1 Şamuwel 13:1—23

  • Şawulyň goşuny (1—4)

  • Şawulyň tekepbirligi (5—9)

  • Şamuwel Şawuly ýazgarýar (10—14)

  • Ýaragsyz ysraýyllar (15—23)

13  Şawul patyşa bolanda...*+ ýaşyndady. Ol Ysraýylda iki ýyl hökümdarlyk edip,  soňra halkdan 3 000 nöker saýlady. Olardan 2 000 nöker Şawul bilen Mikmaşda we Beýteliň daglarynda, 1 000 nöker bolsa Benýamin topragynda ýerleşýän Gibeýada+ Ýonatanyň+ ýanynda bolýardy. Beýleki adamlary Şawul öýli⁠-⁠öýüne iberdi.  Ýonatan piliştlileriň+ Gebadaky+ goşunyny derbi⁠-⁠dagyn etdi, muny piliştlileriň ählisi eşitdi. Şawulam: «Ýewreýler, eşitdim⁠-⁠eşitmedim diýmäň!» diýip, ýurtda surnaý* çaldyryp+, jar çekdirdi.  Şeýlelikde, «Şawul piliştlileriň goşunyny derbi⁠-⁠dagyn edipdir. Indi ysraýyllar piliştlileriň ganym duşmany boldy» diýen habar tutuş ýurda ýaýrady. Şol sebäpli bütin halk Gilgala, Şawulyň ýanyna ýygnandy+.  Piliştliler hem ysraýyllar bilen söweşmek üçin ýygnandy. Olaryň 30 000 söweş arabasy, 6 000 atlysy we deňiz çägesi deý ummasyz köp esgeri bardy+. Olar Beýtaweniň+ gündogaryndaky Mikmaşda düşelge gurdular.  Ysraýyllar abanýan howpy görüp aljyradylar, gorkudan ýaňa gowaklarda, çukurlarda, gaýalarda, ýerzeminlerde we guýularda gizlendiler+.  Ýewreýleriň käbiri Iordandan geçip, Gad we Gilead+ topragyna gaçdy. Emma Şawul Gilgalda galdy, nökerleri gorkudan sandyraşyp otyrdy.  Ol Şamuweliň geljek diýen wagtyna çenli ýedi gün garaşdy, ýöne Şamuwel Gilgala gelmedi. Şawulyň nökerleri dargaşyp başlady.  Ahyry Şawul: «Maňa ýakma gurbanlygyny we parahatlyk gurbanlyklaryny getiriň» diýdi. Şeýdip, ol ýakma gurbanlygyny berdi+. 10  Şawul ýakma gurbanlygyny berip bolan badyna, Şamuwel geldi. Şawul ony garşylamaga çykdy. 11  Şonda Şamuwel: «Eden zadyň näme?» diýdi. Şawul bolsa: «Sen wagtynda gelmediň+, ýanymdaky adamlar dargap başlady. Piliştlilerem Mikmaşa ýygnanypdyr+. 12  Şonuň üçin: „Piliştliler Gilgala gelip, üstüme çozar, men bolsa heniz Ýehowany razy etmedim“ diýip, ýakma gurbanlygyny berdim» diýdi. 13  Şonda Şamuwel: «Sen akmaklyk etdiň. Ýehowa Hudaýyň tabşyrygyna gulak asmadyň+. Gulak asan bolsaň, Ýehowa seni we nesliňi Ysraýylda ebedilik patyşa edip goýardy. 14  Indi patyşalygyň uzak durmaz+. Ýehowa göwnüne ýaraýan başga birini saýlar+. Ýehowa ony halkyna baştutan eder+, sebäbi sen Ýehowanyň tabşyrygyna gulak asmadyň»+ diýdi. 15  Şamuwel Gilgaldan Benýamin topragyndaky Gibeýa tarap ýola düşdi. Şawul bolsa nökerlerini sanady, ýanynda 600⁠-⁠e golaý adam bardy+. 16  Şol wagt Şawul bilen ogly Ýonatan we nökerleri Benýamin topragyndaky Gebada+ ýaşaýardy. Piliştliler bolsa Mikmaşda+ düşelge gurupdy. 17  Olar hüjüme geçmek üçin düşelgeden üç topar bolup çykdylar. Birinji topar Şugaldaky Opra gidýän ýola düşdi. 18  Ikinjisi Beýthorona+, üçünjisi serhede barýan ýola düşdi. Şol serhetden Sebogim jülgesi görünýärdi, aňyrsy bolsa çöldi. 19  Şol wagtlar Ysraýylda ýekeje⁠-⁠de demir ussasy ýokdy, sebäbi piliştliler ýewreýlere gylyç we naýza ýasamaga rugsat bermeýärdi. 20  Ysraýyllar azalyny, kätmenini, paltasyny we oragyny ýiteltmek* üçin piliştlileriň ýanyna barmaly bolýardy. 21  Azallary, kätmenleri, üç dişli çarşaklary, paltalary ýiteltmek we çişiň* ujuny ýasatmak üçin bir teňňe* tölemelidi. 22  Şol sebäpli söweş güni Şawul bilen ogly Ýonatanyň ýanyndaky nökerlerde ne gylyç, ne⁠-⁠de naýza bardy+, diňe Şawul bilen Ýonatan ýaraglydy. 23  Piliştlileriň goşuny bolsa Mikmaş geçelgesine gelipdi+.

Çykgytlar

Asyl nusgada ýaşy görkezilmeýär.
Şahdan edilen surnaý göz öňünde tutulýar.
Ýa⁠-⁠da: çarhlamak; çaldyrmak.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: pim. Gadymy ölçeg birligi; takmynan 8 g kümüş. Goşmaça maglumata serediň: B14.