Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 117-NJI BAP

Halypamyzyň agşam nahary

Halypamyzyň agşam nahary

MATTA 26:21—29; MARKUS 14:18—25; LUKA 22:19—23; ÝAHÝA 13:18—30

  • IUDA HAÝYNLYK EDÝÄR

  • ISA ÝATLAMA AGŞAMYNY GIRIZÝÄR

Isa ýaňyja resullaryň aýagyny ýuwup, pesgöwünli bolmagy öwretdi. Pasha baýramyny belländen soň, ol Dawudyň sözlerini getirip, şeýle diýýär: «Çöregimi iýen, özüne ynanýan dostum hem maňa ökjesini galdyrdy». Soňra ol aýdanlaryny şeýle düşündirýär: «Siziň araňyzdan biri maňa dönüklik eder» (Zebur 41:9; Ýahýa 13:18, 21).

Resullar bir-birine seredişip, Isadan: «Mugallym, men-ä däldirin?» diýip soraýarlar. Muny hatda Iuda Iskariot hem soraýar. Şonda Petrus Isanyň ýanynda oturan Ýahýadan kim hakda aýdýandygyny soramagy haýyş edýär. Ýahýa hem Isanyň ýanyna has golaýrak süýşüp: «Halypam, ol kim?» diýip soraýar (Matta 26:22; Ýahýa 13:25).

Isa: «Men şu çöregi nahara batyryp, kime uzatsam, şoldur» diýip jogap berýär. Soňra nahara batyran çöregini alyp, Iuda uzadýar-da: «Dogrudan-da, Ýazgylarda aýdylyşy ýaly, Ynsan ogly öldürilmek üçin sizden gidip barýar. Ýöne Ynsan ogluna dönüklik edýän adamyň waý gününe! Ol dünýä inmedik bolsa gowy bolardy» diýýär (Ýahýa 13:26; Matta 26:24). Şonda Iudanyň içine Şeýtan girýär. Elbetde, onuň ýaramaz ýola düşendigine köp wagt boldy, emma häzir ol özüni tutuşlaýyn Iblise aldyrypdy, şonuň üçinem Isa ol hakda «heläk bolar» diýipdi (Ýahýa 6:64, 70; 12:4; 17:12).

Isa Iuda ýüzlenip: «Näme edýän bolsaň, çaltrak et» diýýär. Iuda pully guta jogapkär bolansoň, resullar Isa oňa: «„Baýramçylyk üçin gerekli zatlary satyn al“ diýendir ýa-da garyplara bir zatlar paýlamagy tabşyrandyr» diýip pikir edýärler (Ýahýa 13:27—30). Iuda bolsa gidip, Isany satýar.

Isa Pashalyk naharyndan soň, täze baýramçylyk girizýär. Ol çöregi alyp, Hudaýa minnetdarlyk bildirýär-de, resullaryna iýmäge berýär. Soňra:  «Bu meniň siziň üçin berýän bedenimdir. Muny meni ýatlamak üçin berjaý ediň» diýýär (Luka 22:19). Şonda resullaryň hersi çörekden dadyp, bir-birine geçirýärler.

Soňra Isa şeraply käsäni alyp, Hudaýa minnetdarlyk bildirýär-de, resullaryna berýär. Olaryň hersi ondan dadýarka, Isa: «Bu käse siziň ugruňyzda döküljek ganym bilen berkidilen täze ähti aňladýandyr» diýýär (Luka 22:20).

Şeýdip, Isa şägirtlerine her ýyl nisan aýynyň 14-i güni ölümini ýatlamagy tabşyrýar. Isanyň ölümi onuň we Atasynyň wepaly adamlary günä bilen ölümiň gulçulygyndan halas edendigini ýadyna salmalydy. Bu hatda ýewreýleriň belleýän Pasha baýramyndan hem uludy, sebäbi ol iman edýän adamlaryň ählisini azatlyga çykarýar.

Isa öz ganynyň «köp adamlaryň günäleriniň ötülmegi üçin dökülýändigini» aýdýar. Dogrudan-da, Isanyň gany arkaly wepaly resullar we başga-da şolar ýaly adamlaryň günäleri ötülýär. Olar Isa bilen gökde Atasynyň Patyşalygynda höküm sürerler (Matta 26:28, 29).