1 Şamuwel 15:1—35

  • Şawul Agagy öldürmeýär (1—9)

  • Şamuwel Şawuly ýazgarýar (10—23)

    • «Gulak asmak ähli gurbanlykdan gowudyr» (22)

  • Şawulyň patyşalykdan aýrylmagy (24—29)

  • Şamuwel Agagy öldürýär (30—35)

15  Soňra Şamuwel Şawula: «Ýehowa seni ysraýyl halkyna patyşa bellemek üçin, meni ýanyňa iberdi+. Ýehowanyň sözüni diňle+.  Serkerdebaşy Ýehowa şeýle diýýär: „Amalekler ysraýyllara eden ýamanlyklary üçin jogap berer. Ysraýyllar Müsürden çykyp gelýärkä, amalekler olaryň üstüne çozdular+.  Git⁠-⁠de, amalekleri derbi⁠-⁠dagyn edip+, mal⁠-⁠mülki bilen bütinleý ýok et+. Birine⁠-⁠de haýpyň gelmesin, aýal⁠-⁠erkek, çaga, öküz, goýun, düýe ýa eşek diýmän, baryny gyr“»+ diýdi.  Şawul Telaýymda goşuny ýygnap sanady. Ýahudadan 10 000 esger, ysraýylyň galan taýpalaryndan bolsa 200 000 pyýada esger çykdy+.  Şawul amalekleriň şäherine ýetip, jülgäniň ýanynda nökerleri bilen bukuda ýatdy.  Ol kenlere+: «Amalekler bilen heläk bolmaz ýaly, olaryň ýanyndan aýrylyň+. Ysraýyl halky Müsürden çykyp gelýärkä, siz olara ýagşylyk edipdiňiz*»+ diýdi. Olaram amalekleriň ýanyndan aýryldy.  Şawul amalekleri+ Hawyladan+ Müsüriň gabadyndaky Şura+ çenli derbi⁠-⁠dagyn etdi.  Ol amalek patyşasy Agagy+ diriligine ele saldy, galanlaryny gylyçdan geçirdi+.  Şawul bilen nökerleri dözmezçilik edip, Agagy öldürmediler, maýda mallaryň, sygyrlaryň iň gowusyny, semiz mallary, goçlary we başga⁠-⁠da gowy zatlary ýok etmediler+, diňe derde ýaramaýan zatlary ýok etdiler. 10  Ýehowa Şamuwele: 11  «Şawuly patyşa edenime ökünýärin*, ol sözümi berjaý etmän, ýolumdan sowuldy»+ diýdi. Muny eşidip, Şamuwel gaty gynandy. Ol uzak gije Ýehowany çagyryp, dady⁠-⁠perýat etdi+. 12  Ertesi ir bilen Şawuly görmäge gitjek bolanda, Şamuwele: «Şawul Karmele+ baryp, özüne ýadygärlik oturtdy+, soňam aşak Gilgala gitdi» diýip habar berdiler. 13  Şamuwel baranda, Şawul: «Ýehowa seni ýalkasyn! Men Ýehowanyň aýdyşy ýaly etdim» diýdi. 14  Şamuwel bolsa: «Gulagyma goýunlaryň, sygyrlaryň sesi eşidilýär⁠-⁠le»+ diýdi. 15  Şawul: «Olary amaleklerden alyp gaýtdyk. Nökerlerim goýunlaryň, sygyrlaryň iň gowusyny öldürmäge dözmedi, olary Ýehowa Hudaýyňa gurbanlyk bermäge getirdik, galanlaryny öldürdik» diýdi. 16  Şonda Şamuwel: «Besdir! Saňa Ýehowanyň öten agşam diýen zadyny aýdaýyn»+ diýdi. Şawul: «Aýdyber!» diýdi. 17  Şamuwel sözüni dowam edip: «Ýehowa seni patyşa belläp+, ysraýyl taýpalaryna baş etdi, şonda özüňi mynasybam görmändiň+. 18  Ýehowa saňa: „Git⁠-⁠de, azgyn amalekleri derbi⁠-⁠dagyn et+. Olaryň üstüne çozup, baryny gyr“+ diýip tabşyrdy. 19  Ýehowanyň sözüne näme üçin gulak asmadyň? Olja göz gyzdyryp+, Ýehowanyň ýigrenýän işini etdiň» diýdi. 20  Şawul bolsa: «Men Ýehowanyň sözüne gulak asdym⁠-⁠a! Ýehowanyň tabşyryşy ýaly gidip, amalek patyşasy Agagy ýesir aldym. Amalekleri derbi⁠-⁠dagyn etdim+. 21  Ýöne adamlar oljadan goýunlaryň, sygyrlaryň iň gowusyny Gilgalda Ýehowa Hudaýyňa gurbanlyk bermäge alyp gaýtdylar»+ diýdi. 22  Şonda Şamuwel: «Ýehowa nämäni has gowy görýändir öýdýäň: ýakma gurbanlyk bilen sadakalarymy+ ýa⁠-⁠da sözüne gulak asmagy? Ýehowa gulak asmak ähli gurbanlykdan gowudyr, Hudaýa tabyn bolmak goçlaryň ýagyndan gowudyr+. 23  Boýnuýogynlyk etmek*+ palçylyk+ ýaly, gopbamsylyk etmek jadygöýlik bilen butparazlyk* ýaly günädir. Sen Ýehowanyň sözüne gulak asmadyň+, şonuň üçin ol hem seni patyşalykdan aýyrýar»+ diýdi. 24  Şawul bolsa: «Men günä etdim, Ýehowanyň tabşyrygyny bozdum, saňa⁠-⁠da gulak asmadym. Adamlardan gorkup, olaryň aýdanyny etdim. 25  Ýalbarýaryn, günämi geç. Ýör, bile yzymyza gaýdaly, men Ýehowa tagzym etjek»+ diýdi. 26  Emma Şamuwel: «Ýok, men seniň bilen gitjek däl, sen Ýehowanyň tabşyrygyna gulak asmak islemediň, indi Ýehowa⁠-⁠da seniň Ysraýylyň patyşasy bolmagyňy islemeýär»+ diýdi. 27  Şamuwel gitjek bolup yzyna öwrülende, Şawul onuň donunyň etegine ýapyşdy, ýöne don elinden sypyp gitdi. 28  Şonda Şamuwel: «Şu gün Ýehowa Ysraýyl patyşalygyny eliňden gaňryp aldy. Ol patyşalygy senden has gowy birine berer+. 29  Onsoňam, Ysraýylyň Şöhratlysy+ ýalan sözlemez+ ýa pikirini üýtgetmez*. Ol pikirini üýtgeder ýaly ynsan däldir»+ diýdi. 30  Şawul: «Men günä etdim. Ýalbarýaryn, meni ýaşulularyň, halkyň öňünde masgara etme. Ýör, bile yzymyza gaýdaly, Ýehowa Hudaýyňa tagzym edeýin»+ diýdi. 31  Şonda Şamuwel onuň bilen gitdi. Şawul Ýehowa tagzym etdi. 32  Soňra Şamuwel: «Amalek patyşasy Agagy getiriň» diýdi. Agag onuň ýanyna ýaýdana⁠-⁠ýaýdana* bardy, sebäbi ol içinden: «Indi⁠-⁠hä meni öldürmeseler gerek*» diýip otyrdy. 33  Şamuwel Agaga: «Sen gylyjyň bilen eneleri çagalaryndan mahrum etdiň. Indi öz ejeň hem perzendinden mahrum bolup, bagtygara aýal bolsun» diýip, ony Gilgalda Ýehowanyň huzurynda gylyçdan geçirdi+. 34  Soňra Şamuwel Rama gitdi, Şawul bolsa öýüne Gibeýa gaýtdy. 35  Şamuwel galan ömrüne Şawuly görmedi, ol Şawul sebäpli hasrat çekip gezdi+. Ýehowa⁠-⁠da Şawuly Ysraýyla patyşa bellänine ökündi+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: wepaly söýgi bildiripdiňiz.
Ýa⁠-⁠da: gynanýaryn.
Ýa⁠-⁠da: Gozgalaň turuzmak.
Maşgala butlaryna çokunmak göz öňünde tutulýar. Sözlüge serediň: Maşgala butlary.
Ýa⁠-⁠da: ökünmez.
Başga manysy: arkaýyn.
Ýa⁠-⁠da: Ölüm ajysy başymdan sowlandyr.