Ýewreýler 12:1—29

  • Isa Mesih imanymyzyň Kämilleşdirijisi (1—3)

    • Uly bulut kimin şaýatlar (1)

  • Ýehowanyň terbiýesinden boýun gaçyrmaň (4—11)

  • Dyzyňyza güýç⁠-⁠kuwwat beriň (12—17)

  • Gökdäki Iýerusalim (18—29)

12  Bizi uly bulut kimin gurşap alýan şeýle şaýatlar köpdür. Şonuň üçin egnimizdäki her bir ýüki we aňsatlyk bilen çolaşdyrýan günäni taşlap+, öňümizdäki ýolda çydamly ylgalyň+.  Geliň, imanymyzyň Baş Ýolbaşçysy we Kämilleşdirijisi Isadan gözümizi aýyrmalyň+, sebäbi ol öňünde goýlan şatlyk üçin masgaraçylyga çydap, jebir pürsündäki* ölüme döz geldi. Soňra ol Hudaýyň tagtynyň sag tarapynda oturdy+.  Geliň, ýadap ruhdan düşmez ýaly+, öz⁠-⁠özüne garşy gidýän günäkärleriň erbet sözlerine çydan adam+ hakda oýlanalyň.  Siz günä garşy söweşde heniz gan döküp göreşmediňiz.  Siz Hudaýyň ogullary kimin berlen şu öwüt⁠-⁠ündewi bütinleý unutdyňyz: «Oglum, Ýehowanyň* terbiýesinden boýun gaçyrma, ol seni düzedende ruhdan düşme.  Sebäbi Ýehowa* söýýänini terbiýeleýär, ogly hökmünde kabul edýänine temmi⁠-⁠de berýär*»+.  Görýän görgüleriňize terbiýe hökmünde garap, çydamly boluň. Hudaý sizi öz ogullary hasaplaýar+. Eýsem ogluna terbiýe bermeýän ata barmy?+  Eger Hudaý size terbiýe bermeýän bolsa, onda siz hakyky ogullar däl⁠-⁠de, nikasyz doglan çagalarsyňyz.  Onsoňam, ýerdäki atamyz näçe terbiýe berse⁠-⁠de, oňa hormat goýýardyk. Onda gökdäki* Atamyza gulak asyp, has⁠-⁠da köp hormat goýmaly dälmi näme?+ 10  Biraz wagtlyk bolsa⁠-⁠da, ýerdäki atamyz dogry hasaplaýan zatlaryna görä terbiýe beripdi. Emma Hudaý bize has⁠-⁠da peýdaly terbiýe berip, özi ýaly mukaddes etmek isleýär+. 11  Dogrudan⁠-⁠da, temmi berlende adam başda begenmän, gynanýandyr, ýöne terbiýe alan adam dogruçyl bolup, parahat ýaşaýar*. 12  Şonuň üçin ysgyndan gaçan eliňize we dyzyňyza güýç⁠-⁠kuwwat beriň+. 13  Agsaýan aýagyňyz birden çykaýmasyn, gaýtam sagalsyn. Şonuň üçin hemişe dogry ýoldan ýöräň+. 14  Ähli adamlar bilen parahat ýaşamaga+ we mukaddes bolmaga jan ediň+. Sebäbi mukaddes bolmadyk adam Halypamyzy* görüp bilmez. 15  Hudaýyň ýagşylygyndan mahrum bolmaz ýaly seresap boluň. Araňyzdan zäherli kök ýaly adamlar çykyp, kynçylyk döredäýmesin we köpiňizi zäherläýmesin*+. 16  Araňyzda ahlaksyzlyk* edýän we nowbaharlyk hakyndan ýüz öwrüp, bir tabak nahara çalşan Ysaw ýaly mukaddes zatlaryň gadyryny bilmeýän adam bolmasyn+. 17  Bilşiňiz ýaly, Ysaw miras berilýän ak patany soň almak islese⁠-⁠de, oňa berilmedi. Ol kakasynyň gelen kararyny üýtgetjek bolup, köp gözýaş dökse⁠-⁠de+, maksadyna ýetmedi. 18  Siz görnüp duran daga+, alawlap ýanýan daga+, gara buluda, tüm⁠-⁠garaňkylyga we apy⁠-⁠tupana+ golaýlaşan dälsiňiz. 19  Surnaýyň+ we gepleýäniň sesini+ eşiden dälsiňiz. Adamlar onuň sesini eşidenlerinde, indi geplemesin diýip ýalbarypdylar+. 20  Sebäbi olar: «Daga aýak basan haýwany⁠-⁠da daşlap öldürmelidir»+ diýen tabşyrykdan juda gorkdular. 21  Musa hem gören zatlaryndan gorkup: «Men gorkudan ýaňa titreýärin»+ diýipdi. 22  Emma siz Sion dagyna+, Biribaryň şäheri gökdäki Iýerusalime+ we on müňlerçe perişdeleriň ýygnanan ýerine ýakynlaşdyňyz. 23  Şeýle⁠-⁠de gökde atlary ýazylan+, ýagny ilkinji doglanlaryň ýygnagyna, hemmeleriň Kazysy bolan Hudaýa+, mukaddes ruhdan doglup+, kämillige ýeten dogruçyllaryň ýaşaýan ýerine+, 24  täze ähtiň+ araçysy Isa+ we üstümize sepilen gana golaýlaşdyňyz. Şol gan Habylyň dökülen ganyndan has gowudyr*+. 25  Gepleýäne gulak asmakdan boýun gaçyrmaň! Ýer ýüzünde Hudaýyň beren duýduryşyny diňlemediklere jeza berlen bolsa, ol gökden geplände diňlemesek, jezadan asla gaçyp bilmeris+. 26  Şol wagt Hudaýyň sesi ýer ýüzüni sarsdyrypdy+, emma häzir ol: «Men ýene bir gezek diňe ýeri däl, gögi hem sarsdyraryn»+ diýip wada berdi. 27  «Ýene bir gezek» diýen jümle sarsan zatlaryň ýok ediljekdigini görkezýär, sebäbi Hudaý olary ýaratmandy. Emma sarsmadyk zatlar ýok edilmez. 28  Biz sarsmajak Patyşalyga eýe bolarys, şonuň üçin mundan beýläk hem Hudaýyň ýagşylygyny datjak bolalyň. Biz onuň ýagşylygy arkaly gorky we titreme bilen Hudaýa ýaraýan mukaddes gullugy berjaý ederis. 29  Sebäbi biziň Hudaýymyz ýakyp ýandyrýan otdur+.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: gamçylaýar.
Ýa⁠-⁠da: ruhy ýaşaýşy berýän.
Ýa⁠-⁠da: dogruçyllygyň parahatlyk miwesini getirýär.
Grekçe «Kirios». Şu titul Hudaýa⁠-⁠da degişli.
Ýa⁠-⁠da: hapalaýmasyn.
Sözlüge serediň.
Sözme⁠-⁠söz: gowy gepleýändir.