Resullaryň işleri 1:1—26

  • Luka Teofile ýüzlenýär (1—5)

  • Bütin ýer ýüzünde şaýatlyk ediler (6—8)

  • Isa asmana galýar (9—11)

  • Şägirtler bile ýygnanyşýar (12—14)

  • Iudanyň ýerine Mattiýanyň saýlanmagy (15—26)

1  Eý Teofil, men ilkinji kitabymda Isanyň ähli eden we öwreden zatlary barada ýazypdym.  Ol göge gitmezden öň, mukaddes ruh arkaly saýlan resullaryna görkezmeleri beripdi.  Isa ejir çekip ölenden soň, olara özüniň diridigini köp subutnamalar arkaly görkezdi we 40 günüň dowamynda görnüp, olara Hudaýyň Patyşalygy barada gürrüň berdi.  Isa olar bilen görşende, şeýle tabşyryk berdi: «Iýerusalimden gitmäň-de, size öň aýdyşym ýaly, Atanyň wada beren zadyna garaşyň.  Sebäbi Ýahýa suwa çümdürýärdi, emma siz tiz wagtdan mukaddes ruh bilen çümdürilersiňiz».  Olar ýene-de Isanyň ýanyna ýygnanyşanlarynda, ondan: «Mugallym, sen Ysraýyl üçin patyşalygy şu wagt dikeltmekçimi?» diýip soradylar.  Isa olara şeýle diýdi: «Size bellenen wagty we döwri bilmek gerek däl. Onuň haçan boljakdygyny çözmäge diňe Atanyň ygtyýary bardyr.  Emma üstüňize mukaddes ruh inende, siz güýç-kuwwat alyp, Iýerusalimde, tutuş Ýahudada, Samariýada we bütin ýer ýüzünde* men barada şaýatlyk edersiňiz».  Isa bu sözleri aýdandan soň, şägirtleriniň gözüniň öňünde asmana galdy we bulut ony örtende, ol gözden gaýyp boldy. 10  Şägirtleri asmana seredip durkalar, birdenkä ýanlarynda ak eşikli iki adam peýda boldy. 11  Olar: «Eý jelileli adamlar, siz näme üçin asmana seredip dursuňyz? Isa sizden alnyp, asmana nädip giden bolsa, edil şonuň ýaly-da gaýdyp geler» diýdiler. 12  Soňra olar Zeýtun dagyndan gaýdyp, Iýerusalime geldiler. Ol dag Iýerusalimiň golaýynda ýerleşýärdi we bir Sabat günlük ýoldy*. 13  Resullar bolýan jaýlaryna gaýdyp gelenlerinde, ýokarky otaga çykdylar. Ol ýerde Petrus, Ýahýa bilen Ýakup, Andreas, Filipus bilen Tomas, Bartolomeý bilen Matta, Alfeýiň ogly Ýakup, yhlasly diýilýän Simun we Ýakubyň ogly Ýahuda bardy. 14  Olar Isanyň ejesi Merýem hem-de onuň doganlary we beýleki aýallar bilen bilelikde erjellik bilen doga edýärdiler. 15  Şol günleriň birinde 120-ä golaý dogan-uýalar doga etmek üçin ýygnandylar. Şonda Petrus ýerinden turdy-da, şeýle diýdi: 16  «Doganlar, bu zatlar Dawudyň mukaddes ruh arkaly aýdan pygamberliginiň ýerine ýetmegi üçin boldy. Pygamberlik Isany tussag etdirmek üçin esgerleri alyp gelen Iuda hakdady. 17  Ol hem resuldy, biziňki ýaly gullugy berjaý etmek üçin saýlanypdy. 18  Şeýlelikde, ol nädogry iş üçin berlen pula bir meýdan satyn aldy we ýokardan başaşak gaçanda, garny ýarylyp, ähli içegeleri daşyna çykdy. 19  Bu wakany Iýerusalimiň ähli ýaşaýjylary eşitdi. Şol sebäpli satyn alnan meýdana öz dillerinde Hakeldama, ýagny «Ganly meýdan» diýip at dakdylar. 20  Sebäbi Zebur kitabynda: „Goý, onuň öýi boşap galsyn we onda hiç kim ýaşamasyn. Onuň gözegçilik etmek wezipesini başga biri alsyn“ diýip ýazylgydyr. 21  Şeýlelikde, onuň orny Halypamyz Isa ýanymyzdaka, elmydama aramyzda bolan adamlardan birine berilmeli. 22  Ol Isanyň Ýahýa tarapyndan suwa çümdürilip, Hudaýyň ony bizden alan wagtyna çenli ýanymyzda bolanlaryň biri bolmaly. Şeýle-de ol Isanyň ölümden direlendiginiň şaýady bolmaly». 23  Şeýlelikde, olar iki adamy, ýagny Barsaba diýilýän Ýusuby — oňa Ýustus hem diýilýärdi — we Mattiýany teklip etdiler. 24  Soňra olar şeýle doga etdiler: «Eý Ýehowa*, sen ähli adamlaryň ýüreklerini görýärsiň. Şu iki adamyň haýsysyny saýlan bolsaň, bize görkezmegiňi haýyş edýäris. 25  Goý, ol Iudanyň ýüz öwren gullugyna we resullyk işine eýe bolsun». 26  Olar üçin bije atdylar we bije Mattiýa düşdi. Şeýdip, ol 11 resulyň hataryna goşuldy.

Çykgytlar

Göni manyda: «ýeriň ujuna çenli».
Takmynan 1 km. Kanuna görä Sabat güni ýehudylara öýünden uzaga gitmäge rugsat berilmeýärdi.
Sözlüge serediň.