Luka 7:1—50

  • Ýüzbaşynyň imany (1—10)

  • Isa Nain şäherindäki dul aýalyň ogluny direldýär (11—17)

  • Suwa çümdürýän Ýahýa babatda aýdylan öwgüli sözler (18—30)

  • Gulak asmaýan nesliň ýazgarylyşy (31—35)

  • Günäkär aýalyň bagyşlanyşy (36—50)

    • Bergidarlar hakdaky mysal (41—43)

7  Isa halka aýtmaly zatlaryny tamamlandan soň, Kapernauma bardy*.  Ol ýerde bir ýüzbaşynyň gowy görýän guly agyr syrkawlap, ölüm ýassygynda ýatyrdy.  Ol Isa hakda eşidende, onuň ýanyna ýehudy ýaşulularyny iberdi we gelip, guluny sagaltmagy ondan haýyş etdi.  Olar Isanyň ýanyna geldiler-de, ýürekden ýalbaryp: «Ol seniň kömek etmegiňe mynasypdyr.  Sebäbi ol biziň halkymyzy söýýär, sinagogamyzy hem şol gurup berdi» diýdiler.  Şonda Isa olar bilen gitdi. Emma öýüne ýetiberende, ýüzbaşy eýýäm dostlaryny iberip, olara şeýle diýmegi tabşyrypdyr: «Jenabym, alada galma, sen öýüme girer ýaly, men mynasyp adam däldirin.  Şonuň üçin özümi hem ýanyňa barmaga mynasyp görmedim. Ýekeje söz aýtsaň-da, hyzmatkärim sagalar.  Sebäbi men hem birine tabyn bolýaryn, özümiň hem gol astymda esgerlerim bar. Men olaryň birine „Git!“ diýsem, gidýär, beýlekisine „Gel!“ diýsem, gelýär we guluma „Şuny et“ diýsem, edýär».  Isa muny eşidip, haýran galdy, yzyna düşüp gelýän märekä seretdi-de: «Size diýýärin, men şeýle güýçli imanly adamy hatda Ysraýylda-da tapmadym» diýdi. 10  Iberilen adamlar öýlerine baranlarynda, guluň sagalandygyny gördüler. 11  Biraz wagtdan Isa Naýin şäherine gitdi. Onuň ýanynda şägirtleri hem-de uly märeke bardy. 12  Ol şäheriň derwezesine golaýlanda, adamlar bir dul aýalyň ýekeje oglunyň ölüsini çykaryp gelýärdiler. Dul aýalyň ýanynda şäherden gelýän uly märeke hem bardy. 13  Isa aýaly görende, haýpy gelip: «Goý, aglama» diýdi-de, 14  baryp, tabyda elini degirdi, ony göterip barýanlar hem durdular. Isa: «Ýaş ýigit, saňa diýýärin, ýeriňden tur!» diýdi. 15  Öli ýerinden turup oturdy-da, gepläp başlady. Isa ony ejesine gowşurdy. 16  Şonda hemmelere gorky aralaşdy. Olar: «Biziň aramyzda beýik pygamber peýda bolupdyr. Hudaý öz halkyna nazar saldy» diýip, Hudaýy şöhratlandyrýardylar. 17  Isanyň eden işi bütin Ýahuda we daş-töwerekdäki ähli ýerlere ýaýrady. 18  Ýahýanyň şägirtleri baryp, ähli zatlary oňa gürrüň berdiler. 19  Şonda Ýahýa iki şägirdini ýanyna çagyrdy-da, Halypanyň ýanyna iberip: «Sen biziň garaşýan Mesihimizmi ýa-da başga birine garaşmaly?» diýip soramagy tabşyrdy. 20  Olar Isanyň ýanyna gelip: «Suwa çümdürýän Ýahýa: „Sen biziň garaşýan Mesihimizmi* ýa-da başga birine garaşmaly?“ diýip, soramagy tabşyrdy» diýdiler. 21  Isa şol wagt ençeme syrkawlary, şol sanda agyr keselli we jynly adamlary sagaldýardy, ençeme körleriň gözüni açýardy. 22  Isa olara şeýle jogap berdi: «Baryň-da, Ýahýa gören-eşidenleriňizi habar beriň: körler görýär, agsaklar ýöreýär, heýwere keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara hoş habar aýdylýar. 23  Men babatda şübhelenmeýän* adam bagtlydyr». 24  Ýahýanyň şägirtleri gidensoň, Isa märekä ýüzlenip, Ýahýa barada şeýle diýdi: «Siz çöle näme görmäge gitdiňiz? Ýele yranýan gamşymy? 25  Onda siz näme görmäge gitdiňiz? Gymmatbaha eşik geýen adamymy? Gymmatbaha eşik geýen adamlar patyşalaryň kaşaň jaýlarynda ýaşaýarlar. 26  Dogrudan-da, siz näme görmäge gitdiňiz? Pygamberimi? Hawa, size diýýärin, ol pygamberden hem has uludyr. 27  Ol hakda: „Ine, men seniň öňüňden habarçymy ýollaýaryn, ol saňa ýol taýýarlar!“ diýen sözler ýazylgydyr. 28  Size diýýärin, aýallardan doglanlaryň arasynda Ýahýadan beýigi bolan däldir. Ýöne Hudaýyň Patyşalygynda iň pes wezipäni eýeleýän her kes ondan beýikdir». 29  Bu sözleri eşiden adamlar we salgytçylar Hudaýyň adalatlydygyny boýun aldylar, sebäbi olar Ýahýanyň wagyz edişi ýaly, suwda çümdürilipdiler. 30  Emma fariseýler we kanunçylar Hudaýyň maslahatyny* kabul etmediler, sebäbi olar Ýahýanyň wagyz edişi ýaly, suwda çümdürilmändiler. 31  Isa sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Men bu nesli kim bilen deňeşdireýin? 32  Olar bazarda oturyp, biri-birlerine: „Biz siziň üçin tüýdük çaldyk, ýöne siz tans etmediňiz; biz zaryn-zaryn agladyk, ýöne siz aglamadyňyz“ diýýän çagalar ýalydyr. 33  Şonuň ýaly-da suwa çümdürýän Ýahýa geldi, ol hemmeler ýaly iýip-içmeýärdi, emma siz oňa: „Ol jynly“ diýdiňiz. 34  Ynsan ogly geldi, ol iýip-içse-de, siz oňa: „Ine hajymelik*, arakhor, salgytçylaryň we günäkärleriň dosty!“ diýýärsiňiz. 35  Şeýlelikde, adam akyldardygyny dogry işleri bilen subut edýändir». 36  Simun atly bir fariseý Isany myhmançylyga çagyrdy. Isa hem onuň öýüne baryp, saçak başynda oturdy. 37  Şol şäherde günäkär hökmünde tanalýan bir aýal bardy. Ol Isanyň fariseýiň öýündedigini bilende, ýakymly ysly ýagdan doly gaby* alyp geldi. 38  Soňra Isanyň aýagynyň ýanynda dyza çökdi-de, aglap, gözýaşlary bilen onuň aýagyny öl-myžžyk etdi we saçy bilen süpürdi. Şeýle-de ol Isanyň aýaklaryny ogşamagyny bes etmän, olara ýag çalýardy. 39  Isany myhmançylyga çagyran fariseý muny görüp, öz içinden: «Eger ol hakyky pygamber bolan bolsa, aýaklaryny kimiň elleýändigini bilerdi. Ol aýal günäkär ahyryn» diýdi. 40  Emma Isa: «Simun, men saňa bir zat aýtmakçy» diýdi. Ol hem: «Aýdyber, Mugallym!» diýdi. 41  «Iki adamyň birine bergisi bardy; birisi 500 dinar*, beýlekisi 50 dinar. 42  Olaryň bergilerini bermäge hiç zatlary ýokdy, şonuň üçin ol adam ikisini hem ýürekden bagyşlady. Seniň pikiriňçe, olaryň haýsysy ony has köp söýer?» 43  Simun: «Meniň pikirimçe, kimiň bergisi köp bolan bolsa» diýip jogap berdi. Isa oňa: «Sen dogry aýtdyň» diýdi. 44  Soňra Isa aýala seretdi-de, Simuna şeýle diýdi: «Şu aýaly görýärmiň? Men seniň öýüňe geldim, sen bolsa aýagymy ýuwmaga-da suw bermediň. Emma bu aýal aýaklarymy gözýaşlary bilen ýuwup, saçy bilen süpürdi. 45  Sen meni garşy alanyňda ogşamadyň, bu aýal welin geleni bäri aýaklarymy ogşamagyny bes etmeýär. 46  Sen meniň başyma ýag guýmadyň, bu aýal welin aýaklaryma ýakymly ysly ýag çaldy. 47  Şeýlelikde, saňa diýýärin, ol köp günä eden bolsa-da, günäleri bagyşlanýandyr. Şonuň üçin hem ol köp söýýär. Emma az günäleri bagyşlanan adam az söýýändir». 48  Soňra Isa ol aýala: «Seniň günäleriň bagyşlandy» diýdi. 49  Şonda Isa bilen saçak başynda oturan adamlar öz aralarynda: «Günäleri bagyşlar ýaly, bu adam kimkä?» diýişdiler. 50  Emma Isa aýala: «Imanyň seni halas etdi, arkaýyn gidiber» diýdi.

Çykgytlar

Göni manyda: «girdi».
Göni manyda: «Garaşýanymyzmy».
Göni manyda: «Men sebäpli büdremeýän». Sözlüge serediň: Büdremek.
Ýa-da: «görkezmesini».
Ýa-da: «iýermen».
Ýa-da: «alebastr gaby».
Dinar — Rim kümüş teňňesi; agramy 3,85 g; bir günlük iş haky.