1 Şamuwel 16:1—23

  • Şamuweliň Dawudy patyşa belleýşi (1—13)

    • «Ýehowa ýürege seredýär» (7)

  • Hudaýyň ruhunyň Şawuldan aýrylmagy (14—17)

  • Dawut Şawulyň sazandasy (18—23)

16  Ahyrsoňy Ýehowa Şamuwele: «Sen haçana çenli Şawul sebäpli hasrat çekip ýörjek?+ Şawuly Ysraýyl patyşalygyndan aýyrdym+. Hany, gabyňy* ýagdan doldur⁠-⁠da+, ýola düş. Seni beýtullahamly Ýessäniň+ ýanyna iberjek, Ýessäniň bir ogluny patyşa edip saýladym»+ diýdi.  Emma Şamuwel: «Men nädip gideýin? Şawul eşidäýse, meni öldürer ahyryn»+ diýdi. Şonda Ýehowa: «Bir göläni äkit⁠-⁠de: „Ýehowa gurbanlyk bermäge geldim“ diýäý.  Gurbanlyk berjek ýeriňe Ýessäni hem çagyr. Näme etmelidigiňi soň aýdaryn. Kimi görkezsem, şony patyşa bellärsiň»+ diýdi.  Şamuwel Ýehowanyň aýdyşy ýaly etdi. Ol Beýtullahama+ baranda, şäheriň ýaşululary gorkup: «Agam, eýgilikmi?» diýip soradylar.  Şamuwel: «Hawa, Ýehowa gurbanlyk bermäge geldim. Tämizleniň⁠-⁠de, meniň bilen gurbanlyk bermäge geliň» diýdi. Soňra ol Ýesse bilen ogullaryny tämizläp, mukaddes etdi⁠-⁠de, gurbanlyk beriljek ýere çagyrdy.  Olar gelende, Şamuwel Alyýaby+ görüp: «Ine Ýehowanyň saýlany şu bolmaly» diýdi.  Emma Ýehowa: «Onuň boý⁠-⁠syratyna, daýawlygyna seretme+, men ony saýlamadym. Hudaýyň garaýşy adamyňky ýaly däldir. Adam daş keşbe seredýär, Ýehowa ýürege seredýär»+ diýdi.  Soňra Ýesse Abynadaby+ Şamuweliň ýanyna getirdi. Ýöne Şamuwel: «Ýehowa muny saýlamady» diýdi.  Soňra Ýesse Şammaýy+ getirdi, emma Şamuwel: «Ýehowa muny hem saýlamady» diýdi. 10  Şeýdip, Ýesse Şamuwele ýedi oglunam görkezdi, ýöne ol: «Ýehowa olaryň hiç birini saýlamady» diýdi. 11  Şamuwel Ýesseden: «Başga⁠-⁠da ogluň barmy?» diýip sorady. Ol: «Hawa, körpe oglum bar+, goýun bakyp ýör»+ diýip jogap berdi. Şonda Şamuwel: «Adam iber⁠-⁠de, ony getirt. Gelýänçä, saçak başyna geçmeris» diýdi. 12  Ýesse adam iberip, ogluny getirtdi. Ol saryýagyz*, gözleri owadan, görmegeý oglandy+. Şonda Ýehowa: «Ine meniň saýlanym! Bar, ýag guý⁠-⁠da, ony belle»+ diýdi. 13  Şamuwel ýagly gaby+ alyp, doganlarynyň öňünde Dawudyň başyna ýag guýdy. Şol gün Dawudyň üstüne Ýehowanyň ruhy inip, oňa güýç⁠-⁠kuwwat berip başlady+. Şamuwel bolsa biraz wagtdan Rama gaýtdy+. 14  Ýehowanyň ruhy Şawuldan aýrylypdy+. Ýehowa Şawuly erbet pikirler bilen kösedi*+. 15  Şonda hyzmatkärleri: «Patyşahym, Hudaý sizden elini çekdi. Indi janyňyz rahatlyk tapanok. 16  Goý, hyzmatkärler ussat sazanda tapsyn+. Hudaý sizi ynjalykdan gaçyranda, ol arfada saz çalyp, göwnüňizi açar» diýdiler. 17  Şawul: «Onda gaýrat edip, ökde sazanda tapyp geliň» diýdi. 18  Hyzmatkärleriň biri: «Wiý, ýogsa⁠-⁠da, beýtullahamly Ýessäniň ogly ökde sazanda eken. Ol batyrgaý, gaýduwsyz+, dilewar hem görmegeý ýigit+, Ýehowa⁠-⁠da ony goldaýar»+ diýdi. 19  Şawul Ýessäniň ýanyna adam ýollap: «Çopan ogluň Dawudy bärik iber»+ diýdi. 20  Ýesse çörek bilen bir meşik şeraby, bir owlagy eşege ýükläp, ogly Dawudy Şawulyň ýanyna iberdi. 21  Dawut Şawulyň huzurynda hyzmat edip başlady+. Şawul Dawudy gowy görüp, ýarag göterýän nökeri etdi. 22  Ol Ýessä habar ýollap: «Dawut hyzmatymda galsyn, ol göwnümden turdy» diýdi. 23  Hudaý Şawuly ynjalykdan gaçyranda, Dawut arfasyny alyp, saz çalardy. Şonda Şawulyň ýüregi giňäp, göwni açylardy, erbet pikirleri hem aýrylardy+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: malyň şahyny.
Sözme⁠-⁠söz: gyrmyzy ýaňakly.
Sözme⁠-⁠söz: Ýehowadan gelen zalym ruh ony kösedi.