Matta 24:1—51

  • MESIHIŇ GELMEGI HAKDAKY ALAMAT (1—51)

    • Uruşlar, açlyk, ýertitremeler (7)

    • Hoş habar wagyz ediler (14)

    • Agyr muşakgat (21, 22)

    • Ynsan oglunyň alamaty (29)

    • Injir agajy (32—34)

    • Nuhuň günleri bilen deňeşdirilişi (37—39)

    • Oýa bolmak (42—44)

    • Wepaly we zalym gul (45—51)

24  Isa ybadathanadan çykyp barýarka, şägirtleri oňa ybadathananyň binalaryny görkezdiler.  Şonda Isa olara: «Bu zatlary görýärmisiňiz? Size dogrusyny aýdýaryn, bu ýerde daş üstünde daş galmaz, ählisi ýumrular» diýdi.  Ol Zeýtun dagynda otyrka, şägirtleri ýekelikde ýanyna baryp: «Bize aýt, bu zatlar haçan bolar, seniň gelendigiňi* we şu dünýäniň* soňuny görkezýän alamat nähili bolar?» diýip soradylar.  Isa şeýle jogap berdi: «Seresap boluň, sizi aldaýmasynlar.  Sebäbi köpler meniň adymdan gelip, „Men Mesih“ diýerler we köp adamlary aldarlar.  Siz dürli ýerlerde bolýan uruş seslerini we uruş baradaky habarlary eşidersiňiz. Seresap boluň, howsala düşäýmäň. Sebäbi bu zatlar bolmalydyr, ýöne entek dünýäniň soňy däldir.  Millet millete, patyşalyk hem patyşalyga garşy çykar, dürli-dürli ýerlerde açlyk we ýertitremeler bolar.  Bu zatlaryň ählisi betbagtçylygyň başlangyjydyr*.  Adamlar sizi yzarlarlar, öldürerler we meniň şägirdim bolandygyňyz üçin, hemmeler sizi ýigrener. 10  Şonda köpler imandan dänerler, bir-birine dönüklik ederler we birek-biregi ýigrenerler. 11  Ençeme ýalan pygamberler döräp, köp adamlary aldarlar. 12  Kanunsyzlygyň artýandygy sebäpli, köpleriň söýgüsi sowar. 13  Emma soňuna çenli çydan halas bolar. 14  Patyşalyk baradaky hoş habar bütin ýer ýüzünde ähli milletlere wagyz ediler*, soňra dünýäniň ahyry geler. 15  Siz Danyýel pygamberiň aýdan weýrançylyk getirýän ýigrenji zadynyň mukaddes ýerde durandygyny göreniňizde (muňa düşünmek üçin okyja düşgürlik gerek), 16  Ýahudadakylar daglara gaçsyn. 17  Şonda jaýyň üçegindäki* adam zadyny almak üçin öýüne girmesin. 18  Ekin meýdanyndaky adam donuny almak üçin yzyna dolanmasyn. 19  Şol günler göwreli we çaga emdirýän aýallara nähili kyn bolar! 20  Gaçmaly günüňiz gyş ýa-da Sabat güni* bolmaz ýaly, doga ediň. 21  Sebäbi şonda şeýle bir agyr muşakgat bolar welin, ol dünýäniň başlangyjyndan tä şu günlere çenli ne bolandyr, ne-de bolar. 22  Eger şol günler gysgaldylmadyk bolsa, hiç kim halas bolmazdy. Ýöne saýlananlar üçin, ol günler gysgaldylar. 23  Şonda biri size „Ine Mesih şu ýerde“ ýa-da „Ol ýerde!“ diýse ynanmaň. 24  Sebäbi ýalan Mesihler we ýalan pygamberler dörär. Olar hatda saýlananlary hem aldamak üçin uly alamatlar we gudratlar görkezerler. 25  Meniň size öňünden duýdurandygymy unutmaň. 26  Şonuň üçin kimdir biri „Ine ol çölde“ diýse, ol ýere gitmäň, „Ine ol içki otaglarda“ diýse ynanmaň. 27  Sebäbi gündogarda çakan ýyldyrymyň ýagtylygy günbatarda görnüşi ýaly, Ynsan oglunyň gelşi* hem şeýle bolar. 28  Maslyk* nirede bolsa, bürgütler hem şol ýere üýşer. 29  Şol agyr muşakgatyň yzyýany Gün garalar, Aý ýagtylyk bermez, gökden ýyldyzlar gaçar we gök gudratlary titrär. 30  Soňra gökde Ynsan oglunyň alamaty görner we ýer ýüzündäki ähli halklar* hasrat çekip, gursagyna urarlar. Olar Ynsan oglunyň gökdäki bulutlarda gudrat we uly şöhrat bilen gelýänini görerler. 31  Ol perişdelerini güýçli surnaý sesi bilen iberer. Olar ýeriň dört tarapyndan*, asmanyň bir ujundan beýleki ujuna çenli saýlananlary ýygnarlar. 32  Injir agajyndan sapak ediniň: onuň şahalary pyntyklap, ýaprak çykaryp başlanda, tomsuň golaýlandygyny bilýärsiňiz. 33  Şonuň ýaly-da bularyň baryny göreniňizde, Ynsan oglunyň golaýdygyny, gapynyň agzyndadygyny biliň. 34  Size dogrusyny aýdýaryn, şu nesil dünýäden ötmänkä, bu zatlaryň ählisi bolar. 35  Gök we ýer geçip gider, ýöne meniň sözlerim galar. 36  Şol güni we sagady hiç kim, gökdäki perişdeler-de, Ogul-da bilýän däldir, muny diňe Ata bilýändir. 37  Nuhuň günleri nähili bolan bolsa, Ynsan oglunyň gelşi-de* şeýle bolar. 38  Tupandan öň adamlar Nuhuň gämä giren gününe çenli iýip-içip, öýlenip, durmuşa çykýardylar. 39  Tupan turup, adamlaryň ählisini syryp äkidýänçä, olar hiç zada üns bermediler. Ynsan oglunyň gelşi-de* şeýle bolar. 40  Şonda mellekde iki adam bolar; olaryň biri alnar, beýlekisi goýlar. 41  Degirmende galla üweýän iki aýal bolar; olaryň biri alnar, beýlekisi goýlar. 42  Şonuň üçin oýa boluň, sebäbi siz Halypaňyzyň haýsy gün geljekdigini bilmeýärsiňiz. 43  Emma bir zady biliň: eger öý eýesi ogrynyň haýsy sagatda* geljekdigini bilse, oýa bolardy we öýüni talamaga ýol bermezdi. 44  Şonuň üçin siz hem taýyn boluň, sebäbi Ynsan ogly siziň garaşmaýan sagadyňyzda geler. 45  Öýdäki hyzmatkärlerine wagtly-wagtynda nahar paýlaryny bermek üçin, hojaýynyň bellän wepaly we paýhasly hyzmatkäri kim? 46  Hojaýyny gaýdyp gelende, hyzmatkäriniň aýdylan zatlary edip ýörendigini görse, ol hyzmatkär nähili bagtly! 47  Size dogrusyny aýdýaryn, hojaýyn ony bütin emläginiň üstünden bellär. 48  Eger zalym gul öz içinden „Hojaýynym gijä galýar“ diýip, 49  ýoldaşlaryny urmaga, serhoşlar bilen iýip-içmäge başlasa, 50  hojaýyny onuň garaşmaýan güni we oslamaýan sagady geler. 51  Şonda ol guluna agyr jeza berer we ikiýüzlüleriň arasyna taşlar. Ol ýerde gözýaş döküp, alaçsyzlykdan ýaňa dişini gyjar».

Çykgytlar

Sözlüge serediň: Isanyň gelmegi.
Ýa-da: «häzirki döwrüň». Sözlüge serediň: Zaman.
Göni manyda: «burgularyň başlangyjydyr». Çaga dogurýan aýalyň burgulary göz öňünde tutulýar.
Göni manyda: «şaýatlyk hökmünde wagyz ediler».
Köp adamlaryň jaýynyň üçeginiň tekiz bolandygy sebäpli, ol ýerde käbir işler bilen meşgullanyp bolýardy.
Ýa-da: «dynç güni». Sözlüge serediň: Sabat güni.
Sözlüge serediň: Isanyň gelmegi.
Bu ýerde ölen adamyň jesedi ýa-da haýwanyň maslygy göz öňünde tutulýar.
Göni manyda: «taýpalar».
Göni manyda: «ýelinden».
Sözlüge serediň: Isanyň gelmegi.
Sözlüge serediň: Isanyň gelmegi.
Ýa-da: «gijäniň haýsy wagty».