Ýahýa 10:1—42

  • Çopan we agyl (1—21)

    • Isa gowy çopan (11—15)

    • «Başga goýunlarym hem bar» (16)

  • Dikeldiş baýramynda Isa garşy çykýarlar (22—39)

    • Ýehudylaryň köpüsi iman etmeýär (24—26)

    • «Goýunlarym sesime gulak asýar» (27)

    • Ata bilen Ogul agzybir (30, 38)

  • Iordanyň beýleki tarapyndakylar iman edýär (40—42)

10  Isa şeýle diýdi: «Size hakykaty aýdýaryn, agyla gapydan däl⁠-⁠de, başga ýerden girýän adam ogry we talaňçydyr+.  Agylyň gapysyndan girýän adam çopandyr+.  Garawul oňa agylyň gapysyny açýandyr+, goýunlar hem çopanyň sesini eşidip, gulak asýandyr+. Çopan goýunlaryny atma⁠-⁠at çagyryp, agyldan çykarýar.  Ol goýunlarynyň ählisini çykaryp, olaryň öňünden ýöreýär. Goýunlar hem onuň sesini tanap yzyna düşýär.  Goýunlar nätanyş adamyň sesini tanaýan däldir. Şonuň üçin süri onuň yzyna düşmez, ondan gaçar».  Isa olara şu mysaly gürrüň berdi, ýöne manysyna düşünmediler.  Isa ýene⁠-⁠de şeýle diýdi: «Size hakykaty aýdýaryn, men goýunlar üçin gapydyryn+.  Meniň adymdan ýalan sözläp gelýänleriň bary ogry hem talaňçydyr. Goýunlar olara gulak asýan däldir.  Men gapydyryn. Men arkaly agyla girýän halas bolar. Ol girer⁠-⁠çykar, öri meýdany tapar+. 10  Ogry goýunlary ogurlamak, soýmak we öldürmek üçin gelýär+. Men bolsa olara ýaşaýyş bermek, ebedi ýaşatmak üçin geldim. 11  Men gowy çopandyryn+. Gowy çopan goýunlary üçin janyndan geçmäge taýyndyr+. 12  Goýunlary bakmak üçin hakyna tutulan adam hakyky çopan däldir. Ol sürini pul üçin bakýar. Ol möjegiň gelýänini görüp, sürini taşlap gaçyp gidýär. Möjek sürä topulyp, goýunlary dyr⁠-⁠pytrak edýär. 13  Hakyna tutulan adam goýunlaryň aladasyny etmeýär. 14  Men gowy çopandyryn. Men goýunlarymy tanaýaryn, olar hem meni tanaýarlar+. 15  Atamyň meni tanaýşy ýaly, men hem Atamy tanaýaryn+. Men goýunlarym üçin janymy bermäge taýyn+. 16  Meniň şu agyldaky goýunlarymdan başga goýunlarym hem bar+. Men olary hem getirmeli. Olar sesimi eşidip, maňa gulak asarlar. Şonda bir süri, bir çopan bolar+. 17  Atam meni söýýär+, sebäbi men janymy gurban edýärin+, soňra janymy gaýtaryp alaryn. 18  Hiç bir adam janymy alyp bilmeýär, men ony öz islegim bilen gurban edýärin. Janymy gurban etmäge⁠-⁠de, yzyna almaga⁠-⁠da hakym bar+. Muny Atam tabşyrdy». 19  Isanyň aýdanlary sebäpli ýehudylaryň arasynda ýene⁠-⁠de agzalalyk döredi+. 20  Olaryň köpüsi: «Ol jynly, akylyndan azaşypdyr. Ony näme üçin diňleýäňiz?» diýýärdiler. 21  Beýlekiler bolsa: «Eşidenlerimiz jynly adamyň aýtjak sözleri däl. Jyn kör adamyň gözüni açyp bilermi?» diýdiler. 22  Şol wagt gyş paslydy. Iýerusalimde Dikeldiş baýramy* geçirilýärdi. 23  Isa ybadathananyň Süleýmanyň sütünleri diýilýän ýerinde durdy+. 24  Ýehudylar Isanyň daşyna üýşüp: «Bizi haçana çenli kösäp ýörjek? Mesih bolsaň, açyk aýt» diýdiler. 25  Isa olara: «Men size aýdypdym, ýöne ynanmadyňyz. Men hakda Atamyň adyndan edýän işlerim şaýatlyk edýär+. 26  Ýöne maňa ynanmadyňyz, sebäbi siz meniň goýunlarym däl+. 27  Goýunlarym sesimi eşidip, maňa gulak asýar, men olary tanaýaryn, olar hem meniň yzyma düşýär+. 28  Men olara ebedi ýaşaýyş bererin+. Olary hiç kim elimden kakyp alyp bilmez, hiç kim ýok edip bilmez+. 29  Atamyň beren goýunlary ähli zatdan gymmatlydyr, hiç kim olary Atamyň elinden alyp bilmez+. 30  Atam ikimiz agzybir»+ diýdi. 31  Ýehudylar Isany ýene⁠-⁠de daşlajak boldular. 32  Isa olara: «Men Atamyň buýrugy bilen size köp ýagşy işleri etdim. Olaryň haýsysy üçin meni daşlajak bolýarsyňyz?» diýdi. 33  Ýehudylar: «Seniň eden ýagşylygyň üçin däl, Hudaýa dil ýetirýäniň üçin daşlajak bolýarys+. Sen ynsan bolsaň⁠-⁠da, özüňi Hudaýa deňeýäň» diýip jogap berdiler. 34  Isa olara şeýle diýdi: «Töwratda* Hudaý: „Siz taňrylar“+ diýmeýärmi näme? 35  Hudaý ýazgarýan adamlaryna „taňrylar“+ diýýär (ýazylan zatlary hiç kim üýtgedip bilmez). 36  Siz maňa, Atanyň mukaddes eden we dünýä iberen adamyna „Men Hudaýyň Ogly“ diýeni üçin „Hudaýa dil ýetirdi“ diýýärsiňiz+. 37  Men Atamyň işlerini etmeýän bolsam, onda maňa iman etmäň. 38  Eger edýän bolsam, aýdýanlaryma ynanmasaňyz⁠-⁠da, edýän işlerime ynanyň+. Şonda siz Atamyň meniň bilendigini, meniň hem Atam bilendigimi bilersiňiz»+. 39  Olar Isany ýene⁠-⁠de tussag etjek boldular, ýöne Isa olaryň elinden gaçyp gutuldy. 40  Isa ýene⁠-⁠de Iordandan geçip, Ýahýanyň adamlary başda suwa çümdüren ýerine gidip+, şol ýerde boldy. 41  Onuň ýanyna köp adamlar gelip, biri⁠-⁠birine: «Ýahýa bir gudrat hem görkezmedi, ýöne şu adam hakda aýdanlary dogry eken»+ diýýärdi. 42  Olaryň köpüsi Isa iman etdiler.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Sözlüge serediň.