Markus 7:1—37

  • Ynsan taglymatlarynyň paş edilmegi (1—13)

  • Hapalyk ýürekden çykýar (14—23)

  • Siriýanyň Finikiýasyndan bolan aýalyň imany (24—30)

  • Lal adamyň sagalyşy (31—37)

7  Soňra Iýerusalimden gelen fariseýler we käbir kanunçylar Isanyň daşyna üýşdüler.  Olar Isanyň käbir şägirtleriniň hapa, ýagny ýuwulmadyk* elleri bilen nahar iýýändigini gördüler.  Aslynda, fariseýler we ähli ýehudylar ata-babalarynyň däp-dessuryna eýerip, ellerini tirseklerine çenli ýuwmasalar nahar iýmeýärdiler.  Bazardan gelenlerinde-de, ýuwunman nahar iýmeýärdiler. Olar öňden gelýän başga-da däp-dessurlary doly berjaý edýärdiler, ýagny käseleri, küýzeleri we misden ýasalan gaplary suwa çümdürýärdiler.  Fariseýler we kanunçylar Isadan: «Näme üçin seniň şägirtleriň ata-babalarymyzyň däp-dessuryny berjaý etmän, hapa elleri bilen nahar iýýärler?» diýip soradylar.  Isa olara: «Eý ikiýüzlüler, Işaýa pygamber siz hakda şu sözleri örän ýerlikli aýdypdyr: „Bu adamlar maňa diňe dilinde sarpa goýýarlar, emma ýürekleri menden gaty uzaklaşdy.  Olar maňa biderek ýere sežde edýärler, sebäbi ynsan tabşyryklaryny Hudaýyň taglymaty hökmünde öwredýärler“.  Siz Hudaýyň tabşyrygyndan el çekip, adamlaryň däp-dessurlaryna berk ýapyşýarsyňyz».  Soňra Isa olara şeýle diýdi: «Siz öz däp-dessurlaryňyzy berjaý etmek üçin, Hudaýyň tabşyrygyndan mekirlik bilen ýüz öwürýärsiňiz. 10  Mysal üçin, Musa pygamber „Ata-eneňe hormat goý“ we „Kakasyna ýa-da ejesine dil ýetirýän adamy ölüme tabşyrmaly“ diýipdi. 11  Siz bolsa: „Atasyna ýa-da enesine: Men size kömek ederdim, ýöne bar zadymy Hudaýa gurban etdim*“ diýýän adama 12  ata-enesine hiç hili kömek etmäge rugsat bermeýärsiňiz. 13  Şeýdip, siz nesilden-nesle geçip gelýän däp-dessurlaryňyzy wajyp saýyp, Hudaýyň sözüni äsgermezlik edýärsiňiz. Siz şuňa meňzeş başga-da ençeme zatlary edýärsiňiz». 14  Soňra ol märekäni ýene-de ýanyna çagyryp, şeýle diýdi: «Meni diňläň-de, sözlerimiň manysyna düşünjek boluň. 15  Adamyň içine girýän hiç bir zat ony hapalaýan däldir, ýöne ýüreginden çykýan zat adamy hapalaýandyr». 16  *—— 17  Isa märekäniň ýanyndan gaýdyp, öýe girende, şägirtleri ondan mysalyň manysyny soradylar. 18  Isa olara şeýle diýdi: «Sizem düşünmediňizmi? Adamyň iýen zadynyň hiç biri ony hapalamaýandygyny bilmeýärmisiňiz? 19  Adamyň iýen zady onuň ýüregine däl-de, aşgazanyna düşýär, soňra ol ýerden daşaryk çykýar». Şeýdip, Isa ähli iýmitiň arassadygyny aýtdy. 20  Ol ýene-de şeýle diýdi: «Adamy onuň ýüreginden çykýan zat hapalaýandyr. 21  Sebäbi adamyň ýüreginden erbet pikirler, ahlaksyzlyk*, ogurlyk, ganhorlyk, 22  zyna, açgözlük, zalymlyk, aldawçylyk, haýasyz işler*, göriplik*, erbet gürrüňler, tekepbirlik we akylsyzlyk çykýandyr. 23  Bu erbet zatlaryň ählisi adamyň ýüreginden çykyp, ony hapalaýandyr». 24  Isa ol ýerden gaýdyp, Sur bilen Sidona* gitdi. Ol özüniň gelendigini hiç kimiň bilmegini islemän, bir öýe girdi. Emma şonda-da onuň gelendigini bildiler. 25  Şol ýerde gyzjagazynyň içine jyn giren bir aýal bardy. Ol Isanyň gelendigini eşidip, dessine ýanyna geldi-de, aýagyna ýykyldy. 26  Bu aýal grekdi we Siriýanyň Finikiýasynda ýaşaýardy. Ol Isadan gyzyndaky jyny kowup çykarmagy haýyş edýärdi. 27  Emma Isa oňa: «Ilki çagalar iýip doýmaly. Çagalaryň çöregini alyp, güjüjeklere* bermek dogry däl ahyryn» diýdi. 28  Aýal bolsa: «Dogry aýdýarsyň, jenabym, ýöne güjüjekler hem çagalaryň saçagyndan gaçan çörek owuntyklary bilen iýmitlenýär ahyryn» diýip jogap berdi. 29  Isa oňa: «Şu sözleri aýdanyň üçin, bar, gidiber, jyn seniň gyzyňdan çykdy» diýdi. 30  Aýal hem öýüne baryp görse, gyzy düşekde ýatyr, jyn bolsa içinden çykypdyr. 31  Isa Surdan gaýdyp gelensoň, Sidonyň* we Dekapolisiň* içi bilen Jelile deňzine tarap gitdi. 32  Şonda Isanyň ýanyna ker we sakawlap gepleýän bir adamy getirip, onuň üstüne elini goýmagy ýalbardylar. 33  Isa ony märekeden çete çykardy. Barmaklaryny ol adamyň gulaklaryna goýup, tüýkürdi-de, elini onuň diline degirdi. 34  Soňra göge bakyp, uludan demini aldy-da: «Effafa» diýdi. Bu «açyl» diýmegi aňladýar. 35  Şonda adamyň gulagy açyldy, sakawlygyndan sagalyp, gowy gepläp başlady. 36  Isa olara bu hakda hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy. Emma muny näçe berk tabşyrdygyça, şonça-da ol hakda köp gürrüň berýärdiler. 37  Dogrudan-da, adamlar oňa haýran galyp: «Onuň edýän ähli işleri diýseň ajaýyp. Ol hatda kerleriň gulagyny, lallaryň dilini açýar» diýişýärdiler.

Çykgytlar

 Bu ýerde hapa eliňi ýuwmak däl-de, eliňi ýehudy däp-dessuryna görä arassalamak göz öňünde tutulýar.
 Göni manyda: «bar zadym korban», ýagny Hudaýa bagyş edilen sadaka.
 Bu aýat Mukaddes Ýazgylaryň käbir terjimelerinde bolsa-da, gadymy grek golýazmalaryň köpüsinde duş gelmeýär.
 Grekçe «porneýa» sözüniň köplük sanda aýdylyşy. Sözlüge serediň.
 Grekçe «aselgeýa» sözüniň köplük sanda aýdylyşy. Sözlüge serediň.
 Göni manyda: «görip gözler».
 Ýa-da: «Saýda».
 Ýehudylar üçin itler haram haýwan hasaplanýardy.
 Ýa-da: «Saýdanyň».
 «On şäher» diýmegi aňladýar.