Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 16-NJY BÖLÜM

Mesihiň gelmegi

Mesihiň gelmegi

Ýehowa nasyraly Isanyň wada edilen Mesihdigini görkezýär

ÝEHOWA adamlara wada eden Mesihini tanamaga nädip kömek etdi? Geliň, häzir Töwrat, Zebur we Pygamberler kitabynyň ýazylyp gutarylanyna takmynan dört ýüz ýyl geçenden soň bolan waka seredeliň. Jeliläniň demirgazygyndaky Nasyra şäherinde ýaşaýan Merýem atly gyzyň ýanyna üýtgeşik myhman, ýagny Jebraýyl perişde gelýär. Merýem durmuşa çykmadyk bolsa-da, perişde oňa Hudaýyň mukaddes ruhy, ýagny hereketdäki güýji arkaly ogul dogurjakdygyny aýdýar. Onuň ogly wada edilen we ebedi höküm sürjek Patyşa bolar! Hudaý gökdäki Ogluny Merýemiň göwresine geçirer.

Merýem bu wajyp ýumşy höwes bilen berjaý etmäge razylaşýar. Onuň adaglysy Ýusup agaç ussasydy. Hudaý Merýemiň näme üçin göwreli bolandygyny Ýusuba düşündirmek üçin, onuň ýanyna perişdesini ýollaýar. Şondan soň Ýusup Merýeme öýlenýär. Mukaddes Ýazgylarda Mesihiň Beýtullaham atly kiçijik şäherde doguljagy öňünden aýdylypdy (Mika 5:2). Emma olar 140 kilometr uzaklykda ýerleşýän şäherde ýaşaýardylar. Onda ol pygamberlik nädip ýerine ýetdi?

Rim hökümdary ilat ýazuwyny geçirmegi buýruk berýär. Şol sebäpli her kim öz doglan şäherine baryp, ýazga durmalydy. Ýusup bilen Merýem beýtullahamlydy, şonuň üçin Ýusup göwreli aýalyny alyp, şol şähere barýar (Luka 2:3). Merýem çagasyny mal ýatakda dogrup, ony bir ahyrda ýatyrýar. Şonda Hudaý ençeme perişdesini iberýär, olar düzdäki çopanlara doglan çaganyň wada edilen Mesihdigini aýdýarlar.

Isa pygamberiň wada edilen Mesihdigini tassyklaýan başga-da subutnamalar aýan boldy. Işaýa pygamber Mesihe ýol taýýarlajak adamyň peýda boljakdygyny aýdypdy (Işaýa 40:3). Ol Ýahýa Çokundyryjydy. Ýahýa Isa pygamberi görende, şeýle diýdi: «Ine, şu dünýäniň günäsini Öz üstüne alan Hudaýyň Guzusy». Ýahýanyň käbir şägirtleri şol bada Isanyň yzyna düşýärler. Olaryň biri: «Biz Mesihi tapdyk» diýdi (Ýahýa 1:29, 36, 41).

Muňa Hudaýyň özi-de güwä geçdi. Ýahýa Isany suwda çokundyranda, gökden Ýehowanyň sesi eşidildi. Ol Isany mukaddes ruhy bilen mesh edip: «Meniň söýgüli Oglum Bu. Men Ondan köp razydyryn» diýdi (Matta 3:16, 17). Wada edilen Mesih peýda boldy!

Bu haçan boldy? B. e. 29-njy ýylynda — Daniýeliň pygamberligine görä, şonda 483 ýyl geçipdi. Isa pygamberiň Mesihdigini tassyklaýan, gör, nähili ynamly subutnamalar! Isa ýer ýüzünde ýaşanda näme barada wagyz etdi?

Mattanyň 1—3-nji; Markusyň 1-nji; Lukanyň 2-nji; Ýahýanyň 1-nji baplaryna esaslanýar.