1 Şamuwel 28:1—25

  • Şawul Endordaky jadygöý aýalyň öýünde (1—25)

28  Şol wagtlar piliştliler ysraýyllar bilen söweşmek üçin goşunlaryny ýygnadylar+. Akyş han Dawuda: «Senem adamlaryň bilen maňa goşulyp, söweşe gidersiň»+ diýdi.  Dawut: «Guluň mydama hyzmatyňa taýyndyr» diýdi. Şonda Akyş han: «Indiden beýläk meniň nökerim bolarsyň»+ diýdi.  Şamuwel eýýäm aradan çykypdy. Ysraýyllar Şamuweliň ýasyny tutup, dogduk şäheri Ramada jaýlapdylar+. Şawul bolsa jadygöýleri we bilgiçleri* ýurtdan kowupdy+.  Piliştliler ýygnanyşyp, Şunemde+ düşelge gurdular. Şawul hem ähli ysraýyllary ýygnap, Gilbowada+ düşelge gurdy.  Ol piliştlileriň goşunyny görüp, gorkudan ýaňa sandyrap başlady+.  Şawul Ýehowany näçe çagyrsa⁠-⁠da+, Ýehowa ne düýş, ne urym*+, ne⁠-⁠de pygamberler arkaly jogap berýärdi.  Ahyry ol hyzmatkärlerine: «Maňa bir jadygöý aýal tapyň+. Gidip, ondanam sorap göreýin» diýdi. Olaram: «Endorda+ bir jadygöý aýal⁠-⁠a bar» diýdiler.  Şawul özüni tanatmajak bolup, başga eşik geýdi⁠-⁠de, ýanyna iki adamy alyp, gije şol aýalyň öýüne gitdi. Şawul oňa: «Ruhlara ýüz tutup, pal at⁠-⁠da+, aýdan adamymy çagyryp ber» diýdi.  Emma jadygöý aýal: «Şawulyň jadygöýleri we bilgiçleri Ysraýyldan kowanyny bileňokmy?+ Meni duzaga düşürip, öldürtjek bolýan⁠-⁠a dälsiň?»+ diýdi. 10  Şonda Şawul Ýehowadan ant içip: «Ýehowa diri şaýatdyr, seni hiç kim günäkärlemez!» diýdi. 11  Jadygöý: «Kimi çagyryp bereýin?» diýip sorady. Şawul hem: «Şamuweli» diýdi. 12  Ol aýal «Şamuweli»*+ görende, çirkin gygyryp, Şawula: «Meni näme üçin aldadyň? Sen Şawul ekeniň⁠-⁠ä!» diýdi. 13  Patyşa: «Gorkma⁠-⁠da, näme görýäniňi aýt» diýdi. Jadygöý aýal: «Taňra meňzeş biri ýeriň astyndan çykyp gelýär» diýdi. 14  Şawul: «Sypaty nähili?» diýip sorady. Aýal: «Egni donly ýaşuly»+ diýip jogap berdi. Şawul onuň «Şamuweldigine» düşünip, ýüzüni ýere berip, tagzym etdi. 15  «Şamuwel» Şawula: «Meni çagyryp, näme üçin bimaza edýäň?» diýdi. Şawul: «Çykgynsyz ýagdaýa düşdüm. Üstüme piliştliler gelýär. Hudaý bolsa menden ýüz öwürdi, ne pygamber, ne⁠-⁠de düýş arkaly jogap berýär+. Näme etjegimi bilmän, seni çagyrdym»+ diýdi. 16  «Şamuwel» oňa: «Ýehowa senden el çekip+, duşmanyň bolan bolsa, maňa näme üçin ýüz tutýaň? 17  Ýehowa men arkaly aýdan zatlaryny eder. Ýehowa patyşalygy eliňden sogrup alyp, ýanyňdakylaryň birine, has dogrusy, Dawuda berer+. 18  Sen Ýehowa gulak asmadyň. Onuň gazabyny tutaşdyran amalekleri bütinleý ýok etmediň+. Şonuň üçin Ýehowa seni şu güne saldy. 19  Ýehowa seni⁠-⁠de, Ysraýyly⁠-⁠da piliştlileriň eline berer+. Ertir ogullaryň bilen meniň ýanymda bolarsyň+. Ýehowa Ysraýyl goşunyny hem piliştlileriň eline berer»+ diýdi. 20  Şawul «Şamuweliň» aýdan zatlaryndan gaty gorkup, ýüzinligine ýere ýykyldy. Şol gün gijesi bilen hiç zat iýmänsoň, halys ysgyndan gaçypdy. 21  Jadygöý aýal Şawulyň ýanyna gelip, öler ýaly gorkanyny görende: «Gyrnagyň haýyşyňy bitirdi, janyny howp astyna salyp+, aýdyşyň ýaly etdi. 22  Indi senem gyrnagyňy diňle. Saňa bir döwüm çörek bereýin. Yzyňa gaýtmaga güýjüň bolar ýaly, birki agyz iý» diýdi. 23  Emma Şawul: «Ýok, iýjek däl» diýdi. Ýöne hyzmatkärleri bilen jadygöý aýal ýalbaryp duransoň, ýerinden turdy⁠-⁠da, düşege geçip oturdy. 24  Jadygöý aýalyň gapysynda semiz gölesi bardy. Aýal derrew göläni soýdy⁠-⁠da, hamyr ýugrup, petir* bişirdi. 25  Soňra getirip, Şawul bilen hyzmatkärleriniň öňünde goýdy. Olar iýip⁠-⁠içip, gijäniň içinde ýola düşdüler+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň: Urym we tummym.
Jadygöý aýal Şamuweliň keşbine giren jyn⁠-⁠arwahy görýär.
Ýa⁠-⁠da: hamyrmaýasyz çörek.