip başlady+.  Ysraýyllaryň Mispa üýşendigini eşidip, piliştli hanlar+ ysraýyllara garşy söweşe çykdy. Ysraýyllar muny eşidip gorkdular.  Olar Şamuwele: «Ýehowa Hudaýymyza dileg et, goý, ol dadymyza ýetişip, piliştlileriň elinden halas etsin»+ diýdiler.  Şamuwel bir guzyny tutuşlygyna Ýehowa ýakma gurbanlygy+ edip berdi. Ýehowany kömege çagyryp, ysraýyllar üçin dileg etdi, Ýehowa⁠-⁠da jogap berdi+. 10  Şamuwel ýakma gurbanlygyny berip durka, piliştliler ysraýyllara has golaý geldiler. Şol gün Ýehowa güýçli gök gürledip+, piliştlileri aljyraňňylyga saldy+, olar ysraýyllardan ýeňildi+. 11  Ysraýyllar Mispadan piliştlilere hüjüm edip, olary Beýtkaryň günortasyna çenli gyrdylar. 12  Şonda Şamuwel bir daşy+ Mispa bilen Ýeşanyň aralygynda goýdy⁠-⁠da: «Ýehowa bize hemişekisi ýaly kömek etdi»+ diýip, daşyň adyna Ebenezer* dakdy. 13  Söweşde ýeňlen piliştliler gaýdyp Ysraýyl ýurduna aýak basmadylar+. Şamuweliň döwründe Ýehowanyň eli mydama piliştlilere garşydy+. 14  Ysraýyllar piliştlileriň Ekrondan Gete çenli basyp alan şäherlerini yzyna aldylar. Olar öz ýurduny piliştlileriň elinden aldylar. Ysraýyllar amorlar+ bilen hem parahat ýaşadylar. 15  Şamuwel bütin ömrüne Ysraýylyň kazysy boldy+. 16  Ol her ýyl Beýtele+, Gilgala+ we Mispa+ aýlanyp, halka kazylyk ederdi. 17  Soňra öz öýüne, Rama+ gaýdyp gelerdi. Ol Ramada⁠-⁠da Ysraýyla kazylyk ederdi. Şamuwel şol ýerde Ýehowa üçin gurbanlyk ojagyny*+ gurdy.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: garawullamagy üçin mukaddes etdiler.
Manysy: Kömek daşy.
Sözlüge serediň.