Galatýalylar 3:1—29

  • Kanuny berjaý etmek we iman (1—14)

    • Dogry adam imany arkaly ýaşar (11)

  • Ybraýyma berlen wada we Kanun (15—18)

    • Mesih — Ybraýymyň nesli (16)

  • Kanunyň gelip çykyşy we maksady (19—25)

  • Iman arkaly Hudaýyň ogullary bolmak (26—29)

    • Mesihe degişli bolanlar — Ybraýymyň nesli (29)

3  Eý akylsyz galatýalylar, kim size şeýle erbet täsir etdi? Size Isa Mesihiň pürse çüýlenişi hakda açyk aýdylypdy ahyryn.  Men diňe bir zady soramak* isleýärin: siz mukaddes ruhy kanuny berjaý edip aldyňyzmy ýa-da eşiden zatlaryňyza iman edip?  Siz, dogrudan-da, şeýle akylsyzmy? Siz mukaddes ruhuň beren görkezmesine eýerip başlanyňyzdan soň, maksadyňyza ýetmek üçin ýene-de bikämil adamlaryň yzyna eýermäge jan edýärsiňizmi?  Ençeme horluklary biderek ýere çekdiňizmi? Men munuň biderek däldigine ynanýaryn.  Size mukaddes ruhy almaga ýol açan adam araňyzda gudratly işleri görkezdi. Ol muny siziň kanuny berjaý edendigiňiz üçin etdimi ýa-da eşiden zatlaryňyza iman edendigiňiz üçin?  Ybraýym hem «Ýehowa* iman edendigi üçin dogry adam hasaplandy».  Siz iman edýän adamlaryň Ybraýymyň çagalarydygyny anyk bilýärsiňiz.  Ýazgylarda Hudaýyň iman edýän özge milletli adamlary dogry hasaplajakdygy öňünden aýdylypdy. «Sen arkaly ähli halklar bereket alar» diýlip, Ybraýyma berlen wada häzir hoş habar hökmünde yglan edilýär.  Şeýlelikde, iman edýän adamlar wepaly Ybraýym ýaly bereket alýarlar. 10  Musanyň kanunyndaky tabşyryklara bil baglaýan adamlaryň ählisi näletlenendir. Sebäbi: «Kanunyň ähli talaplaryny berjaý etmeýän adam näletlidir» diýip ýazylgydyr. 11  Galyberse-de, hiç kim kanuny berjaý edip, Hudaýyň öňünde dogry hasaplanyp bilmeýändigi bellidir. Sebäbi «dogry adam imany arkaly ýaşar». 12  Indi Musanyň kanuny imany talap etmeýär, gaýtam, onda: «Kanuny berjaý edýän adam ýaşar» diýilýär. 13  Mesih bizi Kanunyň näletinden azat etmek üçin satyn aldy we bize derek özi näletlendi. Sebäbi: «Pürse çüýlenen* adam näletlidir» diýip ýazylgydyr. 14  Bu zatlar ähli halklaryň Mesih Isa arkaly Ybraýyma berlen wadany almaklary üçin boldy. Şeýdip, biziň ählimiz iman arkaly Hudaýyň wada eden mukaddes ruhuny alýarys. 15  Doganlar, men size gündelik durmuşdan bir mysal getirjek: hatda adamlaryň baglaşýan ähtini-de hiç kim ýatyryp ýa-da onuň üstüne hiç zat goşup bilmez. 16  Ybraýyma we onuň nesline* wadalar berildi. Ýazgylarda «seniň nesilleriň*» däl-de, «seniň nesliň*» diýilýär, ýagny köp adamlar däl-de, bir adam — Mesih göz öňünde tutulýar. 17  Şol sebäpli men şeýle diýýärin: 430 ýyldan soň berlen Kanun Hudaýyň beren ähtini ýatyryp, wadany bozup bilmeýär. 18  Eger Hudaýyň berýän mirasy kanuna esaslanýan bolsa, diýmek, ol indi wada esaslanýan däldir. Emma Hudaý şol mirasy Ybraýyma wada arkaly berdi. 19  Onda Musanyň kanuny näme üçin berildi? Ol wadany alan nesil gelýänçä, adamlaryň edýän nädogry işlerini aýan etmelidi. Kanun perişdeler arkaly töwellaçynyň eli bilen berlipdi. 20  Bu äht bir adamyň gatnaşmagy bilen baglaşylan bolsa, onda oňa hiç hili töwellaçy gerek däl. Sebäbi wada berlende, muňa Hudaýyň ýeke özi gatnaşypdy. 21  Onda Kanun Hudaýyň wadalaryna garşy gelýärmi? Elbetde, garşy gelmeýär! Eger Musanyň kanuny ýaşaýyş berýän bolsa, ony ýerine ýetirýän adam hem dogry saýylardy. 22  Ýazgylar ähli adamlary günäniň gulçulygynda saklaýandyr, emma Isa Mesihe iman edýänler Hudaýyň wadasyna eýe bolarlar. 23  Emma Mesihe iman etmänkäk, kanun bizi goraýardy we günäniň gulçulygynda saklaýardy, ýöne biz şol bir wagtyň özünde hakyky imana ýürekden garaşýardyk. 24  Şeýlelikde, biziň iman arkaly dogry saýylmagymyz üçin, Kanun Mesihe eltýän goragçymyz* boldy. 25  Emma häzir biz Mesihe iman edýäris, indi bize goragçy* gerek däl. 26  Aslynda, siziň hemmäňiz Hudaýyň çagalarysyňyz, çünki Mesih Isa iman edýärsiňiz. 27  Siziň hemmäňiz suwa çümdürilip, Mesihiň häsiýetlerini geýdiňiz. 28  Indi ne ýehudy, ne-de grek, ne gul, ne-de azat, ne erkek, ne-de aýal bardyr. Sebäbi Mesih Isanyň şägirdi hökmünde ähliňiz bir bolduňyz. 29  Hawa, eger Mesihe degişli bolsaňyz, siz, dogrudan-da, Ybraýymyň neslisiňiz*, berlen wada görä mirasdüşersiňiz.

Çykgytlar

Göni manyda: «bilmek».
Sözlüge serediň.
Göni manyda: «Pürsden asylan».
Göni manyda: «tohumyna».
Göni manyda: «tohumlaryň».
Göni manyda: «tohumyň».
Ýa-da: «terbiýeçimiz».
Ýa-da: «terbiýeçi».
Göni manyda: «tohumysyňyz».