1 Korinfliler 7:1—40

  • Durmuş guranlara we gurmadyklara berlen maslahat (1—16)

  • Çagyrylyşyň ýaly galmak (17—24)

  • Durmuş gurmadyklar we dul aýallar (25—40)

    • Durmuş gurmaýan adam has gowy edýär (32—35)

    • Diňe «Halypamyzyň şägirdi» bilen durmuş gurmak (39)

7  Indi bolsa siziň hat ýazyp, menden soran zatlaryňyz hakda aýdaýyn: erkek adam aýala ýanaşmasa* gowy bolar.  Emma ahlaksyzlygyň* giňden ýaýrandygy sebäpli, her erkegiň öz aýaly, aýalyň hem öz äri bolsun.  Erkek adam aýalynyň öňündäki borjuny* ýerine ýetirsin. Şonuň ýaly-da aýal hem adamsynyň öňündäki borjuny ýerine ýetirsin.  Aýalyň öz bedeniniň üstünden ygtyýary ýokdur, bu ygtyýar äriniňkidir; şonuň ýaly-da erkek adamyň hem öz bedeniniň üstünden ygtyýary ýokdur, bu ygtyýar aýalynyňkydyr.  Siz biri-biriňizi ondan mahrum etmäň, ýöne doga etmek üçin özara ylalaşyp, belli bir wagt aýry bolup bilersiňiz. Soňra ýene-de birikmelisiňiz, ýogsam özüňize erk edip bilmän, Şeýtanyň synagyna düşäýmäň.  Men muny size tabşyryk däl-de, maslahat hökmünde aýdýaryn.  Ýöne hemmeleriň meniň ýaly sallah bolmagyny isleýärin. Muňa garamazdan, her kesiň Hudaýdan alan öz sylagy bardyr: käbiri durmuş gursa, käbiri gurmaýar.  Indi bolsa öýlenmedik* we dul galanlar hakda aýdýaryn: olar meniň ýaly sallah bolup galsalar gowy bolar.  Ýöne özlerine erk edip bilmeseler, goý, durmuş gursunlar. Sebäbi yşk oduna ýanandan, durmuş guranlary gowudyr. 10  Durmuş guran adamlara bolsa men däl-de, Halypamyz şeýle görkezme berýär: aýal aýry ýaşamak üçin ärinden gitmesin. 11  Emma gidäýen ýagdaýynda-da, başga birine durmuşa çykmasyn ýa-da äri bilen ýaraşsyn; erkek adam hem aýalyny taşlamasyn. 12  Emma durmuş guranlara Halypamyz däl-de, men diýýärin: eger bir doganyň iman etmeýän aýaly bolup, ol hem äri bilen ýaşamaga razy bolsa, goý, ol aýalyny taşlamasyn. 13  Şeýle-de bir uýanyň iman etmeýän äri bolup, ol hem aýaly bilen ýaşamaga razy bolsa, goý, ol ärinden gitmesin. 14  Sebäbi iman etmeýän är aýaly arkaly mukaddes edilendir, iman etmeýän aýal hem doganymyz arkaly mukaddes edilendir. Ýogsam, siziň çagalaryňyz päk bolmazdy, indi bolsa olar mukaddesdir. 15  Emma iman etmeýän adam aýry ýaşamak üçin ýanýoldaşyndan gitmekçi bolsa, goý, gitsin; şeýle ýagdaýda mesihçi dogan ýa-da uýa ýanýoldaşy bilen galmaga borçly däldir, ýöne Hudaý sizi parahat ýaşamaga çagyrandyr. 16  Eý aýal, sen äriň bilen galsaň, ony halas etmäge mümkinçiligiň bardygyny bilmeýärmiň? Eý är, sen aýalyň bilen galsaň, ony halas etmäge mümkinçiligiň bardygyny bilmeýärmiň? 17  Muňa garamazdan, her kesiň durmuşda öz ýagdaýy bardyr, Ýehowa* hem muňa ýol berendir. Şoňa görä-de, goý, her kes Hudaýyň çagyryşy boýunça hem gezsin. Men bu görkezmäni ähli ýygnaklarda berýärin. 18  Kimdir biri Hudaýyň çagyran wagty eýýäm sünnetlenen bolsa, goý, ol şeýle-de galsyn. Eger adam çagyrylan wagty sünnetlenmedik bolsa, ol sünnetsiz galsyn. 19  Aslynda, sünnetlenmek ýa sünnetlenmezlik däl-de, Hudaýyň tabşyryklaryny berjaý etmek wajypdyr. 20  Kim nähili ýagdaýda çagyrylan bolsa, goý, ol şeýle-de galsyn. 21  Sen gul wagtyň çagyryldyňmy? Bu hakda biynjalyk bolma. Eger azat bolup bilseň, onda mümkinçilikden peýdalan. 22  Sebäbi gul wagty Halypamyzyň şägirdi bolmaga çagyrylan adam azatlyga çykyp, Halypamyza degişli bolýandyr. Azat adam hem çagyrylanda, Mesihiň guly bolýandyr. 23  Siz gymmat baha satyn alyndyňyz; şonuň üçin indi adamlaryň guly bolmaň. 24  Doganlar, kim nähili ýagdaýda çagyrylan bolsa, goý, ol Hudaýyň öňünde şeýle-de galsyn. 25  Indi bolsa durmuş gurmadyklar* hakda ýazýaryn. Bu babatda men Halypamyzdan hiç hili görkezme almasam-da, öz pikirimi aýdýaryn. Halypamyzyň maňa rehim edendigi üçin aýtjak sözlerime ynanyp bilersiňiz. 26  Meniň pikirimçe, şu kyn döwürde adamyň şeýle ýagdaýda galmagy özi üçin has gowudyr. 27  Aýalyň bar bolsa, azat boljak bolup ondan aýrylma. Aýalyň ýok bolsa, onda aýal gözleme. 28  Ýöne sen durmuş guran bolsaň-da, hiç hili günä eden dälsiň. Eger durmuş gurmakçy bolsaň, şonda-da günä edýän dälsiň. Emma maşgala gurýan adamlaryň durmuşynda täze kynçylyklary dörär. Men bolsa sizi olardan gorasym gelýär. 29  Şeýle-de aýtjak zadym, doganlar, wagt az galandyr. Durmuş guranlar mundan beýläk maşgala durmuşyny birinji orunda goýmasynlar. 30  Aglaýanlar aglamaýanlar ýaly, şatlanýanlar şatlanmaýanlar ýaly bolsun, satyn alýanlar satyn almadyklar ýaly bolsun. 31  Dünýäden peýdalanýanlar ondan doly peýdalanmaýanlar ýaly bolsun; sebäbi dünýäniň ýagdaýy üýtgäp durýandyr. 32  Aslynda, men siziň aladasyz ýaşamagyňyzy isleýärin. Durmuş gurmadyk adam Halypamyzy begendirjek bolup, onuň işi bilen meşgullanýandyr. 33  Emma durmuş guran adam aýalynyň göwnüni tapjak bolup, dünýewi işler bilen başagaýdyr. 34  Netijede, şeýle adamyň ünsi bölünýändir. Şeýle-de durmuş gurmadyk aýal ýa-da çykmadyk gyz bedenini we pikirini mukaddes saklajak bolup, Halypamyzyň işi bilen meşgullanýandyr. Emma durmuşa çykan aýal äriniň göwnüni tapjak bolup, dünýewi işler bilen başagaýdyr. 35  Men bu zatlary boýnuňyza ýüp salmak üçin däl-de, siziň peýdaňyz üçin aýdýaryn. Şonda siz ünsüňizi bölmän, Halypamyza mynasyp tärde gulluk edip bilersiňiz. 36  Eger biri durmuş gurmazlygy ýerliksiz hasaplaýan bolsa we ýaşlyk höwesleri hem geçen bolsa, goý, ol isleýşi ýaly-da etsin; ol günä edýän däldir. Şeýle adamlar durmuş gursunlar. 37  Ýöne kimdir biri durmuş gurmazlygy ýüregine düwüp, muny zerur hasaplamasa we gelen kararynda berk dursa, ol gowy edýändir. 38  Şonuň üçin durmuş gurýan adam hem gowy edýändir, emma durmuş gurmaýan adam has gowy edýändir. 39  Äri dirikä, aýaly oňa baglydyr. Emma äri aradan çyksa, ol islän adamyna durmuşa çykyp biler. Ýöne ol diňe Halypamyzyň şägirdine durmuşa çykmalydyr. 40  Emma meniň pikirimçe, ol durmuşa çykmasa has bagtly bolar; men bolsa özümde Hudaýyň ruhunyň bardygyna ynanýaryn.

Çykgytlar

Öýlenmezligi we jynsy gatnaşyk etmezligi hem aňladyp biler.
Grekçe «porneýa» sözüniň köplük sanda aýdylyşy. Sözlüge serediň.
Är-aýalyň arasyndaky jynsy gatnaşyk göz öňünde tutulýar.
Bu ýerde ulanylýan grek sözi dul galan, aýry ýaşaýan we aýrylyşan adamlara-da degişli bolup bilýär.
Sözlüge serediň.
Ýa-da: «hiç haçan durmuş gurmadyklar».