1 Şamuwel 22:1—23

  • Dawut Adullam gowagynda we Mispada (1—5)

  • Şawul Nob galasyndaky ruhanylary öldürýär (6—19)

  • Abyýatar gaçyp gidýär (20—23)

22  Dawut ol ýerden gaýdyp+, Adullam gowagynda gizlendi+. Doganlary we tutuş maşgalasy muny eşidip, Dawudyň ýanyna geldiler.  Gaýgy⁠-⁠aladadan, bergiden ýadan we durmuşdan doýan adamlar Dawudyň ýanyna ýygnandy. Dawut olara baş boldy. Olar 400⁠-⁠e golaý adamdy.  Soňra Dawut Mowapda ýerleşýän Mispa gidip, Mowap patyşasyna+: «Hudaý ýolumy açýança, enem⁠-⁠atam siziň ýanyňyzda ýaşaýsyn» diýdi.  Şeýdip, ol ene⁠-⁠atasyny Mowap patyşasynyň ýanynda goýup gaýtdy. Dawut gowakda gizlenýärkä, ene⁠-⁠atasy Mowapda ýaşady+.  Birnäçe wagtdan Gad pygamber+ Dawuda: «Gowakda ýaşap ýörme⁠-⁠de, Ýahuda+ git» diýdi. Şonda Dawut Heret tokaýyna gitdi.  Şawul Dawut bilen adamlarynyň bolýan ýerini bildi. Şol wagt ol nökerlerini daşyna üýşürip, Gibeýadaky+ depede ýylgynyň aşagynda otyrdy, elinde⁠-⁠de naýzasy bardy.  Şawul olara: «Eý benýaminler, sözüme gulak asyň. Ýessäniň+ ogly size mellek, üzümlik berip, müňbaşy, ýüzbaşy edip bellär öýdýäňizmi?+  Baryňyz maňa garşy dil düwşüpsiňiz! Bagrymdan önen oglumyň Ýessäniň ogly bilen äht baglaşanyny bilseňizem, aýtmansyňyz+. Maňa hiç kimiň ýüregi awanok. Oglum hyzmatkärimi maňa garşy öjükdiripdir, emma muny duýduran adam bolmady. Ol bolsa indi meniň kastyma çykyp ýör» diýdi.  Şonda Şawulyň hyzmatkärleriniň baştutany edomly Döwek+: «Ýessäniň ogluny Nobda gördüm. Ol Ahytubyň+ ogly Agamäligiň ýanyna bardy. 10  Agamälik Dawut üçin Ýehowa dileg edip, soňra iýip⁠-⁠içer ýaly zat berdi. Piliştli Jalutyň gylyjynam berip goýberdi»+ diýdi. 11  Patyşa dessine Nob galasyna adam iberip, Ahytubyň ogly Agamälik ruhanyny we atasynyň hojalygyndaky ähli ruhanylary getirtdi. Olar patyşanyň huzuryna gelip durdular. 12  Şawul: «Eý Ahytubyň ogly, aýtjak zatlarymy diňle!» diýdi. Ol: «Diňleýärin, hökümdarym» diýip jogap berdi. 13  Şawul: «Näme üçin Ýessäniň ogly bilen maňa garşy dil düwşüpsiň? Oňa çörek, gylyç beripsiň, onuň üçin Hudaýa dilegem edipsiň. Ol maňa garşy baş göterip, kastyma çykyp ýör» diýdi. 14  Şonda Agamälik: «Patyşahym, hyzmatkärleriň arasynda Dawut ýaly ynamdar adam barmy?+ Ol şanyň giýewsi+, garawullaryň baştutany, hojalygyňda sylanýan adam+. 15  Men öňem Dawut üçin Hudaýa dileg edýärdim⁠-⁠ä+. Saňa garşy dil düwüşmek pikirimde⁠-⁠de ýokdy! Patyşahym, guluňy, atamyň hojalygyny aýyplama. Guluň hiç zatdan habary ýokdy»+ diýdi. 16  Patyşa bolsa: «Agamälik, seniň bilen ataň hojalygynyň+ jezasy ölümdir!»+ diýdi. 17  Soňra patyşa nökerlerine: «Ýehowanyň ruhanylaryny öldüriň! Sebäbi olar Dawuda goşuldy, gaçanyny bilselerem, maňa aýtmadylar» diýdi. Emma nökerleriň hiç biriniň Ýehowanyň ruhanylaryny öldürmäge eli barmady. 18  Şonda patyşa Döwege+: «Ruhanylary sen öldür!» diýdi. Edomly+ Döwek dessine olary öldürip başlady. Şol gün ol zygyr* matadan öňlük* geýýän 85 ruhanyny öldürdi+. 19  Soňra ruhanylaryň ýaşaýan Nob şäherindäki+ ähli erkekleri, aýallary we çagalary gylyçdan geçirdi. Öküzleri, eşekleri, goýunlary⁠-⁠da gyrdy. 20  Ahytubyň agtygy, Agamäligiň ogly Abyýatar+ Dawudyň ýanyna gaçyp, başyny gutardy. 21  Ol Dawuda: «Şawul Ýehowanyň ruhanylaryny öldürdi» diýip habar berdi. 22  Şonda Dawut: «Şol gün+ edomly Döwegi görenimde, Şawula ýetirjegini bilýärdim⁠-⁠le. Wah, men seniň ataň öý⁠-⁠içerisiniň ölümine sebäp boldum. 23  Ýöne gorkma, ýanymda gal. Seniň kastyňa çykanlar, meniň kastyma çykandyr, seni goraryn»+ diýdi.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.