Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 A3

Mukaddes Kitap — ynama mynasyp

Mukaddes Kitabyň awtory Hudaý, şonuň üçin ol hemişe kitabyny goraýar. Ol pygamberine şeýle sözleri ýazdyrdy:

«Hudaýymyzyň sözi... ebedi galýar» (Işaýa 40:8).

Ýewreý, arameý * we grek dillerinde ýazylan ilkinji golýazmalar biziň günlerimize gelip ýetmese⁠-⁠de, pygamberiň ýazan sözleri dogry bolup çykdy. Elimizdäki kitabyň Hudaýyň ylhamy bilen ýazylandygyna näme üçin ynamly bolup bileris?

MÜRZELERIŇ TAGALLASY

Biz Töwradyň üýtgedilmändigine ynamly bolup bileris. Gadymy döwürde Alla gullaryna Töwrady göçürmegi tabşyrdy *. Soňra şol tabşyryk däp bolup galdy. Meselem, Ýehowa Ysraýylyň patyşalaryndan Kanunyň nusgasyny göçürmegi talap etdi (5 Musa 17:18). Şeýle⁠-⁠de Hudaý lewilere Töwrat kitabyny aýap saklamagy we adamlara öwretmegi buýurdy (5 Musa 31:26; Nehemýa 8:7). Ýehudylar Wawilon ýesirliginden azat bolanlaryndan soňra golýazmalary göçürýän topar döredi. Olara mürzeler (soferimler) diýilýärdi (Hydyr 7:6, çykgyt). Mürzeler Töwradyň 39 kitabyny göçürip, ençeme nusgasyny döretdiler.

Mürzeler asyrlarboýy kitaby örän ünsli göçüripdirler. Orta asyrlarda masoretler diýip tanalýan ýehudy mürzeleri golýazmalary göçürmek däbini dowam etdiler. Töwradyň ähli kitaplaryny özünde jemleýän masoretleriň iň gadymy golýazmasyna (b. e. 1008—1009 ý.) Leningrad kodeksi diýilýär. XX asyryň ortalarynda Öli deňzinden Mukaddes Kitabyň  220⁠-⁠ä golaý golýazmasy we parçalary tapyldy. Olar Leningrad kodeksinden hem müň ýyl ozal ýazylypdyr. Öli deňzinden tapylan golýazmalar bilen Leningrad kodeksini deňeşdirenlerinde, bir wajyp hakykat mälim boldy: Öli deňzinden tapylan golýazmalaryň käbir sözleri tapawutlansa⁠-⁠da, manysy hiç hili üýtgemän galypdyr.

Injiliň 27 kitabyny Isa Mesihiň resullary we şägirtleri ýazdylar. Olar hem ýehudy mürzeleriniň däbine eýerip, kitaplary göçürýärdiler (Koloslylar 4:16). Rim imperatory Diokletian we başga adamlar mesihçileriň golýazmalaryny ýok etjek bolsalar⁠-⁠da, müňlerçe gadymy golýazmalar hem⁠-⁠de olaryň birnäçe parçalary biziň döwrümize gelip ýetdi.

Injil hem başga dillere terjime edildi. Mukaddes Kitap başda ermeni, kopt, efiop, gürji, latyn we siriýa ýaly gadymy dillere terjime edildi.

YNAMA MYNASYP ÝEWREÝ WE GREK GOLÝAZMALARY

Mukaddes Kitabyň gadymy golýazmalary biri⁠-⁠birinden biraz tapawutlanýar. Onda asyl nusgadaky habary nädip anyklap bolar?

Muňa düşünmek üçin bir mysala seredeliň. Mugallym 100 okuwça kitabyň bir babyny göçürmegi tabşyrýar. Eger kitabyň şol baby ýitse, 100 okuwçynyň göçüren nusgalaryny deňeşdirip, şol bapda näme ýazylandygyny anyklasa bolýar. Okuwçylar göçürende käbir ýalňyşlary goýbermegi mümkin, ýöne ählisi şol bir ýalňyşy goýbermese gerek. Şonuň ýaly alymlaram Mukaddes Kitabyň müňlerçe golýazmalaryny we parçalaryny deňeşdirip, mürzeleriň ýalňyşlaryny tapsalar⁠-⁠da, asyl nusgada näme ýazylandygyny anyklap bilýärler.

«Mukaddes Kitap ýaly ýoýulman biziň günlerimize gelip ýeten başga golýazma ýokdur. Biz muňa doly ynamly bolup bileris»

Mukaddes Kitabyň asyl nusgasyndaky habaryň biziň günlerimize üýtgemän gelip ýetendigine näme üçin ynamly bolup bileris? Alym Wilýam Grin Töwrat hakda şeýle diýýär: «Mukaddes Kitap ýaly ýoýulman biziň günlerimize gelip ýeten başga golýazma ýokdur. Biz muňa doly ynamly bolup bileris». Alym F. F. Brýus «Täze äht», ýagny Injil barada şeýle  diýýär: «Hiç kim gadymy çeper eserler üýtgändir öýtmeýär. Emma şol eserlere garanyňda, Täze ähtiň ynama mynasypdygyny tassyklaýan subutnamalar has köpdür». Ol sözüni şeýle dowam edýär: «Eger Täze äht eserleriň ýygyndysy bolan bolsady, onuň ynama mynasypdygyna hiç kim şübhelenmezdi».

Öli deňzinden tapylan golýazma, Işaýa kitabynyň 40⁠-⁠njy baby (b. e. öň 125—100 ý.)

Müň ýyl soň ýazylan golýazmalar bilen Öli deňzinden tapylan golýazmalar deňeşdirilende, olaryň diňe käbir harplarynyň tapawutlanýandygy anyklandy

Ynama mynasyp ýewreý masoret golýazmasy, Aleppo kodeksindäki Işaýa kitabynyň 40⁠-⁠njy baby (b. e. 930 ý.)

Töwrat. Töwradyň iňlis dilindäki «Täze dünýä terjimesi» (1953—1960 ý.) Rudolf Kitteliň «Bibliýa Hebraika» («Biblia Hebraica») diýen kitabyna esaslandy. Soňra «Bibliýa Hebraika» gaýtadan seredilip, «Bibliýa Hebraika Ştutgartenziýa» («Biblia Hebraica Stuttgartensia») we «Bibliýa Hebraika Kwinta» («Biblia Hebraica Quinta») atly täze nusgalary çykaryldy. Olara Öli deňzinden tapylan we başga⁠-⁠da gadymy golýazmalardaky maglumatlar goşuldy. Şol kitaplaryň esasy teksti Leningrad kodeksinden alyndy. Şeýle⁠-⁠de olar aşakdaky kitaplar bilen deňeşdirilip, her aýada degişli maglumat çykgydynda goýuldy: «Samariýanyň Töwrady» («Samaritan Pentateuch»), Öli deňzinden tapylan golýazmalar, «Grek Septuagintasy» («Greek Septuagint»), «Arameý Targumlary» («Aramaic Targums»), «Latyn Wulgatasy» («Latin Vulgate»), «Siriýa Peşittasy» («Syriac Peshitta»). «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesi» «Bibliýa Hebraika Ştutgartenziýa» («Biblia Hebraica Stuttgartensia») we «Bibliýa Hebraika Kwinta» («Biblia Hebraica Quinta») esaslandy.

Injil. XIX asyryň ahyrynda alymlar B. F. Westkott bilen F. J. A. Hort Mukaddes Kitabyň golýazmalaryny we parçalaryny deňeşdirip, asyl nusga has ýakyn grek dilindäki Injili taýýarladylar. XX asyryň ortalarynda Täze dünýä terjimesiniň komiteti şol alymlaryň kitabyny gollanma hökmünde ulanmagy makul bildi. B. e. II we III asyrlaryna degişli golýazmalar hem ulanyldy. Soňra başga⁠-⁠da golýazmalar tapyldy. Täze geçirilen barlaglaryň esasynda alymlar Nestle bilen Alandyň kitaby we Mukaddes Kitap Jemgyýetiniň neşiri täzeden çykaryldy. Şol kitaplardaky maglumatlar «Täze dünýä terjimesiniň» soňky neşirinde ulanyldy.

Ýokarda agzalan kitaplardan belli bolşy ýaly, Injiliň käbir gadymy terjimelerine (meselem, «Korol Ýakowyň terjimesi») birnäçe aýatlar goşulypdyr. Şol aýatlar Hudaýyň ylhamy bilen ýazylan asyl nusgada ýok hem bolsa, soňky mürzeler tarapyndan goşulypdyr. XVI asyrda Mukaddes Kitap aýatlara bölündi. Mukaddes Kitabyň köp terjimelerinde mürzeleriň  goşan aýatlary aýrylandygy sebäpli, olaryň ýeri boş goýuldy. Şu kitapda mürzeleriň girizen aýatlaryna derek çykgyt belgisi goýuldy (Matta 17:21; 18:11; 23:14; Markus 7:16; 9:44, 46; 11:26; 15:28; Luka 17:36; 23:17; Ýahýa 5:4; Resullar 8:37; 15:34; 24:7; 28:29; Rimliler 16:24).

Markus 16⁠-⁠njy babyň uzyn (9—20⁠-⁠nji aýatlar) we gysga jemleýji sözleri, şeýle⁠-⁠de Ýahýa 7:53—8:11⁠-⁠nji aýatlar asyl nusgada bolmansoň, şu kitapda hem ýazylmady *.

Alymlaryň ynama mynasyp hasaplaýan golýazmalary esasynda käbir sözler üýtgedildi. Meselem, gadymy golýazmalaryň käbirinde Matta 7:13⁠-⁠de şeýle diýilýär: «Dar gapydan giriň, çünki heläkçilige eltýän gapy giň we ýol inli». 1984⁠-⁠nji ýylda neşir edilen iňlis dilindäki «Mukaddes Kitabyň Täze dünýä terjimesinde» şol aýatdaky ikinji «gapy» sözi ýokdy, ýöne çuňňur barlaglaryň netijesinde asyl nusgada gapy sözüniň bardygy anyklanyldy. Şol sebäpli 2013⁠-⁠nji ýylda çykan iňlis dilindäki neşirde «gapy» sözi ýazyldy. Şeýle kiçi üýtgeşmeler Hudaýyň habaryny ýoýmaýar.

Papirus golýazmasy, 2 Korinfliler 4:13—5:4 (b. e. 200 ý.)

^ par. 5 Mundan beýläk «Töwrat» diýler.

^ par. 7 Gadymy döwürde golýazmalar çalt dargaýan zatlardan edilipdir. Şonuň üçin olary gaýta⁠-⁠gaýta göçürýärdiler.

^ par. 18 Şu aýatlar barada köpräk bilmek üçin 1984⁠-⁠nji ýylda iňlis dilinde neşir edilen «Mukaddes Kitabyň goşmaça maglumatly Täze dünýä terjimesine» seredip bilersiňiz.