1 Şamuwel 1:1—28

  • Alkana bilen aýallary (1—8)

  • Hanna ogul dileýär (9—18)

  • Şamuweliň dogulmagy we Ýehowa berilmegi (19—28)

1  Efraýymyň+ daglarynda ýerleşýän Ramataýym⁠-⁠sopymda+ Alkana+ atly adam ýaşaýardy. Ol Ýerohamyň ogly, Alyhuwyň agtygy, Tohuwyň çowlugy, efraýymlardan Zubuň ýuwlugydy.  Alkananyň Hanna we Peninna atly iki aýaly bardy. Peninnanyň çagalary bardy, emma Hannanyň çagasy bolmaýardy.  Alkana her ýyl Serkerdebaşy Ýehowa sežde edip, gurban bermek üçin Şilo giderdi+. Alynyň iki ogly Hopny bilen Pinehas+ şol ýerde Ýehowanyň ruhanysy bolup hyzmat edýärdi+.  Bir gün Alkana Hudaýa gurban berende, aýaly Peninna bilen ogul⁠-⁠gyzlaryna gurbanlykdan paý berdi+.  Ol Hanna aýratyn paý berdi, sebäbi ony has gowy görýärdi, ýöne Ýehowa Hanna çaga berenokdy.  Üstesine⁠-⁠de, Alkananyň beýleki aýaly Ýehowanyň çaga bermeýändigini Hannanyň ýüzüne basyp, hemişe kemsidýärdi.  Her ýyl Ýehowanyň öýüne gidenlerinde+, Peninna Hannany şeýle bir kemsidýärdi welin, ol aglap, çöregem iýmeýärdi.  Äri Alkana bolsa: «Hanna, näme üçin hiç zat iýmän, aglap otyrsyň? Näme özüňi beýle horlaýaň? Men saňa on oguldan hem artyk dälmi?» diýdi.  Şiloda iýip içenlerinden soň, Hanna turup gitdi. Şol wagt Aly ruhany Ýehowanyň ybadathanasynyň*+ agzynda oturgyçda otyrdy. 10  Hanna gaýgy⁠-⁠hasratdan ýaňa gözünden boýur⁠-⁠boýur ýaş döküp, Ýehowa doga edip başlady+. 11  Ol: «Eý Serkerdebaşy Ýehowa, çekýän hasratymy görüp, meni ýatla. Ýehowa, gyrnagyňy unutman, bir ogul berseň+, oglumy saňa bereýin. Ol bütin ömrüne saňa gulluk eder, başyna päki degmez»+ diýip söz berdi. 12  Hanna ep⁠-⁠esli wagt Ýehowa doga etdi, Aly bolsa ony synlap otyrdy. 13  Hanna içinden doga edensoň, sesi eşidilmän, diňe agzy gymyldaýardy. Aly ruhany Hanna serhoşdyr öýdüp: 14  «Içgili halyňa bärde näme işleýäň? Bar, serhoşlygyňdan açylyp gel» diýdi. 15  Hanna bolsa: «Wah, atam, meniň başym agyr dertli. Men içgili däl, Ýehowa ýüregimi dökýärin+. 16  Gyrnagyňa dereksiz aýaldyr öýtme, häliden bäri Hudaýa gaýgy⁠-⁠aladamy, derdimi aýdyp durun» diýdi. 17  Şonda Aly: «Bolýar, arkaýyn gidiber. Goý, Ysraýyl Hudaýy dilegiňi eşitsin»+ diýdi. 18  Hanna bolsa: «Hoş sözleriň üçin sag bol, atam!» diýdi. Hanna gidip, iýip içdi. Şondan soň ol gamgyn bolmady. 19  Ertesi ir bilen turup, Ýehowa sežde etdiler, soňra Rama+ öýlerine gaýtdylar. Alkana aýaly Hanna ýanaşdy*, Ýehowa Hanna nazar saldy*+. 20  Hanna göwreli bolup, bir ýyl geçip⁠-⁠geçmänkä*, ogul dogurdy. Ol: «Ýehowadan diläp alan oglum» diýip, adyna Şamuwel* dakdy+. 21  Aradan birnäçe wagt geçdi. Alkana bütin maşgalasy bilen Ýehowa her ýylky gurbanlygyny+ we wada beren sadakasyny bermäge gitdi. 22  Hanna bolsa öýde galdy+. Ol Alkana: «Men entek gitmäýin, oglum süýtden aýrylsyn, soňra ony Ýehowanyň öýünde* hemişelik goýup gaýdaryn»+ diýdi. 23  Alkana: «Bolýar, çaga süýtden aýrylýança galyber. Goý, Ýehowa isleýşiň ýaly etsin!» diýdi. Şeýdip, Hanna ogly süýtden aýrylýança, öýde galdy. 24  Çaga süýtden aýrylan badyna, Hanna üçýaşar öküz, bir çuwal* un, uly küýze şerap+ alyp, ogluny Şilo+ äkitdi. Ol ogly bilen Ýehowanyň Şilodaky öýüne bardy. 25  Öküz soýlandan soň, oglanjygy Aly ruhanynyň ýanyna eltdiler. 26  Şonda Hanna: «Atam, ýadyňa düşýän bolsa, men şu ýerde Ýehowa doga edipdim+. 27  Ine şu oglanjyk üçin dileg etdim, Ýehowa⁠-⁠da dilegimi eşitdi+. 28  Indi oglumy Ýehowa berýärin. Goý, ol bütin ömrüne Ýehowa gulluk etsin» diýdi. Soňra ol* Ýehowa tagzym etdi.

Çykgytlar

Ýagny Ýehowanyň çadyry.
Jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.
Sözme⁠-⁠söz: Hannany ýada saldy.
Başga manysy: bellenen wagtda.
Manysy: Hudaýyň ady.
Sözme⁠-⁠söz: huzurynda.
Bir çuwal takmynan 22 l. Goşmaça maglumata serediň: B14.
Alkana göz öňünde tutulýan bolmaly.