Rimliler 13:1—14

  • Häkimiýetlere tabyn bolmak (1—7)

    • Salgyt tölemek (6, 7)

  • Söýgi — Kanunyň berjaý edilmegi (8—10)

  • Ýagtylykda gezmek (11—14)

13  Şeýlelikde, her kes* ýokary häkimiýetlere tabyn bolsun. Sebäbi häkimiýetleriň ählisi Hudaýdandyr we Hudaý olara höküm sürmäge rugsat berendir.  Diýmek, hökümete garşy çykýan adam Hudaýyň ýola goýan zadyna garşy gidýändir. Oňa garşy gidýän adamlar bolsa höküme sezewar bolarlar.  Sebäbi ýokary häkimiýetlerden gowy iş edýän adamlar däl-de, erbet iş edýänler gorkmalydyr. Eger siz olardan gorkmak islemeýän bolsaňyz, onda ýagşy işleri ediň. Şonda hökümetiň berekellasyny alarsyňyz.  Sebäbi olar siziň peýdaňyz üçin Hudaýyň gullukçylarydyr. Eger erbetlik etseňiz, onda olardan gorkuň, çünki olaryň size temmi bermäge ygtyýary bardyr. Ol Hudaýyň gullukçysydyr, erbet iş edýänlere temmi bermek* üçin bellenendir.  Şeýlelikde, siz häkimiýetlere diňe bir temmiden gaçmak üçin däl-de, ynsabyňyza görä hem tabyn bolmaga borçlusyňyz.  Olar Hudaýyň gullukçylary hökmünde elmydama jemgyýetçilik işlerini ýerine ýetirýärler. Ine, şonuň üçin hem siz salgytlary töleýärsiňiz.  Her kime bermelisini beriň: salgyt bermelilere salgydy; gümrük bermelilere gümrügi; hormat goýmalylara hormaty; sarpa goýmalylara sarpa goýuň.  Siz bir-biriňizi söýmekden başga hiç zatda bergili bolmaň. Sebäbi ýakynyny söýýän adam kanuny berjaý edýändir.  Kanunda «zyna etme, adam öldürme, ogurlyk etme, iliň zadyna göz gyzdyrma» diýlen tabşyryklar bardyr. Şu we beýleki tabşyryklar bolsa: «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýen sözde jemlenendir. 10  Söýýän adam ýakynyna erbetlik edýän däldir. Sebäbi söýgi kanunyň berjaý edilmegidir. 11  Şonuň üçin bulary berjaý ediň. Sebäbi bellenen wagtyň golaýlandygyny bilýänsiňiz. Ukudan oýanmaly sagadyňyz eýýäm gelip ýetdi, çünki halas bolmaly wagtymyz iman eden wagtymyzdakydan has golaýlaşandyr. 12  Gije tamamlanyp, gündiz golaýlaşýar. Şonuň üçin tümlüge degişli işleri egnimizden çykaryp, ýagtylygyň ýaraglaryny geýneliň. 13  Geliň, keýpi-sapaly oturyşyklardan, serhoşlykdan, ahlaksyz we haýasyz işlerden*, dawa-jenjelden, göriplikden gaça durup, gündizdäki ýaly edepli gezeliň. 14  Halypamyz Isa Mesihiň göreldesine eýerip, ten höweslerini kanagatlandyrmagyň aladasyny etmäliň.

Çykgytlar

Ýa-da: «jan».
Göni manyda: «Hudaýyň gaharyny bildirmek».
Grekçe «aselgeýa» sözüniň köplük sanda aýdylyşy. Sözlüge serediň.