Ýewreýler 4:1—16

  • Hudaýyň dynçlyk ýerine girmekden mahrum bolmak (1—10)

  • Hudaýyň dynçlyk ýerine girmek üçin eliňde baryny etmek (11—13)

    • «Hudaýyň sözi diri» (12)

  • Isa — beýik baş ruhany (14—16)

4  Hudaýyň dynçlyk ýerine girmäge heniz hem mümkinçiligimiz bar. Şol sebäpli, geliň, bu wadadan özümizi mahrum etmekden seresap bolalyň.  Ata-babalarymyz ýaly bize-de hoş habar yglan edildi; emma olara eşiden sözleri peýda getirmedi, sebäbi olarda gulak asan adamlaryňky ýaly berk iman ýokdy.  Emma biz iman edendigimiz üçin Onuň dynçlyk ýerine girýäris. Ýöne Hudaý dünýäni ýaradandan soň, eden işlerinden dynç alsa-da, ata-babalarymyz hakda: «Men gahar bilen: „Olar meniň dynçlyk ýerime girmezler“ diýip ant içdim» diýdi.  Ýazgylaryň başga bir ýerinde bolsa ýedinji gün barada: «Hudaý ýedinji gün ähli işlerinden dynç aldy» diýilýär.  Muňa garamazdan, Hudaý: «Olar meniň dynçlyk ýerime girmezler» diýýär.  Hoş habary ilkinji bolup eşidenler gulak asmandyklary üçin Hudaýyň dynçlyk ýerine girip bilmediler. Ýöne käbiriniň heniz hem ol ýere girmäge mümkinçiligi bar.  Hudaýyň: «Şu gün siz meniň sesime gulak asmak isleseňiz, gaharymy getirip, kesirlik etmäň» diýen sözleri şu hatda eýýäm agzalypdy. Görşümiz ýaly, Hudaý ençeme wagt geçensoň, Dawudyň mezmurynda «Şu gün» diýmek bilen, ol güni aýratyn belläp geçýär.  Eger Ýeşuw olary dynçlyk ýere alyp baran bolsady, onda Hudaý başga bir gün barada aýtmaly bolmazdy.  Şeýlelikde, Hudaýyň halky üçin Sabat güni ýaly dynç güni henizem bardyr. 10  Sebäbi Hudaýyň eden işlerinden dynç alşy ýaly, dynçlyk ýere giren adam hem eden işlerinden dynç alandyr. 11  Şol sebäpli, geliň, hiç birimiz gulak asmadyklaryň yzyna eýermez ýaly, dynçlyk ýere girmek üçin elimizde baryny edeliň. 12  Hudaýyň sözi diri hem täsirlidir. Iki tarapy kesgir gylyçdan hem ýitidir, ol adama şeýle çuň batýar welin, onuň içki* we daşky* dünýäsini aýan edýär, süňkleri bölüp, ýilige çenli baryp ýetýär. Pikirleri we ýüregiň niýetlerini höküm edýär. 13  Hiç kim we hiç zat Hudaýyň nazaryndan gizlin galýan däldir. Ähli zat onuň öňünde açyk hem aýdyňdyr, biz hem oňa jogap bermelidiris. 14  Biziň göge giren beýik baş ruhanymyz bar. Ol Hudaýyň Ogly Isadyr. Şonuň üçin, geliň, oňa bolan imanymyz hakda gürrüň bermegi dowam edeliň. 15  Sebäbi biziň baş ruhanymyz ejizliklerimize duýgudaşlyk bildirip bilýändir. Ol biziň ýaly ähli zatda synalsa-da, günä eden däldir. 16  Şonuň üçin, geliň, Hudaýyň merhemet tagtyna ýakynlaşyp, çekinmän* doga edeliň. Şonda kömege mätäç bolanymyzda, ol bize rehimdarlyk bildirip, merhemet eder.

Çykgytlar

Göni manyda: «ruhuny». Sözlüge serediň.
Göni manyda: «janyny». Sözlüge serediň: Jan.
Sözlüge serediň: Batyrgaý geplemek.