Ylham 3:1—22

  • Sardiniýa (1—6), Filadelfiýa (7—13), Laodikiýa (14—22) ýazylan hatlar

3  Sardiniýadaky ýygnagyň perişdesine şeýle sözleri ýaz: Hudaýyň ýedi ruhy we ýedi ýyldyzy bar bolan şeýle diýýär: „Men seniň edýän işleriňi bilýärin. Sen diri ýaly bolup görünýärsiň, ýöne, aslynda, ölüsiň.  Hüşgär bol we öljek bolup duran zatlaryňy berkit, sebäbi sen Hudaýyň isleýän zatlarynyň hiç birini ýerine ýetirmediň.  Şonuň üçin kabul eden we eşiden zatlaryňy ýadyňa sal, olary gaýym tut-da, toba et. Men ogry kimin gelerin, eger oýa bolmasaň, meniň haýsy sagatda geljegimi asla bilmersiň.  Her näme-de bolsa, Sardiniýada donlaryny hapalamadyk sanlyja adam bar. Olar ak eşik geýip, ýanymda gezerler, çünki olar muňa mynasypdyr.  Söweşde ýeňen ak don geýer we men onuň adyny ýaşaýyş kitabyndan hiç haçan öçürmerin. Atamyň we onuň perişdeleriniň öňünde ony tanaýandygymy açyk aýdaryn.  Goý, gulagy bar adam mukaddes ruhuň ýygnaklara näme diýýändigini eşitsin“.  Filadelfiýadaky ýygnagyň perişdesine şeýle sözleri ýaz: Açan gapysyny hiç kim ýapyp bilmeýän, ýapan gapysyny hem hiç kim açyp bilmeýän mukaddes, dogruçyl we elinde Dawudyň açary bolan şeýle diýýär:  „Men seniň edýän işleriňi bilýärin. Ine, seniň öňüňde hiç kimiň ýapyp bilmejek gapysyny açdym. Men seniň güýjüňiň azdygyny, sözümi tutandygyňy we adyma wepalydygyňy subut edendigiňi bilýärin.  Ine, Şeýtanyň sinagogasyndan bolanlar ýehudy bolmasalar-da, özlerini ýehudy hasaplap, ýalan sözleýärler. Olary seniň ýanyňa gelip, aýagyňa ýykylar ýaly ederin we seni söýýändigimi görkezerin. 10  Meniň çydamlylygymdan görelde alandygyň üçin, seni bütin ýer ýüzüne injek synag sagadyndan halas ederin. Şonda ýer ýüzünde ýaşaýanlar synalar. 11  Men tizden gelerin. Täjiňi hiç kim alyp bilmez ýaly, baryňy gaýym sakla. 12  Men söweşde ýeňeni Hudaýymyň ybadathanasynyň sütüni ederin we ol ondan gaýdyp hiç haçan çykmaz. Oňa Hudaýymyň adyny, Onuň şäheriniň, ýagny gökden, Hudaýymyň ýanyndan inen Täze Iýerusalimiň adyny we özümiň täze adymy ýazaryn. 13  Goý, gulagy bar adam mukaddes ruhuň ýygnaklara näme diýýändigini eşitsin“. 14  Laodikiýadaky ýygnagyň perişdesine şeýle sözleri ýaz: „Omyn“ atly, Hudaýyň ilkinji ýaradany, wepaly we dogruçyl şaýat şeýle diýýär: 15  „Men seniň edýän işleriňi bilýärin. Sen ne sowuk, ne-de gyzgynsyň. Men seniň ýa sowuk, ýa-da gyzgyn bolmagyňy isleýärin. 16  Ýöne sen ýylysyň, ne gyzgyn, ne-de sowuk bolandygyň üçin, seni agzymdan tüýkürip taşlaryn. 17  Sen „Men baý, baýlyk topladym we hiç zada mätäç däldirin“ diýýärsiň, ýöne, aslynda, gözgyny, betbagt, garyp, kör we ýalaňaç ýagdaýdadygyňy bilmeýärsiň. 18  Menden otda arassalanan altyny, ak donlary we gözüňe çalar ýaly, göz ýagyny satyn almagyňy maslahat berýärin. Şonda sen baýarsyň, ýalaňaçdygyňa utanmaz ýaly, egniňde eşigiň bolar, gözüň hem görer. 19  Men söýýänlerimiň ählisine käýäp, temmi berýändirin. Şonuň üçin yhlasly bol-da, toba et. 20  Ine, men gapynyň agzynda ony kakyp durun. Sesimi eşidip, gapyny açan adamyň öýüne girerin, onuň bilen bile agşamlyk naharyny iýerin. 21  Men söweşde ýeňene tagtymda oturmak sylagyny bererin. Sebäbi men hem ýeňip, Atam bilen bile onuň tagtynda otyryn. 22  Goý, gulagy bar adam mukaddes ruhuň ýygnaklara näme diýýändigini eşitsin“».

Çykgytlar