Galatýalylar 5:1—26

  • Mesihi azatlyk (1—15)

  • Ruha görä ýaşamak (16—26)

    • Ten işleri (19—21)

    • Ruhuň miwesi (22, 23)

5  Sebäbi Mesih bizi erkin etmek üçin şeýle azatlyga çykardy. Şonuň üçin azatlygyňyzy berk saklaň we täzeden gulçulygyň boýuntyrygyna girmäň.  Men Pawlus, size diýýärin, eger sünnetlenseňiz, onda Mesihiň eden işiniň size peýdasy bolmaz.  Size ýene-de şaýatlyk edýärin: sünnetli adam Kanunyň ähli tabşyryklaryny berjaý etmäge borçludyr.  Eger siz kanun arkaly dogry hasaplanmaga jan edýän bolsaňyz, onda Mesihden aýra düşüp, onuň merhemetinden mahrum bolansyňyz.  Biz Hudaýyň nazarynda mukaddes ruh we iman arkaly dogry hasaplanmaga umyt edýäris.  Sebäbi Mesih Isa bilen birlikde ýaşaýanlar üçin ne sünnetli, ne-de sünnetsiz bolmak wajypdyr. Emma iman we söýgi bilen edilen işler ähmiýetlidir.  Siz hakykat ýolunda gowy ylgaýardyňyz. Size hakykata gulak asmaga kim päsgel berdi?  Sizi çagyran Hudaý hakykata gulak asmazlyga itermedi.  Birazajyk hamyrmaýa bütin hamyry turşadýar. 10  Halypamyzyň şägirtleriniň meniň bilen bir pikirde boljakdygyna ynanýaryn. Ýöne size kynçylyk döredýän adam kim bolaýanda-da, ol höküme mynasypdyr. 11  Doganlar, eger-de men sünnetlenmek barada henizem wagyz edýän bolsam, onda näme üçin yzarlanýaryn? Eger şeýle edýän bolsam, Isanyň jebir pürsi* adamlaryň iman etmegine päsgel bermezdi*. 12  Sizi azaşdyrmak isleýän adamlar näme üçin özlerini agta etmeýärler?* 13  Doganlar, siz azat bolmak üçin çagyryldyňyz, ýöne azatlygyňyzy günäli höwesleriňizi kanagatlandyrmak üçin ulanmaň. Gaýtam, birek-birege söýgi bilen gulluk ediň. 14  Sebäbi tutuş Kanun: «Ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý» diýlen bir tabşyrykda jemlenýändir. 15  Eger siz biri-biriňiziň göwnüne degip, ýazgarýan bolsaňyz, onda bir-biriňizi ýok etmekden seresap boluň. 16  Men size diýýärin, mukaddes ruhuň görkezmesi boýunça ýaşaň, şonda ten höweslerine asla eýermersiňiz. 17  Sebäbi ten höwesi ruha garşy, ruh bolsa ten höwesine garşy gidýändir. Bular bir-birine garşylyk görkezýär, şol sebäpli siz isleýän zatlaryňyzy edip bilmeýärsiňiz. 18  Hawa, eger siz mukaddes ruhuň görkezmesine eýerseňiz, kanunyň goly astynda bolmarsyňyz. 19  Ten işleri aýdyňdyr: olar ahlaksyzlyk*, azgynlyk, haýasyz işler*, 20  butparazlyk, jadygöýlik*, duşmançylyk, dawa-jenjel, gabanjaňlyk, gahar-gazap, jedel, bölünişik, ynsan taglymatlaryna eýermeklik, 21  göriplik, serhoşlyk, keýpi-sapaly oturyşyklar we şuňa meňzeş zatlardyr. Şeýle zatlar bilen meşgullanýan adamlar Hudaýyň Patyşalygyny miras almajakdygyny size öň duýduryşym ýaly, ýene-de duýdurýaryn. 22  Emma ruhuň miwesi şulardyr: söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyrlylyk, mähirlilik, ýagşylyk*, iman, 23  ýumşaklyk, özüňe erk etmeklik. Bulara garşy hiç hili kanun ýokdur. 24  Şeýle-de Mesih Isa degişli adamlar günäli bedenini güýçli we erbet höwesleri bilen bile pürse çüýlediler. 25  Eger biz ruha görä ýaşaýan bolsak, onda onuň görkezmesine eýermegimizi dowam edeliň. 26  Geliň, diňe özüni bilýän adamlar ýaly bolmalyň, biri-birimizde bäsdeşligi oýaryp, biri-birimize göriplik etmäliň.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Göni manyda: «büdremegine sebäp bolmazdy». Sözlüge serediň: Büdremek.
Ýa-da: «özlerini biçmeýärler». Agta Kanun boýunça berilýän borçlary ýerine ýetirmekden mahrum edilýärdi.
Grekçe «porneýa». Sözlüge serediň.
Grekçe «aselgeýa» sözüniň köplük sanda aýdylyşy. Sözlüge serediň.
Göni manyda: «spiritizm». Sözlüge serediň.
Bu häsiýet ýa-da ýagdaý gowy we ahlak taýdan arassa bolmagy hem-de ýagşylygy aňladýar. Şeýle häsiýetli adam başgalara peýda getirmek üçin ýagşy işleri edýär.