Ýahýa 20:1—31

  • Boş mazar (1—10)

  • Isa magdalaly Merýeme görünýär (11—18)

  • Isa şägirtlerine görünýär (19—23)

  • Tomas şübhelenýär, ýöne soňra ynanýar (24—29)

  • Şu golýazmanyň maksady (30, 31)

20  Hepdäniň birinji güni* magdalaly Merýem ir bilen mazara geldi. Ol mazaryň öňünde goýlan daşyň aýrylandygyny görüp,  Simun Petrusyň we Isanyň gowy görýän şägirdiniň ýanyna ylgap bardy-da: «Halypamyzy mazardan alyp gidipdirler, ony nirede goýandyklaryny bilmeýäris» diýdi.  Şonda Petrus bilen beýleki şägirt mazara tarap gitdiler.  Olaryň ikisi-de ylgap barýardy, ýöne beýleki şägirt Petrusdan çalt ylgandygy üçin, mazara öňürti bardy.  Ol eglip, mazaryň içine seredende, zygyr matanyň ýatanyny gördi, ýöne içine girmedi.  Onuň yzyndan Simun Petrus gelip, mazara girdi. Ol hem şol ýerde ýatan zygyr matany gördi.  Isanyň kellesine dolanan mata beýleki matalaryň ýanynda däl-de, başga ýerde ýatyrdy.  Şonda mazara ilki ylgap baran beýleki şägirt hem içine girdi-de, muny görüp, aýdylanlara ynandy.  Sebäbi olar heniz Isanyň ölümden direlmelidigi hakdaky ýazylana düşünmeýärdiler. 10  Soňra şägirtler öýlerine gaýtdylar. 11  Merýem bolsa daşarda mazaryň golaýynda aglap durdy. Aglap durka, mazara seretmek üçin eglende, 12  ak eşikli iki sany perişdäniň Isanyň jesedi goýlan ýerde, biriniň baş ujunda, beýlekisiniň bolsa aýak ujunda oturandyklaryny gördi. 13  Olar Merýeme: «Sen näme üçin aglaýarsyň?» diýdiler. Ol hem: «Biri Halypamyzy alyp gidipdir, ony nirede goýandyklaryny bilmeýärin» diýdi. 14  Ol muny aýdyp, yzyna öwrülende, kimdir biriniň durandygyny gördi. Ol Isady, ýöne Merýem ony tanamady. 15  Isa oňa: «Sen näme üçin aglaýarsyň? Kimi gözleýärsiň?» diýdi. Merýem oňa bagbandyr öýdüp: «Sen ony alan bolsaň, nirede goýandygyňy aýdaý-da, men ony alyp gitjek» diýdi. 16  Isa: «Merýem!» diýdi. Ol öwrüldi-de, ýewreýçe: «Rabbuni! („Mugallym“ diýmegi aňladýar)» diýdi. 17  Isa oňa: «Maňa ýapyşyp durma, sebäbi men heniz Atamyň ýanyna gitmedim. Ýöne bar-da, doganlaryma şeýle diý: „Men Atamyň ýanyna barýaryn, ol siziň hem Ataňyzdyr, meniň we siziň Hudaýyňyzdyr“» diýdi. 18  Magdalaly Merýem şägirtleriň ýanyna geldi-de: «Men Halypamyzy gördüm!» diýip, täzeligi habar berdi. 19  Şol gün, ýagny hepdäniň birinji güni şägirtler agşam ýygnanyşyp, gapylary gulplap otyrdylar, sebäbi olar ýehudy dini ýolbaşçylaryndan gorkýardylar. Şol wagt Isa olaryň arasynda peýda bolup: «Salam*» diýdi. 20  Ol muny aýdansoň, olara ellerini hem-de böwrüni görkezdi. Şägirtler bolsa Halypamyzy görendiklerine begendiler. 21  Isa ýene-de olara: «Size parahatlyk bolsun. Atamyň meni dünýä iberişi ýaly, men-de sizi dünýä iberýärin» diýdi. 22  Bulary aýdyp, soňra olara tarap üfledi-de: «Mukaddes ruhy alyň. 23  Kimiň günäsini bagyşlasaňyz, Hudaý hem onuň günäsini bagyşlaýandyr. Emma bagyşlamasaňyz, Hudaý hem ony bagyşlaýan däldir» diýdi. 24  Ýöne Isa gelende, 12 resulyň biri bolan Ekiz diýip atlandyrylýan Tomas olaryň arasynda ýokdy. 25  Şägirtler oňa: «Biz Halypamyzy gördük!» diýdiler. Emma ol: «Onuň ellerine kakylan çüýleriň yzyny görüp, oňa barmagymy degirmesem, böwrüne-de elimi degrip görmesem, asla ynanmaryn» diýdi. 26  Şondan sekiz gün geçende, şägirtler ýene-de bir öýde ýygnanyşdylar, olaryň arasynda Tomas hem bardy. Gapylar gulply bolsa-da, Isa peýda bolup: «Salam*» diýdi. 27  Soňra ol Tomasa: «Barmagyňy uzat-da, şu ýere degir, ellerime seret. Eliňi uzadyp, böwrüme degir. Şübhelenmegiňi* bes et-de, iman et» diýdi. 28  Tomas oňa: «Halypam, hudaýym!*» diýdi. 29  Isa oňa: «Sen meni görendigiň üçin iman etdiňmi? Ýöne görmän iman edýän adamlar bagtlydyr» diýdi. 30  Isa şägirtleriniň öňünde başga-da ençeme gudratlary görkezdi, ýöne olar şu kitapda* beýan edilmedi. 31  Emma bular Isanyň, hakykatdan-da, Mesihdigine we Hudaýyň Ogludygyna ynanmagyňyz üçin ýazylandyr. Sebäbi iman etseňiz, onuň ady arkaly ýaşaýşa gowşarsyňyz.

Çykgytlar

Ýagny ýekşenbe güni. Ýehudylarda ýekşenbe güni hepdäniň birinji güni hasaplanylýardy.
Göni manyda: «Size parahatlyk bolsun».
Göni manyda: «Size parahatlyk bolsun».
Göni manyda: «Ynanmazçylyk etmegiňi».
Ýa-da: «Hudaýym!» Ýagny Ýehowanyň wekili.
Göni manyda: «golýazmada».