Ýewreýler 3:1—19

  • Isa Musadan beýik (1—6)

    • Ähli zady ýaradan Hudaý (4)

  • Iman hakda duýduryş (7—19)

    • «Şu gün siz onuň sesini eşitseňiz» (7, 15)

3  Göge çagyrylan mukaddes doganlar+, Isa hakda oýlanyň. Siz Isany resul we baş ruhany hökmünde kabul etdiňiz+.  Musanyň Hudaýyň bütin öýüne wepaly bolşy ýaly+, Isa hem Hudaýa wepalydy+.  Öýi guranyň öýden has köp abraýa eýe bolşy ýaly, Isa hem Musadan has köp şan⁠-⁠şöhrata mynasyp boldy+.  Elbetde, öýi ussa gurýar, ýöne ähli zady Hudaý ýaratdy.  Musa Hudaýyň tutuş öýüne wepaly hyzmat edip, gelejekde mälim ediljek zatlary suratlandyrdy*.  Mesih hem Atasynyň öýünde wepaly oguldyr+. Eger biz hem soňuna çenli umydymyza berk ýapyşyp, oňa şatlansak, ol hakda çekinmän* gürrüň bersek, Hudaýyň öýi bolarys+.  Mukaddes ruh şeýle diýýär+: «Şu gün siz onuň sesini eşitseňiz,  onda ýüregiňizi gatadyp, ata⁠-⁠babalaryňyz ýaly gaharyny getirmäň, çöldäki ýaly synamaň+.  Ata⁠-⁠babalaryňyz 40 ýyllap çölde eden işlerimi görseler⁠-⁠de, meni synapdylar+. 10  Şonuň üçin men tutuş nesli ýigrenip: „Olar hemişe öz bilenini edýär, ýollarymdan ýöremek islemeýär“ diýdim. 11  Şonda men gaharlanyp: „Olar meniň bilen dynç almaz“ diýip ant içipdim»+. 12  Doganlar, seresap boluň! Ýüregiňizde zalymlyk we imansyzlyk ornaşyp, Biribardan daşlaşaýmaň+. 13  Häzir «şu gün»+ diýilýän wagt, şonuň üçin her gün biri⁠-⁠biriňizi ruhlandyryň. Günäniň aldawyna düşüp, ýüregiňizi gatatmaň. 14  Eger biz başdaky ynamy soňuna çenli berk saklasak, Mesih bilen bile bolarys+. 15  Sebäbi Hudaý: «Şu gün siz onuň sesini eşitseňiz, onda ýüregiňizi gatadyp, ata⁠-⁠babalaryňyz ýaly gaharyny getirmäň»+ diýipdi. 16  Hudaýyň sesini eşidip, gaharyny getiren kim? Eýsem Musa bilen Müsürden çykanlaryň ählisi Hudaýyň gaharyny getirmedimi?+ 17  Onsoňam, Hudaý 40 ýyllap kimi ýigrendi?+ Eýsem jesetleri çölde galan günäkärleri dälmi?+ 18  «Meniň bilen dynç almaz» diýip, Hudaý kim hakda ant içipdi? Eýsem gulak asmadyk adamlar hakda dälmi? 19  Görşümiz ýaly, olar imansyzlygy üçin Hudaý bilen dynç alyp bilmediler+.

Çykgytlar

Ýa⁠-⁠da: zatlara şaýatlyk etdi.
Sözlüge serediň: Batyrgaý geplemek.