1 Korinfliler 14:1—40

  • Pygamberlik we dürli dillerde geplemek sylagy (1—25)

  • Duşuşyklaryň tertip-düzgüne laýyk geçirilmegi (26—40)

    • Aýal-gyzlaryň ýygnakdaky orny (34, 35)

14  Biri-biriňizi söýmek üçin eliňizde baryny ediň. Şeýle-de Hudaýdan ruhy sylaglary, esasan-da, pygamberlik sylagyny aljak boluň.  Sebäbi dürli dilde gepleýän adam ruhuň kömegi bilen mukaddes syrlary aýdýan hem bolsa, onuň aýdýanlaryna hiç kim düşünmeýär. Oňa diňe Hudaý düşünýändir.  Emma pygamberlik edýän adam sözleri bilen başgalaryň imanyny berkidýär, ruhlandyrýar we teselli berýär.  Dürli dillerde gepleýän adam özüni berkidýändir, pygamberlik edýän adam bolsa ýygnagy berkidýändir.  Men siziň dürli dillerde geplemegiňizi isleýärin, ýöne pygamberlik etseňiz, has gowudyr. Dogrudan-da, dürli dillerde gepleýän adam aýdýanlaryny terjime etmese, onda ýygnak nädip berkesin? Şonuň üçin hem pygamberlik edýän adam ondan has köp peýda getirýändir.  Doganlar, men ýanyňyza gelip, başga dilde geplesem, size peýdasy degermi? Size kömek etmekçi bolsam, men Hudaýyň aýan eden sözlerini, gudratly bilimini, pygamberligini ýa-da taglymatyny aýtmalydyryn.  Tüýdük ýa-da arfa ýaly jansyz zatlar barada hem şeýle diýse bolar. Sazyň sesleri bir-birinden tapawutlanmasa, onda tüýdükde ýa-da arfada näme çalynýandygyny bilip bolarmy?  Eger surnaý hem näbelli ses çykarsa, onda söweşe kim taýýarlanar?  Siziň hem aýdýanlaryňyza aňsatlyk bilen düşünip bolmasa, näme diýjek bolýandygyňyza kim düşüner? Ýogsam, siziň howa gürrüň berdigiňiz bolardy. 10  Dünýäde ençeme diller bar, ýöne olaryň hiç biri manysyz däldir. 11  Eger aýdylýan zatlaryň manysyna düşünmeýän bolsam, onda men gepleýän adam üçin ýat ýurtdan gelen adam ýalydyryn. Ol hem meniň üçin başga ýurtdan gelen adam ýalydyr. 12  Siz mukaddes ruhuň berýän sylaglaryny almaga jan edýän bolsaňyz, onda ýygnagy berkidýän sylaglara has köp eýe boljak boluň. 13  Şonuň üçin dürli dillerde gepleýän adam terjime edip biler ýaly, doga etsin. 14  Men mukaddes ruhuň beren sylagy arkaly doga etsem-de, onuň manysyna düşünmeýärin. 15  Onda näme etse bolar? Eger men mukaddes ruhuň berýän sylagy arkaly doga edýän bolsam, onda onuň manysyna düşünip hem doga etjek bolaryn. Eger mukaddes ruhuň berýän sylagy arkaly Hudaýa aýdym aýtsam, onuň manysyna düşünip hem aýtjak bolaryn. 16  Eger siz mukaddes ruhuň sylagy arkaly Hudaýa doga edip, alkyş aýtsaňyz, araňyzdaky ýönekeý adam hem minnetdarlyk dogaňyza düşünmese, ol nädip «Omyn» diýsin? 17  Dogrudan-da, siz gowy sözler bilen Hudaýa şükür edäýeniňizde-de, adamyň imany berkemeýär. 18  Men siziň ähliňizden-de köp dillerde gepläp bilýändigime Hudaýa şükür edýärin. 19  Muňa garamazdan, dürli dillerde 10 müň söz aýdanymdan ýygnakdakylara öwretmek üçin düşnükli dilde 5 söz aýdanym gowudyr. 20  Doganlar, düşünmekde çagalar ýaly bolmaň-da, erbet işleri etmekde çagalar ýaly boluň; düşünmekde bolsa ruhy taýdan ýetişen adamlar ýaly boluň. 21  Musanyň kanunynda şeýle ýazylgydyr: «Ýehowa*: „Bu adamlar meni diňlemekden ýüz öwürseler-de, men olar bilen başga ýurduň dilinde we gelmişekleriň sözlerini ulanyp gepleşerin“ diýýär». 22  Şeýlelikde, dürli dillerde geplemeklik iman edýänlere däl-de, iman etmeýänlere berlen alamatdyr. Pygamberlik etmeklik bolsa iman etmeýänler üçin däl-de, iman edýänler üçindir. 23  Siz ýygnak duşuşygyna geleniňizde, hemmäňiz dürli dillerde gepleseňiz, onda ýygnakda oturan ýönekeý adamlar ýa-da iman etmeýänler size akylyňyzdan azaşypsyňyz diýmezmi? 24  Emma siziň ähliňiz pygamberlik etseňiz, araňyzda oturan iman etmeýän ýa-da ýönekeý adam muny eşidip, öz ýalňyşlaryny görer we özüni barlamaga höweslener. 25  Şonda onuň ýüregindäki syrlary aýan bolar we ol ýere ýüzin ýykylar-da: «Hudaý, hakykatdan-da, siziň bilendir» diýip, oňa sežde eder. 26  Doganlar, onda näme etmeli? Siz bile ýygnanyşanyňyzda, birinde mezmur, beýlekisinde öwretmek ukyby, birinde Hudaýyň aýan eden sözleri, beýlekisinde dürli dillerde geplemek sylagy, ýene birinde terjime etmek ukyby bar. Ýöne bularyň baryny biri-biriňiziň imanyňyzy berkitmek üçin ediň. 27  Eger dürli dillerde gepleýänler bar bolsa, goý, olaryň sany iki ýa-da üçden artyk bolmasyn. Şeýle-de biri olary terjime etsin. 28  Ýöne terjimeçi bolmasa, goý, onda olar öz ýüreginde Hudaý bilen gepleşsinler, ýygnakda bolsa geplemän otursynlar. 29  Goý, pygamberleriň ikisi ýa-da üçüsi geplesin, galanlary bolsa manysyna düşünmek üçin diňlesin. 30  Ýöne oturanlardan birine Hudaýyň sözi aýan bolsa, onda, goý, gepläp duran adam dymsyn. 31  Hemmeler öwrenip, hemmeler ruhlanar ýaly, siz gezekli-gezegine pygamberlik edip bilersiňiz. 32  Pygamberleriň mukaddes ruh arkaly alýan sylagy pygamberleriň gözegçiligi astynda bolmalydyr. 33  Sebäbi Hudaý tertipsizlik Hudaýy däl-de, parahatlyk Hudaýydyr. Mukaddesleriň ähli ýygnaklarynda bolşy ýaly, 34  aýallar ýygnaklarda geplemän otursynlar, sebäbi olara geplemäge rugsat berilmeýär. Musanyň kanunynda aýdylyşy ýaly, goý, olar doganlara tabyn bolsunlar. 35  Eger olar bir zada düşünmeseler, goý, öýlerinde ýanýoldaşyndan sorasynlar, sebäbi aýal maşgala ýygnakda geplese aýyp görülýändir. 36  Eýsem, Hudaýyň sözi sizden döredimi ýa-da ol diňe size yglan edildimi? 37  Eger biri özüni pygamber hasaplasa ýa-da ruhy sylagy alandyryn öýtse, goý, ol meniň size ýazýanlarymy Halypamyzyň tabşyrygy diýip kabul etsin. 38  Eger biri muny kabul etmese, onuň özi-de kabul edilmez*. 39  Doganlarym, şol sebäpli pygamberlik etmäge jan ediň, ýöne başgalara-da dürli dillerde geplemegi gadagan etmäň. 40  Ýöne, goý, ähli zat bolmalysy ýaly we tertip-düzgüne laýyk bolsun.

Çykgytlar

Sözlüge serediň.
Ýa-da «biri mundan ýüz öwürse, ol mundan beýläk hem şeýle eder» diýmegi hem aňladyp biler.