1 Şamuwel 23:1—29

  • Dawudyň Kegila ilatyny halas edişi (1—12)

  • Şawul Dawudy yzarlaýar (13—15)

  • Dawudy ruhlandyran Ýonatan (16—18)

  • Dawut Şawuldan gaçýar (19—29)

23  Birnäçe wagtdan Dawuda: «Piliştliler Kegila+ çozup, harmanlary talap ýör» diýen habar geldi.  Dawut Ýehowadan+: «Piliştliler bilen söweşeýinmi?» diýip sorady. Ýehowa: «Hawa, olary gyr⁠-⁠da, Kegilany halas et» diýip jogap berdi.  Emma Dawudyň nökerleri: «Şu wagt gorkudan ýaňa Ýahudada+ zordan otyrys. Kegila baryp, piliştliler bilen nädip söweşeli?!»+ diýdiler.  Şonda Dawut Ýehowadan ýene⁠-⁠de sorap gördi+. Ýehowa: «Bar, Kegila git, piliştlileri eliňe bererin»+ diýdi.  Dawut nökerleri bilen Kegila gidip, piliştlileri derbi⁠-⁠dagyn etdi⁠-⁠de, mallaryny alyp gaýtdy. Şeýdip, ol Kegila+ ilatyny halas etdi.  Agamäligiň ogly Abyýatar+ Kegila, Dawudyň ýanyna gaçyp bardy, ol öňlügi* hem äkidipdi.  Şawula: «Dawut Kegila geldi» diýip habar berdiler. Şonda ol: «Hudaý Dawudy elime berdi+, ol derwezeli we gulply şähere girip, özüni tora düşüripdir» diýdi.  Şawul esgerlerini ýygnap, Dawut bilen nökerlerini ele salmak üçin Kegila gitdi.  Dawut Şawulyň hile guranyny bilip, Abyýatar ruhana: «Öňlügi getir»+ diýdi. 10  Soňra ol: «Ysraýyl Hudaýy Ýehowa, Şawul Kegila gelip, şäheri men sebäpli weýran etjekmiş+. 11  Kegilanyň baştutanlary* meni Şawulyň eline berermi? Eşidişim ýaly, Şawul bärik gelermi? Eý Ysraýyl Hudaýy Ýehowa, ýalbarýaryn, guluňa jogap ber» diýdi. Ýehowa: «Hawa, geler» diýip jogap berdi. 12  Şonda Dawut: «Kegilanyň baştutanlary meni adamlarym bilen Şawulyň eline berermi?» diýip sorady. Ýehowa: «Hawa, berer» diýip jogap berdi. 13  Dawut haýal etmän 600⁠-⁠e golaý adamy+ bilen Kegiladan çykyp, howpsuz ýere gaçdy. Şawul Dawudyň gaçanyny eşidip, Kegila gitmedi. 14  Dawut Zip+ çölündäki daglarda, barmasy kyn ýerlerde bolýardy. Şawul Dawudy näçe yzarlasa⁠-⁠da+, Ýehowa ony Şawulyň eline bermeýärdi. 15  Dawut Horeşiň Zip çölünde bolýan wagty hem Şawulyň öldürjek bolýandygyny eşitdi*. 16  Şawulyň ogly Ýonatan Horeşe, Dawudyň ýanyna bardy. Ol Dawudy ruhlandyryp, Ýehowa bil baglamaga höweslendirdi+. 17  Ýonatan Dawuda: «Gorkma, kakam seni tapmaz. Sen Ysraýylyň patyşasy+, menem weziriň* bolaryn, muny kakamam bilýändir»+ diýdi. 18  Soňra olar Ýehowanyň öňünde äht baglaşdylar+. Dawut Horeşde galdy, Ýonatan bolsa öýüne gaýtdy. 19  Biraz wagtdan Zibiň ýaşaýjylary Gibeýa+ baryp, Şawula: «Dawut golaýymyzdaky+ Horeşiň+ barmasy kyn ýerlerinde, Ýeşimonyň*+ günortasyndaky Hakyla baýyrlygynda+ gizlenip ýör. 20  Patyşahym, islän wagtyň geläý, ony eliňe bereris»+ diýdiler. 21  Şonda Şawul: «Goý, Ýehowa sizi ýalkasyn! Maňa ýüregiňiz awapdyr. 22  Baryň, onda Dawudyň bolýan ýerini doly anyklaň. Şol ýerde ony gören adam barmy, soraşdyryň. Eşidişime görä, ol örän mekirmiş. 23  Gizlenýän ýerini gowuja sorap⁠-⁠idäň⁠-⁠de, maňa belli bir habar getiriň. Şonda siz bilen giderin. Eger ol ýurduň içinde bolsa, Ýahudanyň her bir maşgalasyna* aýlanyp çykmaly bolsa⁠-⁠da, gözläp taparyn» diýdi. 24  Ýaňky adamlar ýola düşüp, Şawuldan öň Zibe+ bardylar. Şol wagt Dawut adamlary bilen Ýeşimonyň günortasynda ýerleşýän Arabanyň+ Magon+ çölündedi. 25  Şawul adamlary bilen Dawudyň gözlegine çykdy+. Dawut muny eşidip, Magon çölündäki gaýada+ gizlendi. Muny Şawula ýetirenlerinde, ol Dawudyň yzyndan Magon çölüne gitdi. 26  Şawul dagyň bäri tarapyndan bardy, Dawut bolsa adamlary bilen beýleki tarapyndady. Dawut arany açmak üçin gaçyp başlady+. Şawul bolsa ýanyndakylar bilen Dawuda we adamlaryna barha golaýlaşýardy, indi olary ele salaýmak galypdy+. 27  Emma biri gelip, Şawula: «Ýurda piliştliler çozdy, çaltrak yzyňa dolan!» diýip habar berdi. 28  Şonda Şawul Dawudy yzarlamagy goýup+, piliştliler bilen söweşmäge gitdi. Şol ýere Bölünme gaýasy diýýärler. 29  Dawut gaçyp, En⁠-⁠gediniň+ barmasy kyn ýerlerinde ýaşap başlady.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Başga manysy: ýer eýeleri.
Başga manysy: öldürmeginden gorkýardy.
Ýa⁠-⁠da: patyşalykda senden soňky adam.
Başga manysy: çölüň.
Sözme⁠-⁠söz: Ýahudanyň müňlerçesiniň arasyna.