1 Korinfliler 13:1—13

  • Hakyky söýgi hakda (1—13)

13  Eger men ynsanlaryň we perişdeleriň dilinde gepläp, ýöne söýgim bolmasa, onda jyňňyrdaýan jaň* ýa-da seslenýän kimwal* ýalydyryn.  Pygamberlik etmek ukybym bolup, Hudaýyň ähli syrlaryna we hemme bilimlere düşünýän bolsam, hatda daglary ýerinden gozgajak imanym bolup-da, söýgim bolmasa, onda men hiç zatdyryn*.  Garyplary naharlamak üçin hemme zadymy satsam, öwünjek bolup, janymy gurban etsem, ýöne söýgim bolmasa, munuň maňa hiç hili peýdasy bolmaz.  Söýgi sabyrlydyr*, mähirlidir. Söýgi göriplik edýän däldir. Öwünýän däldir, tekepbirlik edýän däldir.  Özüni gelşiksiz* alyp barýan däldir, öz peýdasyny gözleýän däldir, çalt gaharlanýan däldir. Ýalňyşlyklary hasaba alýan däldir*.  Nähak işe şatlanman, hakykata begenýändir.  Ähli zada çydaýandyr, ähli zada iman edýändir, ähli zada umyt baglaýandyr, ähli zada döz gelýändir.  Söýgi ebedi dowam eder*. Emma pygamberlik etmek ukyby bar bolsa, ol geçip gider; dürli dillerde geplemek ukyby bar bolsa, olar bes ediler; bilim bar bolsa, ol ýok bolar.  Sebäbi biziň az-kem bilimimiz bar we az-kem pygamberlik edýäris. 10  Emma doly bilim alanymyzda we doly pygamberlik edenimizde, az-kem diýilýän düşünje bolmaz. 11  Men çagakam, çaga ýaly gepleýärdim, çaga ýaly pikirlenýärdim, çaga ýaly oýlanýardym; ýöne ulalanymda, özümi çaga ýaly alyp barmagymy bes etdim. 12  Häzir biz bulaşyk görkezýän aýna seredýän ýalydyrys, ýöne gelejekde ähli zady aýdyň göreris. Häzir men Hudaý barada az-kem bilýärin, ýöne onuň meni doly tanaýşy ýaly, men-de soňra ony doly tanaryn. 13  Emma häzir şu üçüsi galýandyr: iman, umyt, söýgi; olaryň iň ulusy bolsa söýgüdir.

Çykgytlar

Göni manyda: «seslenýän gong». Kakylyp çalynýan saz guraly.
Iki mis tarelkadan ybarat bolan urlup çalynýan gadymy saz guraly.
Ýa-da: «peýdasyzdyryn».
Ýa-da: «çydamlydyr».
Ýa-da: «gödek».
Ýa-da: «Içinde kine saklaýan däldir».
Ýa-da: «hiç haçan ýitmez».