Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 107-NJI BAP

Patyşa çagyrylan myhmanlara toýa gelmegi haýyş edýär

Patyşa çagyrylan myhmanlara toýa gelmegi haýyş edýär

MATTA 22:1—14

  • TOÝ DABARASY BARADAKY MYSAL

Isanyň ýer ýüzündäki gullugy tamamlanyp gelýärdi. Ol kanunçylary we uly ruhanylary mysallar arkaly paş etmegini bes etmeýär. Şol sebäpli olar Isany öldürmek üçin oda-köze düşýärler (Luka 20:19). Emma Isa şonda-da olary paş etmegini dowam edip, ýene bir hekaýany gürrüň berýär:

«Gökdäki Patyşalygy ogluny öýerip, toý tutýan patyşa meňzetse bolar. Ol gullaryny iberip, toý dabarasyna adamlary çagyrdy, ýöne çagyrylanlar gelmek islemedi» (Matta 22:2, 3). Üns beren bolsaňyz, Isa giriş sözlerini «Gökdäki Patyşalyk» diýip başlaýar. Diýmek, «patyşa» Ýehowa Hudaýy aňladýar. Onda patyşanyň ogly we toýa çagyrylan myhmanlar kimkä? Elbetde, Ýehowanyň Oglunyň kimdigini bilmek kyn däl. Şeýle-de onuň Ogly bilen gökdäki Patyşalykda höküm sürmäge kimleriň çagyrylandygyny bilmek hem aňsat.

Emma toýa ilkinji bolup çagyrylanlar kim? Isa we onuň resullary Patyşalyk baradaky habary kimlere wagyz etdiler? Elbetde, ýehudylara (Matta 10:6, 7; 15:24). B. e. öň 1513-nji ýylda Hudaý olar bilen Kanun ähtini baglaşypdy. Diýmek, «patyşalyk ruhanylaryň» agzalary başda ysraýyl halkyndan saýlandy (Müsürden çykyş 19:5—8, TD). Ýöne olar «toý dabarasyna» haçan çagyryldy? B. e. 29-njy ýylynda, şonda Isa gökdäki Patyşalyk hakda wagyz edip başlapdy.

Olar çakylyga nähili seslendiler? Isanyň aýtmagyna görä, «çagyrylanlar mynasyp bolmady». Dini ýolbaşçylar we halkyň aglabasy Isany Mesih hem-de Hudaýyň bellän Patyşasy hökmünde kabul etmedi.

Muňa garamazdan, Isa ýehudylaryň ikilenç çagyrylandygyny aýdýar. Ol muny şeýle gürrüň berýär: «Şonda ol (patyşa) başga gullaryny iberip: „Çagyrylanlara aýdyň: Ine, men günortanlyk nahary taýýarladym, öküzler we iň gowy mallar soýuldy, hemme zat taýyn. Toýa geliň“ diýdi. Emma olar muňa biperwaý garap, biri öz mellegine, beýlekisi söwda-satyk işlerine gitdi. Galanlary  bolsa gullary ýenjip öldürdiler» (Matta 22:4—6). Bu sözler mesihçiler ýygnagy dörände berjaý bolmalydy. Sebäbi şol wagt Patyşalyga girmäge diňe ýehudylarda mümkinçilik bardy. Ýöne şonda-da köpüsi çakylygy kabul etmezler, hatda «patyşanyň gullaryny» hem kemsiderler (Resullaryň işleri 4:13—18; 7:54, 58).

Munuň netijesi nähili bolar? Isa şeýle diýýär: «Patyşanyň muňa juda gahary geldi. Ol goşunyny iberip, olary öldürdi we şäherini otlady» (Matta 22:7). B. e. 70-nji ýylynda rimliler «olaryň... şäherini», ýagny Iýerusalimi derbi-dagyn edende, ýehudylar şu zatlary başdan geçirerler.

Eger çagyrylanlar patyşanyň çakylygyny kabul etmedik bolsalar, onda toýa başga hiç kim çagyrylmazmy? Isa bu babatda şeýle diýýär: «Soňra ol (patyşa) gullaryna şeýle diýdi: „Toý taýýar, emma çagyrylanlar mynasyp bolmady. Şonuň üçin gidiň-de, şäheriň uly ýollaryna çykyp, hemmeleri toýa çagyryň“. Olar hem uly ýollara çykyp, erbet diýmän, ýagşy diýmän, adamlaryň baryny çagyrdylar. Şeýdip, toý jaýy myhmandan doldy» (Matta 22:8—10).

Birnäçe wagtdan Petrus resul özge milletden bolan adamlara, ýagny ýehudy bolmadyk ýa-da ýehudy dinini kabul etmedik adamlara mesihçi bolmaga kömek edip başlar. B. e. 36-njy ýylynda Rim goşunynyň ýolbaşçysy Korneliýe we onuň öý-içersine Hudaýyň mukaddes ruhy indi. Şonda olar gökdäki Patyşalykda Isa bilen höküm sürjekleriň arasyna saýlandylar (Resullaryň işleri 10:1, 34—48).

Isa hekaýasynda toýa gelen myhmanlaryň ählisiniň «patyşanyň» göwnünden turmajakdygyny aýdýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Patyşa gelip, myhmanlara syn edende, olaryň arasynda toý eşigini geýmedik bir adamy gördi. Şonda ol: „Dostum, sen bu ýere toý eşigini geýmän nädip girip bildiň?“ diýip sorady. Ol hiç zat jogap bermedi. Soňra patyşa hyzmatkärlerine: „Munuň el-aýagyny daňyp, garaňkylyga taşlaň. Ol ýerde gözýaş döküp, alaçsyzlykdan ýaňa dişini gyjar“ diýdi. Hawa, çagyrylanlar köp, saýlananlar azdyr» (Matta 22:11—14).

Isany diňläp oturan dini ýolbaşçylar onuň aýdýanlarynyň manysyna doly düşünmedik bolsalar gerek. Muňa garamazdan, eşidýän zatlary olaryň gulagyna ýakmaýar. Şonuň üçin olaryň bu zatlary gürrüň beren adamy öldürmek islegi has-da güýjeýär.