Luka 15:1—32

  • Ýiten goýun mysaly (1—7)

  • Ýiten teňňe hakdaky mysal (8—10)

  • Ýiten ogul hakdaky mysal (11—32)

15  Isany diňlemek üçin, salgytçylaryň we günäkärleriň ählisi onuň daşyna üýşýärdiler.  Fariseýler we kanunçylar bolsa nägilelik bildirip: «Bu adam günäkärleri gowy garşylap, olar bilen iýip-içýär» diýişýärdi.  Şonda Isa olara şu mysaly gürrüň berdi:  «Siziň haýsyňyz 100 goýnuňyz bolup-da, biri ýitse, 99-ny çölde goýup, ýiten goýnuny gözlemäge gitmez?  Eger ol ýiten goýnuny tapsa, begenjinden ýaňa ony egnine alar.  Öýüne gelende bolsa dostlaryny we goňşularyny çagyryp: „Begenjimi paýlaşyň, sebäbi men ýiten goýnumy tapdym“ diýer.  Şonuň üçin size diýýärin, toba etmäge mätäç bolmadyk 99 sany dogry adama garanyňda bir toba eden günäkär üçin gökde uly şatlyk bolýandyr.  Ýa-da bir aýalyň 10 sany kümüş teňňesi* bolup, birini ýitirse, ol çyrany ýakar-da, öýüni süpürişdirip, ony tapýança, ünsli gözlemezmi?  Ony tapanda, joralaryny we goňşularyny çagyryp: „Begenjimi paýlaşyň, sebäbi men ýitiren teňňämi tapdym“ diýer. 10  Size diýýärin, şonuň ýaly-da toba eden bir günäkär üçin Hudaýyň perişdeleriniň arasynda uly şatlyk bolýandyr». 11  Soňra Isa şeýle diýdi: «Bir adamyň iki ogly bardy. 12  Onuň kiçi ogly kakasyna: „Kaka, emlägiňden maňa degişli bölegini ber“ diýdi. Şonda kakasy emlägini iki ogluna bölüp berdi. 13  Bary-ýogy birnäçe günden soň, kiçi ogly ähli zatlaryny ýygnap, uzak ýurda gitdi we akylsyz ýaşap, bar emlägini ýele sowurdy. 14  Ähli puluny sowanda, onuň ýaşaýan ýurdunda güýçli açlyk düşüp, ol mätäçlik çekip başlady. 15  Ol hatda şol ýurduň ýaşaýjylarynyň biriniň ýanyna bardy-da, oňa hyzmat edip başlady. Ol hem ony meýdanyndaky doňuzlaryny bakmaga iberdi. 16  Ol doňuzlara berilýän iýmitden* garnyny doýurmak isleýärdi, ýöne oňa hiç kim bermeýärdi. 17  Ol akylyna aýlananda, şeýle diýdi: „Kakamyň hakyna tutan işçileriniň bol çöregi bar, men bolsa bärde açlygymdan ölüp barýaryn! 18  Gowusy gidip, kakamyň ýanyna baraýyn-da, oňa: „Kaka, men gökdäki Hudaýa we saňa garşy günä etdim. 19  Men seniň ogluň diýilmäge-de mynasyp däldirin. Meni hakyna tutulan işçileriň biri edäý“ diýeýin“. 20  Şeýdip, ol turdy-da, kakasynyň ýanyna gitdi. Ol heniz uzakdaka, kakasy ony görüp, ýüregi gyýyldy we ylgap bardy-da, ony gujaklap*, mähirli ogşady. 21  Şonda ol kakasyna: „Kaka, men gökdäki Hudaýa we saňa garşy günä etdim. Men seniň ogluň diýilmäge-de mynasyp däldirin“ diýdi. 22  Emma kakasy gullaryna şeýle diýdi: „Hany, çaltrak gidiň-de, iň gowy uzyn dony getirip, oňa geýdiriň, barmagyna ýüzük dakyň, aýagyna-da aýakgap beriň! 23  Şeýle-de bakylan öküzi getirip soýuň. Geliň, iýip-içeliň-de, toý tutalyň. 24  Sebäbi meniň oglum ölüdi, indi direldi; ol ýitipdi, indi bolsa tapyldy“. Şeýdip, olar şatlanmaga başladylar. 25  Şonda onuň uly ogly ekin meýdanyndady. Ol dolanyp, öýüne golaý gelende, aýdym-sazyň we tans edýänleriň sesini eşitdi. 26  Ol hyzmatkärleriň birini ýanyna çagyryp, ondan bolýan zatlary sorady. 27  Hyzmatkär oňa: „Seniň doganyň dolanyp geldi. Onuň sag-aman dolanyp gelendigi üçin, kakaň bir semiz öküzi soýdurdy“ diýdi. 28  Ol gaharlanyp, öýe-de girmedi. Şonda kakasy daşaryk çykyp, oňa ýalbaryp başlady. 29  Ol hem kakasyna şeýle jogap berdi: „Ine, men ençeme ýyl bäri saňa hyzmat edip gelýärin we elmydama saňa gulak asýaryn. Ýöne sen dostlarym bilen şatlanmagym üçin maňa ýekeje owlak hem bermändiň. 30  Emma emlägiňi bozuk aýallara sowran ogluň geldi welin, sen onuň üçin semiz öküz soýdurtdyň“. 31  Şonda kakasy ogluna: „Oglum, sen elmydama meniň bilendiň, zatlarymyň barysy seniňki ahyryn. 32  Biziň şatlanyp toý tutmagymyzyň sebäbi, doganyň ölüdi, indi direldi; ol ýitipdi, indi bolsa tapyldy“ diýdi».

Çykgytlar

Göni manyda: «drahmasy». Sözlüge serediň.
Bu ýerde mallara berilýän ösümlik göz öňünde tutulýar.
Göni manyda: «onuň boýnuna böküp».