1 Şamuwel 3:1—21

  • Şamuwel — Hudaýyň pygamberi (1—21)

3  Ýaş Şamuwel Alynyň ýanynda Ýehowa hyzmat edýärdi+. Ýöne şol günler Ýehowadan kän habar gelmezdi, görnüş*+ hem berilmezdi.  Alynyň gözi kütelipdi, hiç zat görmeýärdi+. Bir gün ol uklap ýatyrdy.  Şamuwel bolsa Ýehowanyň äht sandygy goýlan ybadathanada*+ ýatyrdy. Hudaýyň öýündäki şem+ heniz söndürilmändi.  Şonda Ýehowa Şamuweli çagyrdy. Ol hem: «Diňleýärin!» diýdi.  Şamuwel Alynyň ýanyna ylgap baryp: «Näme, atam, çagyrdyňmy?» diýdi. Aly bolsa: «Ýok, çagyramok. Bar, ýatyber» diýdi. Şamuwel geçip ýatdy.  Ýehowa: «Şamuwel!» diýip, ýene çagyrdy. Şamuwel turup, Alynyň ýanyna bardy⁠-⁠da: «Aýdyber, atam. Meni çagyrdyň gerek?» diýdi. Aly bolsa: «Ýok, oglum, bar, ýatyber» diýdi.  Şamuwel heniz Ýehowany gowy tanamaýardy, Ýehowanyň habaryny eşidip görmändi+.  Ýehowa: «Şamuwel!» diýip, üçünji gezek çagyrdy. Şamuwel turup, Alynyň ýanyna bardy⁠-⁠da: «Aýdyber, atam. Meni çagyrdyňmy?» diýdi. Şonda Aly oglanjygy Ýehowanyň çagyrýandygyna düşündi.  Ol Şamuwele şeýle diýdi: «Git⁠-⁠de, ýat. Ol seni ýene çagyrsa: „Ýehowa, aýdyber, guluň diňleýär“ diý». Şamuwel hem gidip ýatdy. 10  Ýehowa öňküsi ýaly: «Şamuwel, Şamuwel!» diýip, ýene⁠-⁠de çagyrdy. Şamuwel: «Aýdyber, guluň diňleýär» diýdi. 11  Şonda Ýehowa: «Men Ysraýylda görlüp⁠-⁠eşidilmedik zat ederin, muny eşidenleriň ini tikenekläp gider*+. 12  Şol gün Ala we maşgalasyna çykaran hökümimi doly ýerine ýetirerin+. 13  Ala aýt, eden etmişi üçin tutuş hojalygyna hemişelik jeza bererin. Ol ogullarynyň Hudaýa dil ýetirýänini bilse⁠-⁠de+, temmi bermedi+. 14  Alynyň öý⁠-⁠içerisiniň günäsini hiç bir gurbanlyk ýa sadaka ýuwup bilmez+. Muny Alynyň öýündäkilere öňem aýdypdym» diýdi. 15  Soňra Şamuwel ýerine geçip ýatdy. Ertesi irden turup, Ýehowanyň öýüniň gapylaryny açdy. Ol gören görnüşini Ala aýtmaga gorkýardy. 16  Aly: «Şamuwel, oglum!» diýip çagyrdy. Şamuwel: «Aýdyber, atam» diýdi. 17  Aly: «Hudaý saňa näme diýdi? Oglum, menden hiç zat gizleme. Aýdanlarynyň ýekejesini ýaşyraýsaň, goý, Hudaý saňa has beterini görkezsin» diýdi. 18  Şonda Şamuwel hiç zat ýaşyrman, baryny bolşy ýaly gürrüň berdi. Aly: «Ýehowanyň islegi şeýledir, goý, ol aýdyşy ýaly etsin» diýdi. 19  Şamuwel ösüp kemala gelýärdi, Ýehowa hem ony goldaýardy+. Ol Şamuweliň aýdan sözleriniň hiç birini ýerine ýetirmän goýmady*. 20  Dandan Beýer⁠-⁠şeba çenli tutuş Ysraýyl Şamuweliň Ýehowanyň pygamberi bolandygyny bildi. 21  Ýehowa Şamuwele Şiloda görünmegini dowam etdi. Şamuwel Ýehowanyň habaryny eşidip, Ýehowany has gowy tanady+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýagny Ýehowanyň çadyry.
Sözme⁠-⁠söz: gulagy şaňlar.
Sözme⁠-⁠söz: ýere gaçyrmady.