Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 122-NJI BAP

Isanyň ýokarky otagda eden iň soňky dogasy

Isanyň ýokarky otagda eden iň soňky dogasy

ÝAHÝA 17:1—26

  • HUDAÝ WE ONUŇ OGLY HAKDA BILIM ALMAGYŇ ÄHMIÝETI

  • ÝEHOWA, ISA WE ŞÄGIRTLER BIRDIR

Isa resullaryny güýçli söýýärdi. Şol sebäpli olary özüniň göge gitjek wagtyna taýýarlaýar. Ine-de, ol göge bakyp, Atasyna şeýle sözler bilen ýüzlenýär: «Atam, wagt gelip ýetdi. Ogluň seni şöhratlandyrar ýaly, sen hem Ogluňy şöhratlandyr. Ogluň hemmelere ebedi ýaşaýşy berip biler ýaly, sen oňa ähli adamlaryň üstünden ygtyýar berdiň» (Ýahýa 17:1, 2).

Hawa, Isa Hudaýy şöhratlandyrmagy hemme zatdan ileri tutmagyň wajypdygyna düşünýärdi. Emma onuň ebedi ýaşaýyş barada agzamagy diýseň teselli berýär! Isanyň «ähli adamlaryň üstünden ygtyýary» bar. Şonuň üçin onuň töleg gurbany bütin adamzada peýda getirip biler. Ýöne bu bereket hemmelere berilmez. Näme üçin? Sebäbi onuň töleg gurbany peýda berer ýaly, şu sözleri berjaý etmeli: «Ebedi ýaşaýşy almak üçin, olar sen, ýagny ýeke-täk hak Hudaý we seniň ibereniň Isa Mesih hakda bilim almalydyr» (Ýahýa 17:3).

Görşümiz ýaly, ebedi ýaşaýşa gowuşmak üçin, Ata, hem-de onuň Ogly hakda bilim alyp, olar bilen dostlaşmaly. Ähli zada olaryň garaýşy ýaly garamaly. Şeýle-de adamlar bilen iş salşanyňda, olaryň ajaýyp häsiýetlerine eýermeli. Galyberse-de, ebedi ýaşaýşa gowuşmagy Hudaýy şöhratlandyrmakdan ileri tutmaly däldigine düşünmeli. Isa bu hakda şeýle diýýär:

«Maňa tabşyran işiňi tamamlap, seni ýer ýüzünde şöhratlandyrdym. Indi bolsa, Atam, ynsan ýaradylmazdan öň seniň ýanyňdakam bolan şöhratymy ýene-de berip, meni şöhratlandyr» (Ýahýa 17:4, 5). Hawa, Isa Atasyndan direlenden soň, gökde öňki şöhratyny dikeltmegi haýyş edýär.

Emma Isa ýer ýüzünde amala aşyran işini unutmandy. Ol bu babatda şeýle doga edýär: «Maňa şu dünýäden beren adamlaryňa seniň adyňy aýan etdim. Olar seniňkidi, sen hem olary maňa berdiň, olar seniň sözüňi berjaý etdiler» (Ýahýa 17:6). Isa wagyz edende, Hudaýyň Ýehowa adyny gaty köp yglan edýärdi. Şeýle-de ol resullaryna diňe bir Hudaýyň adyny tutmagy däl-de, onuň häsiýetlerini we adamlara nähili garaýandygyny bilmäge kömek etdi.

Resullar Ýehowa we onuň Oglunyň tutýan orny barada bilim aldylar. Olar Isanyň başga-da öwreden zatlaryny kabul etdiler. Ol dogasynda bu hakda pesgöwünlilik bilen: «Maňa beren sözleriňi aýdanymda, olar kabul etdiler we seniň wekiliň hökmünde gelendigime doly göz ýetirdiler, meni seniň iberendigiňe hem iman etdiler» diýýär (Ýahýa 17:8).

Isa şägirtleriniň bu dünýädäki adamlardan tapawutlanmalydygyna düşünýärdi. Şonuň üçin ol şeýle doga edýär: «Men olar üçin senden haýyş edýärin; dünýä üçin däl-de, seniň maňa beren adamlaryň üçin haýyş edýärin, sebäbi olar seniňkidir... Eý mukaddes Atam, olary öz adyň, ýagny maňa götermäge beren adyň hatyrasy üçin gora. Şonda biziň birlikde bolşumyz ýaly, olar hem birlikde bolarlar... Men olary goradym we olaryň hiç biri heläk bolmady... olaryň diňe biri ýiter we heläk bolar». Bu ýerde Isa haýynlyk eden Iuda Iskariot göz öňünde tutulýar (Ýahýa 17:9—12).

Isa dogasyny şeýle sözler bilen dowam edýär: «Dünýä olary ýigrendi, sebäbi meniň dünýäden bolmaýşym ýaly, olar hem dünýäden däldirler. Men olary dünýäden almagyňy däl-de, zalymdan goramagyňy haýyş edýärin. Meniň dünýäden bolmaýşym ýaly, olar hem dünýäden däldirler» (Ýahýa 17:14—16). Resullar we beýleki şägirtler ynsan jemgyýeti arkaly Şeýtanyň höküm sürýän dünýäsinde ýaşasalar-da, olar dünýäden aýry bolmaly we onuň erbet işlerine goşulmaly däl. Nädip?

Olar Hudaýa gulluk etmek üçin özlerini mukaddes saklap, aýry tutmalydylar. Munuň üçin olar  Ýewreý ýazgylaryndaky hakykaty we Isanyň öwreden hakykatyny berjaý etmelidiler. Isa: «Olary sözüň bilen mukaddes et, sebäbi seniň sözüň hakykatdyr» diýip doga edýär (Ýahýa 17:17). Birnäçe wagtdan resullaryň käbiri Hudaýyň ylhamy bilen birnäçe kitap ýazarlar. Olar «hakykatyň» bir bölegi bolup, adama mukaddes galmaga kömek edip biler.

Emma wagtyň geçmegi bilen «hakykaty» kabul etjek başga-da adamlar bolar. Isa olar hakda şeýle doga edýär: «Men diňe olar (11 resul) üçin däl, eýsem, olaryň öwredýän zatlaryny diňläp, maňa iman etjek adamlar üçin hem haýyş edýärin». Isa olardan näme talap edýär? «Atam, şonda seniň meniň bilen, meniň hem seniň bilen birlikde bolşum ýaly, olaryň ählisi-de birlikde bolarlar» (Ýahýa 17:20, 21). Isa bilen Atasy göni manyda bir şahsyýet däl. Olaryň pikiri, niýeti birdi. Isa şägirtleriniň hem şeýle agzybir bolmagyny isläp, şol hakda doga edýär.

Biraz wagt mundan öň Isa Petrusa we beýlekilere gökde ýer taýýarlamaga barýandygyny aýdypdy (Ýahýa 14:2, 3). Isa şu pikirini dowam edip, şeýle diýýär: «Atam, men nirede bolsam, maňa beren adamlaryň hem ýanymda bolmagyny haýyş edýärin. Şonda olar seniň maňa beren şöhratyňy görüp bilerler, sebäbi sen meni dünýä ýaradylmanka söýdüň» (Ýahýa 17:24). Şeýdip, Isa gadymy döwürlerden bäri, ýagny Adam ata bilen How enäniň çagasy dogulmazdan öň, Hudaýyň ony, ilkinji ýaradan Ogluny söýýändigini tassyklaýar. Bu Ogul soň Isa Mesih bolýar.

Isa dogasynyň soňunda Atasynyň adyny we onuň resullara hem-de «hakykaty» kabul etjek başga-da adamlara bolan söýgüsini birnäçe gezek nygtaýar: «Men olara adyňy tanatdym, ýene-de tanadaryn. Şonda maňa bolan söýgiň olarda-da bolar, men hem olar bilen birlikde bolaryn» (Ýahýa 17:26).