Ýahýa 16:1—33

  • Şägirtleriň öldürilmegi mümkin (1—4a)

  • Mukaddes ruhuň täsiri (4b—16)

  • Şägirtleriň gam⁠-⁠gussasy şatlyga öwrüler (17—24)

  • Isa dünýäni ýeňdi (25—33)

16  Men şu zatlary imanyňyz gowşamaz* ýaly aýdýaryn.  Adamlar sizi sinagogadan kowarlar+. Şeýle bir günler geler: sizi öldüren adam+ Hudaýa gulluk edýändirin öýder.  Olar şeýle işleri Atany⁠-⁠da, meni⁠-⁠de tanamaýandyklary üçin ederler+.  Şol günler gelende, aýdanlarym ýadyňyza düşer+. Men şol zatlary başda aýtmandym, sebäbi siziň ýanyňyzdadym.  Indi meni Ibereniň ýanyna barýaryn+. Ýöne hiç biriňiz: „Nirä barýarsyň?“ diýip soramadyňyz.  Meniň aýdýan sözlerim sebäpli gam⁠-⁠gussa batdyňyz+.  Bilip goýuň, meniň gitmegim size peýdaly bolar. Eger gitmesem, kömekçi+ ýanyňyza gelmez, ýöne gitsem, ony size ibererin.  Kömekçi gelip, dünýäniň günäsini paş eder, dogruçyllygy we Hudaýyň hökümini mälim eder.  Ilki bilen, günäni paş eder+, sebäbi adamlar maňa iman etmediler+. 10  Soňra meniň dogruçyl işleri edendigimi düşündirer, sebäbi men Atamyň ýanyna barýaryn, meni gaýdyp görmersiňiz. 11  Ahyrynda bolsa Hudaýyň hökümini mälim eder, sebäbi şu dünýäniň hökümdaryna höküm çykaryldy+. 12  Size aýtmaly zadym köp, ýöne häzir olara düşünmersiňiz. 13  Emma hakykaty açjak mukaddes ruhy alanyňyzda+, ol size hakykata doly düşünmäge kömek eder. Ýöne ol öz⁠-⁠özünden däl, Hudaýyň aýdanlaryny öwreder we boljak zatlary yglan eder+. 14  Ol meni şöhratlandyrar+, sebäbi menden eşidenlerini size yglan eder+. 15  Atamyň ähli zady meniňkidir+. Şonuň üçin hem kömekçi menden eşidenlerini yglan eder diýdim. 16  Ýene biraz wagtdan meni görmersiňiz+, ýöne biraz wagtdan soňra ýene görersiňiz». 17  Şägirtleriň käbiri biri⁠-⁠birlerine şeýle diýişdiler: «Isa näme üçin: „Biraz wagtdan meni görmersiňiz, ýöne biraz wagtdan soňra ýene görersiňiz“ diýýärkä? Ol: „Men Atamyň ýanyna barýaryn“ diýip, nämäni göz öňünde tutduka?» 18  Olar: «„Ýene biraz wagt“ diýip, näme diýjek bolduka? Aýdanyna düşünmedik⁠-⁠le» diýdiler. 19  Isa olaryň sorag berjek bolýandyklaryny bilip, şeýle diýdi: «Siz: „Ýene biraz wagtdan meni görmersiňiz, ýöne biraz wagtdan soňra ýene görersiňiz“ diýen sözlerimiň manysyny biri⁠-⁠biriňizden soraýaňyzmy? 20  Size hakykaty aýdýaryn, siz dady⁠-⁠perýat edersiňiz, dünýä bolsa şatlanar. Siz gam⁠-⁠gussa batarsyňyz, ýöne gam⁠-⁠gussaňyz şatlyga öwrüler+. 21  Aýal çaga dogurjak wagty azap çekýändir, ýöne çagany dünýä indirensoň, çeken azabyny unudýandyr. Şonda ol begenýär, sebäbi perzendi dünýä indi. 22  Siz hem häzir hasrat çekýärsiňiz. Ýöne meni ýene göreniňizde, ýürekden şatlanarsyňyz+, şatlygyňyzy hiç kim alyp bilmez. 23  Şol gün menden hiç zat soramarsyňyz. Size hakykaty aýdýaryn, meniň adym bilen+ Atamdan näme dileseňiz+, ol size berer. 24  Şu wagta çenli meniň adym bilen hiç zat dilemediňiz. Diläň, size berler, şatlygyňyza şatlyk goşular. 25  Men ähli zady mysallar bilen düşündirdim. Şeýle wagt geler, men mysallar bilen düşündirmän, Atam hakda açyk aýdaryn. 26  Şol gün Atamdan meniň adym bilen dilärsiňiz. Siziň üçin Atamdan men dilemeli bolmaryn. 27  Atam sizi söýýär, sebäbi siz meni söýýärsiňiz+ we Allanyň wekilidigime iman etdiňiz+. 28  Men dünýä Atamyň wekili bolup geldim. Indi bolsa dünýäni goýup, Atamyň ýanyna gidýärin»+. 29  Şägirtler: «Indi sen mysallar bilen däl⁠-⁠de, açyk⁠-⁠aýdyň aýdýarsyň. 30  Seniň ähli zady bilýändigiňe düşündik. Adamlar saňa sorag bermänkäler pikirini bilýärsiň. Şonuň üçin hem seni Hudaýyň iberendigine ynanýarys» diýdiler. 31  Isa olara: «Indi ynanýaňyzmy? 32  Şeýle wagt geler, ol eýýäm gelendir, hemmäňiz meni taşlap, öýli⁠-⁠öýüňize dargarsyňyz+. Emma men ýeke däl, Atam meniň bilendir+. 33  Men sizde parahatlygyň bolmagyny isleýärin+, şonuň üçin şu sözleri aýdýaryn. Dünýäde köp kynçylyk çekersiňiz, ýöne mert boluň! Men dünýäni ýeňdim»+ diýdi.

Çykgytlar

Sözme⁠-⁠söz: büdremez.