2 Petrus 1:1—21

  • Doganlyk salamy (1)

  • Çagyrylyşyňyza görä geziň (2—15)

    • Imanyňyzyň üstüni beýleki häsiýetler bilen dolduryň (5—9)

  • Pygamberlik sözüne ynamly bolmak (16—21)

1  Isa Mesihiň guly we resuly bolan men Simun Petrus, Hudaýymyzyň hem-de Halasgärimiz Isa Mesihiň dogrulygy arkaly biziň ýaly gymmatly imana eýe bolanlara hat ýazýaryn.  Men sizde merhemetiň we parahatlygyň has-da artmagyny isleýärin. Munuň üçin Hudaý we Halypamyz Isa Mesih barada dogry bilim alyň.  Sebäbi Öz şöhraty hem ýagşylygy* bilen çagyran Hudaýymyz baradaky dogry bilim bize güýç berýär. Şeýdip, biz Hudaýa wepaly ýaşamak üçin gerekli zatlary alýarys*.  Ol bize öz* şöhraty we ýagşylygy arkaly gymmatly hem örän uly wadalary berdi. Şoňa görä-de siz Hudaýyň häsiýetlerine eýe bolup, azgyn dünýäniň erbet höweslerinden gaça durýarsyňyz.  Şonuň üçin siz bar güýjüňizi jemläp, imanyňyzy ýagşylyk* bilen, ýagşylygy bilim bilen,  bilimi özüňe erk etmek bilen, özüňe erk etmekligi çydam bilen, çydamy Hudaýa wepalylyk bilen,  Hudaýa wepalylygy doganlyk söýgüsi bilen, doganlyk söýgüsini ähli adamlara bolan söýgi bilen dolduryň.  Eger şu häsiýetler sizde artygy bilen bolsa, onda Halypamyz Isa Mesih baradaky dogry bilimi ulanmakda gowşak ýa-da netijesiz* bolmarsyňyz.  Emma kimde bu häsiýetler bolmasa, ol kördür, ýagtylyga seretmekden boýun gaçyrýandyr*. Ol öňki eden günälerinden tämizlenendigini unudýandyr. 10  Doganlar, Hudaýyň çagyranlarynyň we saýlanlarynyň arasynda wepaly galmaga jan ediň*. Eger siz mundan beýläk hem bu häsiýetleri artdyrsaňyz, hiç haçan ýykylmarsyňyz. 11  Şonda siz Halypamyz we Halasgärimiz Isa Mesihiň ebedi Patyşalygyna girmek üçin bol bereketler alarsyňyz. 12  Siz bu zatlary bilseňiz-de, hakykatda berk dursaňyz-da, men olary size elmydama ýatladyp durmagy ýüregime düwdüm. 13  Emma men çadyrymdan* gidýänçäm, siziň oýa bolmagyňyz üçin bulary ýatlatmagy makul bildim. 14  Men tizden çadyrymdan gitjegimi bilýärin, sebäbi muny Halypamyz Isa Mesih maňa aýan etdi. 15  Gidenimden soň hem siz bu zatlaryň ählisini özüňize ýatladyp durar ýaly, men hemişe elimde baryny ederin. 16  Biz size Halypamyz Isa Mesihiň güýji we gelmegi* barada gürrüň berenimizde, ökdelik bilen toslanyp tapylan ýalan hekaýalary däl-de, öz gözümiz bilen gören zadymyzy, ýagny onuň ajaýyp şöhraty hakda aýtdyk. 17  Sebäbi uly şöhratyň gözbaşy bolan Hudaý: «Bu meniň söýgüli Oglum, men ondan razydyryn» diýende*, ol Ata Hudaýyň hormatyna we şöhratyna eýe bolupdy. 18  Hawa, biz bu sözleri onuň bilen mukaddes dagda bolan wagtymyz eşidipdik. 19  Görşümiz ýaly, bizde has ynama mynasyp pygamberlik sözi bar we siz oňa ýüzlenip dogry edýärsiňiz. Gün ýaşyp, daň ýyldyzy çykýança, ol siziň ýüregiňizdäki garaňkylyga yşyk kimin nur saçýandyr. 20  Siz şu wajyp zady, ýagny Ýazgylardaky pygamberlikleriň kimdir biriniň pikirine esaslanyp ýazylmandygyny bilýänsiňiz. 21  Sebäbi pygamberlik hiç haçan adam islegi bilen aýdylmandy. Adamlar ony Hudaýyň mukaddes ruhunyň kömegi bilen aýdýardylar*.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa-da: «arkaýyn alýarys».
Ýa-da: «onuň». Bu at çalyşmasy Ýehowa ýa-da Isa degişli bolup bilýär.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: «miwesiz».
Ýa-da «uzakdan görmeýän adamdyr» diýmegi hem aňladyp biler.
Göni manyda: «galýandygyňyza göz ýetiriň».
Onuň ynsan bedeni göz öňünde tutulýar.
Sözlüge serediň: Isanyň gelmegi.
Göni manyda: «diýen ses eşidilende».
Göni manyda: «hereket edip gepleýärdiler».