Luka 21:1—38

  • Mätäçlik çekýän dul aýalyň iki teňňesi (1—4)

  • BOLMALY ZATLARYŇ ALAMATY (5—36)

    • Uruşlar, güýçli ýertitremeler, gyrgynçylyk, açlyk (10, 11)

    • Goşunlaryň Iýerusalimi gabajakdygy (20)

    • Milletlere berlen wagt (24)

    • Ynsan oglunyň gelmegi (27)

    • Injir agajy baradaky mysal (29—33)

    • Oýa bolmak (34—36)

  • Isanyň ybadathanada öwredişi (37, 38)

21  Isa töweregine göz aýlanda, baýlaryň ybadathanadaky gutulara pul atýandyklaryny gördi.  Ol mätäçlik çekýän bir dul aýalyň hem bary-ýogy ikije* teňňe* atandygyny görüp,  şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, bu garyp dul aýal hemmelerden köp atdy.  Sebäbi hemmeler özlerinden artanyny atdylar, emma ol mätäçlik çekýänem bolsa, barja zadyny atdy».  Soňra käbir adamlar ybadathananyň owadan daşlar we şol ýere bagyş edilen zatlar bilen bezelendigi hakda gürrüň edenlerinde,  Isa: «Şu zatlary görýärsiňizmi? Şeýle bir günler geler, bu ýerde daş üstünde daş galmaz, ählisi ýumrular» diýdi.  Şonda olar: «Mugallym, bu zatlar haçan bolar, biz olaryň boljakdygyny nähili alamat arkaly bileris?» diýip soradylar.  Isa şeýle diýdi: «Seresap boluň, sizi aldaýmasynlar. Sebäbi köpler meniň adymdan gelip, „Men Mesih“ we „Bellenen wagt golaýlady“ diýerler. Olaryň yzyna düşmäň.  Şeýle-de uruşlar we gozgalaňlar barada eşideniňizde gorkmaň. Sebäbi öňürti şu zatlar bolmalydyr, ýöne dünýäniň soňy entek gelmez». 10  Soňra ol şeýle diýdi: «Millet millete, patyşalyk hem patyşalyga garşy çykar. 11  Güýçli ýertitremeler, dürli-dürli ýerlerde açlyk we gyrgynçylyk bolar; gorkunç zatlar we gökde uly alamatlar bolar. 12  Ýöne bu zatlar bolmazdan öň, adamlar sizi tutarlar, yzarlarlar, sinagogalara tabşyrarlar we türmä basarlar. Meniň şägirdimdigiňiz üçin, sizi patyşalaryň we hökümdarlaryň öňüne alyp bararlar. 13  Bu size şaýatlyk etmäge mümkinçilik berer. 14  Şonuň üçin özüňizi nädip goraryn diýip alada etmezligi ýüregiňize berk düwüň. 15  Sebäbi men size akyldarlyk bererin, näme aýtmalydygyny öwrederin. Şonda duşmanlaryňyz size garşy hiç zat diýip bilmezler. 16  Hatda ata-eneleriňiz, dogan-garyndaşlaryňyz, dostlaryňyz hem sizi kazyýete tabşyrarlar, käbiriňizi bolsa öldürerler. 17  Meniň adym üçin hemmeler sizi ýigrener. 18  Ýöne siziň saçyňyzyň bir tary-da gaçmaz. 19  Siz çydamly bolmak bilen, janyňyzy halas edersiňiz. 20  Siz Iýerusalimi goşunlaryň gabandygyny göreniňizde, onuň harabaçylyga dönmeli wagtynyň golaýlandygyny biliň. 21  Şonda Ýahudadakylar daglara gaçsyn, Iýerusalimiň içindäkiler çyksyn, onuň daş-töweregindäkiler bolsa oňa girmesin. 22  Sebäbi şol günler Hudaýyň adamlary höküm etjek wagtydyr. Şeýdip, Ýazgylardaky ähli zatlar berjaý bolar. 23  Şol günler göwreli we çaga emdirýän aýallara nähili kyn bolar! Sebäbi şol wagt ýurtda uly betbagtçylyk bolar we adamlar jezasyny alarlar. 24  Olar gylyçdan heläk bolarlar we ähli halklara sürgün edilerler. Milletlere berlen wagt dolýança, başga halklar Iýerusalimi depelärler. 25  Şeýle-de Gün, Aý we ýyldyzlarda alamatlar bolar. Ýer ýüzünde ýaşaýan halklar deňziň güwwüldisi we ondaky turýan gaý-tupandan ýaňa näme etjeklerini bilmän howsala düşerler. 26  Adamlar ýer ýüzüne injek betbagtçylyklara garaşyp, gorkudan ýaňa özüni ýitirerler, çünki gök gudratlary titrär. 27  Olar Ynsan oglunyň gökdäki bulutda gudrat we uly şöhrat bilen gelýänini görerler. 28  Bu zatlar başlanda, dikeliň-de, başyňyzy galdyryň, sebäbi gutulyşyňyz golaýlandyr». 29  Şeýlelikde, Isa olara şu mysaly gürrüň berdi: «Injire we başga agaçlara üns beriň. 30  Olar pyntyklanda, siz tomsuň golaýlandygyny bilýärsiňiz. 31  Şonuň ýaly-da şeýle zatlaryň bolýandygyny göreniňizde, Hudaýyň Patyşalygynyň golaýlandygyny biliň. 32  Size dogrusyny aýdýaryn, şu nesil dünýäden ötmänkä, bularyň ählisi bolar. 33  Gök we ýer geçip gider, ýöne meniň sözlerim galar. 34  Özüňize ünsli boluň. Horanlyk*, serhoşlyk we ýaşaýşyň aladalary ýüregiňize ýük bolup, şol gün duýdansyz üstüňize abanaýmasyn. 35  Ýogsam, haýwanyň gapana düşüşi ýaly bolarsyňyz. Sebäbi şol gün ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň ählisiniň üstüne geler. 36  Şonuň üçin oýa boluň, boljak zatlaryň ählisinden gaçyp gutular ýaly we Ynsan oglunyň öňünde durup biler ýaly, elmydama Hudaýa ýalbaryp doga ediň». 37  Isa gündizine ybadathanada öwrederdi, gijesini bolsa Zeýtun dagynda geçirerdi. 38  Hemmeler ir bilen ybadathana gelip, ony diňlärdi.

Çykgytlar

Ýa-da: «iki sany iň pes hümmetli».
Göni manyda: «iki lepta». Iki lepta takmynan 10 minutlyk iş hakyna deň.
Ýa-da: «Köp iýmeklik».