Luka 14:1—35

  • El-aýagy çiş adamyň Sabat güni sagalyşy (1—6)

  • Pesgöwünli myhman bolmak (7—11)

  • Edeniňi gaýtaryp bilmeýänleri myhmançylyga çagyrmak (12—14)

  • Myhmançylyga barmakdan ýüz öwren adamlar hakdaky mysal (15—24)

  • Şägirt bolmak üçin talaplar (25—33)

  • Duzuň öz güýjüni ýitirmegi (34, 35)

14  Bir gezek Isa Sabat güni* fariseýleriň ýolbaşçylarynyň biriniň öýüne nahara çagyryldy. Oturanlar ony ünsli synlaýardylar.  Şol ýerde Isanyň ýanynda elleri we aýaklary çiş* bir adam bardy.  Şonda Isa Kanuny ökde bilýänlerden we fariseýlerden: «Kanun boýunça Sabat güni syrkaw adamy sagaltsa bolýarmy ýa-da ýok?» diýip sorady.  Olar sesini çykarmadylar. Şonda Isa keselli adama elini degrip sagaltdy-da, ony ugratdy.  Soňra Isa oturanlara: «Siziň haýsy biriňiziň ogluňyz ýa-da öküziňiz Sabat güni guýa gaçsa, ony şol bada çykarmarsyňyz?» diýdi.  Olar muňa hiç zat jogap berip bilmediler.  Isa myhmançylyga gelen adamlaryň has gowy ýerleri saýlaýandyklaryny görüp, olara bir mysaly gürrüň berdi. Isa şeýle diýdi:  «Biri sizi toýa çagyrsa, iň hormatlanýan ýere geçip oturmaň. Belki-de, sizden has hormatlanýan biri hem çagyrylandyr.  Şonda sizi myhmançylyga çagyran adam: „Sen oturan ýeriňi muňa ber“ diýer. Sen hem utanja galyp, has pes ýere geçmeli bolarsyň. 10  Emma myhmançylyga çagyrylanyňyzda, pes ýere geçip oturyň. Şonda öý eýesi seni ýanyna çagyryp: „Dostum, töre geçsene“ diýer. Sen-de hemmeleriň gözüniň alnynda hormata eýe bolarsyň. 11  Sebäbi özüni beýgeldýän adam kiçeldiler, özüni kiçeldýän bolsa beýgeldiler». 12  Soňra Isa öý eýesine şeýle diýdi: «Adamlary günortanlyk ýa-da agşamlyk naharyna çagyranyňda, oňa dostlaryňy, dogan-garyndaşlaryňy ýa-da baý goňşularyňy çagyrma. Sebäbi olar hem öz gezeginde seni myhmançylyga çagyryp, edeniňi gaýtaryp bilerler. 13  Emma sen toý-meýlis gurnanyňda, oňa garyplary, maýyplary, agsaklary we körleri çagyr. 14  Şonda sen özüňi bagtly duýarsyň, sebäbi olar saňa gaýtaryp bilmezler. Ýöne dogry adamlar direlende, Hudaý saňa gaýtaryp berer». 15  Bu sözleri eşiden myhmanlaryň biri: «Hudaýyň Patyşalygynda çörek iýjek adam bagtlydyr» diýdi. 16  Isa oňa şeýle diýdi: «Bir adam uludan toý tutup, oňa köp adamlary çagyrdy. 17  Nahar taýyn bolanda, ol guluny myhmançylyga çagyrylanlaryň ýanyna iberip: „Hemme zat taýyn, geliberiň“ diýmegi tabşyrdy. 18  Emma çagyrylanlaryň bary ötünç sorap başladylar. Birinjisi: „Men ekin meýdanyny satyn aldym, häzir gidip şony görmeli; meni bagyşlaň“ diýdi. 19  Başga biri: „Men bäş jübüt öküz satyn aldym, häzir gidip şolary barlamaly; meni bagyşlaň“ diýdi. 20  Üçünjisi bolsa: „Men ýaňyja öýlendim, şol sebäpli baryp biljek däl“ diýdi. 21  Şonda gul gelip, bu zatlary hojaýynyna habar berdi. Hojaýyny bolsa gaharlanyp, guluna: „Çalt git-de, şäheriň uly we kiçi köçelerine aýlanyp, garyplary, maýyplary, körleri hem agsaklary getir“ diýdi. 22  Gul dolanyp geldi-de, „Hojaýyn, men aýdyşyň ýaly etdim, ýöne henizem boş ýerler bar“ diýdi. 23  Şonda hojaýyn guluna: „Bar-da, ýollara we ýodalara aýlanyp, öýüň içi dolar ýaly, adamlary zor bilen getir. 24  Size diýýärin, myhmançylyga çagyrylanlaryň hiç biri taýýarlan naharymdan datmaz“ diýdi». 25  Isa yzyna düşüp gelýän uly märekä tarap öwrüldi-de, şeýle diýdi: 26  «Ýanyma gelýän her kes kakasyny, ejesini, aýalyny, çagalaryny, doganlaryny, uýalaryny, hatda öz janyny menden artyk söýse*, meniň şägirdim bolup bilmez. 27  Kim jebir pürsüni* alyp, yzyma düşmese, meniň şägirdim bolup bilmez. 28  Siziň haýsy biriňiz bina gurmakçy bolanyňyzda, ony tamamlamaga güýjüňiziň ýetjekdigini ýa-da ýetmejekdigini bilmek üçin, ilki oturyp, çykdajylary hasaplamaz? 29  Ýogsam, ol binanyň düýbüni tutsa-da, ony tamamlap bilmez. Muňa syn edýänleriň hemmesi onuň üstünden gülüp: 30  „Bu adam gurluşyga başlap, ony tamamlap bilmedi“ diýşerler. 31  Ýa-da haýsy patyşa başga bir patyşa garşy söweşjek bolanda — 10 müň esgerli goşunym bilen 20 müň esgerli goşuna garşy çykyp bilermikäm — diýip, ilki oturyp maslahatlaşmaz? 32  Eger ol başarmaryn öýtse, onda garşydaşy heniz uzakdaka, oňa wekillerini ýollap, parahatlygy dilär. 33  Şonuň ýaly siz hem bar emlägiňizden geçmeseňiz, meniň şägirdim bolup bilmersiňiz. 34  Aslynda, duz gowudyr. Ýöne ol güýjüni ýitirse, ony nädip tagamly edip bolar? 35  Ony ne toprak üçin, ne-de dökün üçin ulanyp bolar. Adamlar ony zyňarlar. Goý, gulagy bar adam eşitsin».

Çykgytlar

Ýa-da: «dynç güni». Sözlüge serediň: Sabat güni.
Göni manyda: «endamy suw ýygnanma keselli».
Göni manyda: «janyny ýigrenmese». Bu söz az söýmegi aňladýar.
Sözlüge serediň.