Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 65-NJI BAP

Iýerusalime barýan ýolda...

Iýerusalime barýan ýolda...

MATTA 8:19—22; LUKA 9:51—62; ÝAHÝA 7:2—10

  • ISANYŇ DOGANLARY OŇA NÄHILI GARAÝARDY?

  • HUDAÝYŇ PATYŞALYGYNA HYZMAT ETMEK WAJYPMY?

Isanyň Jelilede wagyz edip ýörendigine birnäçe wagt bolupdy. Onuň ýaşaýjylary Ýahudanyňka garanyňda hoş habara gowy seslenýärdi. Şeýle-de Isa Iýerusalime baranda, Sabat güni syrkaw adamy sagaldandygy üçin, «ýehudylar ony öldürjek bolup has-da aýaga galypdylar» (Ýahýa 5:18; 7:1).

Häzir b. e. 32-nji ýylynyň güýz aýlarydy we Çatma baýramy golaýlaýardy. Bu baýram ýedi gün dowam edip, sekizinji güni uly dabara bolýardy. Her ýyl hasyl ýygymy tamamlananda bolýan bu baýramçylyk şatlyk-şowhunly geçýärdi we Hudaýa minnetdarlyk bildirilýärdi.

Şonda Isanyň süýtdeş doganlary Ýakup, Ýahuda, Simun we Ýusup oňa Ýahuda gitmegi maslahat berýärler. Iýerusalim Ýahudanyň dini merkezi hasaplanýardy. Şol sebäpli ýylda üç gezek bellenilýän baýramçylyklarda şäheriň içi adamdan dolýardy. Isanyň doganlary oňa: «Özüni hemmelere aýan etmek isleýän adam hiç zady gizlin edýän däldir. Goý, seniň hem edýän işleriňi hemmeler görsün» diýýärler (Ýahýa 7:3, 4).

Aslynda, doganlary «oňa iman etmeýärdi», ýagny ony Mesih hasaplamaýardylar. Ýöne olar baýramçylykda Isanyň gudratly işlerini görmek isleýärdiler. Isa bolsa howp abanýandygyny bilýärdi, şonuň üçin ol: «Dünýä sizi ýigrenmeýär, çünki muňa hiç hili sebäp ýok. Emma ol meni ýigrenýär, sebäbi men dünýäniň edýän işleriniň erbetdigini aýdýaryn. Siz baýramçylyga gidiberiň, ýöne men entek gitjek däl. Sebäbi meniň wagtym heniz gelip ýetmedi» diýýär (Ýahýa 7:5—8).

Birnäçe günden soň Isanyň doganlary köpçülige goşulyp, baýramçylyga gidýärler. Isa bolsa şägirtleri bilen hiç kime bildirmän ýola düşýär. Olar Iordan derýasynyň golaýyndaky hemmeleriň gidýän ýolundan däl-de, Samariýanyň içi bilen gidýärler. Isa şägirtleri bilen Samariýada düşlemeli bolýar. Şonuň üçin ol öňünden adam iberip, gerekli zatlary taýýarlamagy tabşyrýar. Emma ol obanyň ýaşaýjylary olary kabul etmeýärler, ýagny däbe görä edilmeli myhmansöýerligi bildirmeýärler. Sebäbi olar Isanyň ýehudylaryň baýramçylygyny bellemäge barýandygyny bilýärdiler. Ýakup bilen Ýahýa muňa gaharlanyp: «Mugallym, gökden ot ýagdyryp, olary ýok etmegimizi isleýärmiň?» diýýärler (Luka 9:54). Bu sözleri üçin Isa olara käýeýär. Soňra olar ýoluny dowam edýärler.

Ýolda barýarkalar, bir kanunçy gelip: «Mugallym, sen nirä gitseň, menem seniň bilen giderin» diýýär. Isa oňa: «Tilkileriň süreni, asmandaky guşlaryň höwürtgesi bar, emma Ynsan oglunyň başyny goýmaga-da ýeri ýokdur» diýip jogap berýär (Matta 8:19, 20). Şeýle diýmek bilen, ol kanunça  özüniň yzyna eýermegiň aňsat bolmajakdygyny aýdýar. Emma kanuçy Isanyň aýdan ýoluny saýlamagy özüne kiçilik bilen bolmaly. Şol sebäpli biz özümizden: «Men Isanyň yzyna höwes bilen eýerýärinmi?» diýip sorasak, gowy bolar.

Soňra Isa başga bir adama: «Meniň şägirdim bol» diýýär. Ol bolsa: «Halypam, maňa öňürti gidip, kakamy jaýlamaga rugsat ber» diýýär. Isa onuň ýagdaýyny bilip: «Goý, ölüleri ölüleri jaýlasyn, sen bolsa git-de, ähli ýerde Hudaýyň Patyşalygyny yglan et» diýýär (Luka 9:59, 60). Onuň kakasy heniz aradan çykmadyk bolmaly. Ýogsam, ol bu ýerde Isa bilen arkaýyn gepleşip durmazdy. Hawa, bu adam Hudaýyň Patyşalygyny durmuşynda birinji orunda goýmaga taýyn däldi.

Olar ýoluny dowam edip barýarkalar, ýene bir adam Isanyň ýanyna gelip: «Halypam, men seniň yzyňa eýererin, ýöne ilki gidip, öýdäkiler bilen hoşlaşmaga rugsat ber» diýýär. Isa oňa: «Eline azaly alyp, yzyna seredýän adam Hudaýyň Patyşalygyna girmäge mynasyp däldir» diýip jogap berýär (Luka 9:61, 62).

Dogrudan-da, Isanyň hakyky şägirdi bolmak üçin bar pikiriň Hudaýyň Patyşalygyna hyzmat etmäge gönükdirilen bolmaly. Ýer sürýän adam öňüne seretmese, onda onuň çekýän joýalary gyşyk bolar. Eger ol azalyny goýup, ýöne yzyna seredip dursa, onda işini tamamlap bilmez. Şonuň ýaly-da yzyna, ýagny bu dünýä seredýän adamyň ebedi ýaşaýşa eltýän ýoldan sowulmagy gaty ahmaldyr.