1 Şamuwel 30:1—31

  • Amalekleriň Ziklaga çozmagy we otlamagy (1—6)

    • Dawut Hudaýdan teselli tapýar (6)

  • Dawudyň amalekleri gyrmagy (7—31)

    • Dawut ýesirleri azat edýär (18, 19)

    • Olja paýlaşmak hakda Dawudyň düzgüni (23, 24)

30  Üçünji gün diýlende, Dawut adamlary bilen Ziklaga+ geldi. Görseler, amalekler+ Negebe* we Ziklaga çozupdyr. Ziklagy ýer bilen ýegsan edip, otlapdyrlar.  Ýöne hiç kimi öldürmän, aýallary+, uludan⁠-⁠kiçä baryny ýesir alypdyrlar.  Dawut bilen adamlary gelip, şäheriň otlanandygyna, aýallaryň we çagalaryň ýesir äkidilendigine  ses edip aglaşdylar. Olar aglap⁠-⁠aglap güýçden gaçdylar.  Dawudyň iki aýaly: ýizregelli Aganogam bilen karmelli Nabalyň dul galan aýaly Abygaýyl hem ýesir alnypdy+.  Dawut halys tapdan düşdi, sebäbi ogul⁠-⁠gyzlaryndan aýra düşenine jany ýanyp duran halk ony daşlajak bolýardy. Emma Dawut Ýehowa Hudaýyndan teselli tapdy+.  Dawut Agamäligiň ogly Abyýatar+ ruhana: «Hany, öňlügi* getir»+ diýdi. Abyýatar öňlügi getirip berdi.  Dawut Ýehowadan+: «Talaňçylaryň yzyndan gideýinmi? Olary ele salyp bilerinmi?» diýip sorady. Hudaý: «Gidiber, olaryň yzyndan ýetip, ýesirleri azat edersiň»+ diýip jogap berdi.  Dawut haýal etmän 600 adamy+ bilen ýola düşdi. Besor jülgesine ýetenlerinde, adamlaryň käbiri şol ýerde galdy. 10  Dawut 400 adamy bilen talaňçylary kowalamagyny dowam etdi, 200 adam bolsa ýadap, Besor jülgesinden geçip bilmedi+. 11  Ýolda bir müsürlini tapyp, Dawudyň ýanyna getirdiler. Müsürlä suw, çörek, 12  injirli külçe*, iki sany kişmişli külçe berdiler. Ol iýip⁠-⁠içip, biraz özüne geldi, sebäbi üç günden bäri hiç zat datmandy. 13  Dawut: «Sen kimiň guly? Aslyň nireli?» diýip sorady. Ol: «Hojaýynym amaleklerden, özümem müsürli. Üç gün mundan öň syrkawlapdym, hojaýynym meni taşlap gitdi. 14  Biz keretleriň+ günortasyna, Ýahuda, Kalebiň+ günortasyna çozup, Ziklagy otlap gaýtdyk» diýdi. 15  Şonda Dawut: «Meni şol talaňçylaryň ýanyna äkidermiň?» diýdi. Ol: «Bolýar, ýöne meni öldürmejegiňe, hojaýynymyň eline bermejegiňe Hudaýyň adyndan ant iç» diýdi. 16  Şol müsürli Dawudy amalekleriň düşelgesine eltdi. Olar bolsa Pilişt ýurdundan we Ýahudadan köp olja alandyklaryna begenip, şadyhorramlyk edip otyrdylar. 17  Dawut daň atandan Gün ýaşýança olaryň baryny gyrdy. Düýeli gaçan 400 adamdan başga hiç kim diri galmady+. 18  Ol amalekleriň talan zatlaryny yzyna alyp+, iki aýalyny hem azat etdi. 19  Olaryň öý⁠-⁠içerisinden hiç kim, emläginden hiç zat kem çykmady. Ogul⁠-⁠gyzlaryny, mal⁠-⁠garalaryny alyp gaýtdylar+. Dawut olja alnan zatlarynyň baryny yzyna getirdi. 20  Ol amalekleriň mallaryny⁠-⁠da talap gaýtdy. Olary Dawudyň oljasy diýip, öz sürülerine goşup alyp gaýtdylar. 21  Soňra Dawut Besor jülgesinden+ geçip bilmedik 200 nökeriniň ýanyna bardy. Olar Dawudy we ýanyndakylary garşylamaga çykdylar. Dawut olar bilen görşüp, hal⁠-⁠ýagdaýlaryny sorady. 22  Emma Dawut bilen giden käbir päliýaman hem betnebis adamlar: «Olar biz bilen gitmedi, şonuň üçin oljadan hiç zat bermeris. Diňe aýallary bilen çagalaryny alyp gitsinler» diýdiler. 23  Dawut bolsa: «Doganlar, beýtmäň! Ähli zady Ýehowa berdi ahyryn. Ol üstümize dökülen talaňçylary elimize berip+, bizi halas etdi. 24  Siziň diýýäniňizi hiç kim makullamaz. Söweşe gidenlerem, goşda galanlaram deň paý alar+. Hemmelere deň paý berler»+ diýdi. 25  Şol günden soň Dawut muny Ysraýylda kanun we düzgün edip goýdy. 26  Dawut Ziklaga baryp, oljalardan käbir zatlary dostlaryna, Ýahuda ýaşulularyna iberip: «Ine, Ýehowanyň duşmanlaryndan alnan oljadan size paý* iberýärin!» diýdi. 27  Şeýlelikde, ol Beýtelde+, günorta* Ramotda, Ýaterde+, 28  Arogerde, Sipmotda, Eştemowada+, 29  Rakalda, ýerehmilleriň+ we kenleriň+ şäherlerinde, 30  Hormada+, Boraşanda, Atakda, 31  Hebronda+ ýaşaýan ýaşululara sowgat⁠-⁠serpaý iberdi. Dawut adamlary bilen şol ýerlerde bolupdy.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: günorta. Ýahudanyň günorta tarapy göz öňünde tutulýar.
Sözlüge serediň.
Kak edilen injir göz öňünde tutulýar.
Sözme⁠-⁠söz: bereket.
Ýa⁠-⁠da: Negepde ýerleşýän.