Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

94-NJI BAP

Doga etmek we pesgöwünli bolmak örän wajypdyr

Doga etmek we pesgöwünli bolmak örän wajypdyr

LUKA 18:1—14

  • ERJELLIK GÖRKEZEN DUL AÝAL BARADAKY MYSAL

  • FARISEÝ WE SALGYTÇY

Isa şägirtlerine erjellik bilen doga etmegiň wajypdygyny görkezýän mysaly öňem gürrüň beripdi (Luka 11:5—13). Häzir ol Samariýada ýa-da Jelilede bolmaly. Ol erjellik bilen doga etmegiň wajypdygyny ýene-de nygtamak isleýär, şonuň üçin şeýle mysal gürrüň berýär:

«Şäherleriň birinde Hudaýdan gorkmaýan, adamlary hem sylamaýan bir kazy bardy. Şol ýerde bir dul aýal hem bardy. Ol hemişe kazynyň ýanyna baryp: „Meniň bir duşmanym bar. Meselämi kanun esasynda adalatly çözüp bermegiňi haýyş edýärin“ diýerdi. Emma kazy oňa ençeme wagtlap kömek etmek islemedi. Ýöne soňra öz-özüne: „Men Hudaýdan gorkmasam-da, adamlary äsgermesem-de, şu dul aýal ýüregime düşendigi üçin, meselesini adalatly çözüp bereýin. Ýogsam, ol häli-şindi ýanyma gelip durar-da, meni bizar eder“ diýdi» (Luka 18:2—5).

Isa mysalyň manysyny şeýle düşündirýär: «Siz adalatsyz kazynyň näme diýendigini eşitdiňizmi? Onda Hudaý barada näme diýse bolar? Eýsem, ol gije-gündiz perýat edýän saýlanlaryna sabyrly bolsa-da, olar üçin adalaty dikeltmezmi?» (Luka 18:6, 7). Bu sözler gökdäki Atamyz babatda nämäni görkezýär?

Elbetde, Isa Ýehowa Hudaýy adalatsyz kazy bilen deňeşdirjek bolmaýar. Gaýtam, ol gapma-garşylygy görkezýär: eger adalatsyz ynsan kazysy dyngysyz ýalbaran aýala kömek eden bolsa, onda Hudaýyň kömek etjekdigine asla şübhelenmeli däldir. Ol dogruçyl we ýagşydyr; ruhdan düşmän doga edýän halkyna hökman jogap berer. Muny Isanyň şu sözlerinden görse bolýar: «Size diýýärin, Hudaý olar üçin adalaty hökman dikelder» (Luka 18:8).

Köplenç sada we garyp adamlaryň hukugyny kemsidýärler, ygtyýarly we baý adamlary bolsa götergileýärler. Emma Hudaý beýle etmeýär. Ol wagty gelende, zalymlary jezalar, gullukçylaryny bolsa ebedi ýaşaýyş bilen sylaglar.

Eýsem, dul aýal ýaly iman edýän adam barmyka? Hudaýyň «adalaty hökman dikeltjekdigine» ynanýan adamlar köpmi? Isa ýaňyja erjellik bilen doga etmegiň wajypdygyny mysal arkaly görkezdi. Indi ol doga-dilegiň güýjüne ynanmagyň ähmiýetini görkezip: «Ynsan ogly gelende, ýer ýüzünde hakykatdan iman edýän adamlary taparmy?» diýip soraýar (Luka 18:8). Bu sözler Mesih gelende, dul aýalyňky ýaly imanly adamlaryň köp bolmajakdygyny görkezýär.

Isany diňläp oturan adamlaryň arasynda imanyna buýsanýan adamlar az däldi. Olar öz dogrulygyna bil baglap, başgalary äsgermeýärdiler. Isa olara degişli edip, bir mysal gürrüň berýär:

«Iki adam doga etmek üçin ybadathana girýär. Olaryň biri fariseý, beýlekisi salgytçydy. Fariseý durup, öz içinden şeýle doga edip başlaýar: „Eý Hudaý, men başgalar ýaly talaňçy, erbet, zynahor, hatda şu salgytçy ýaly däldigime saňa şükür edýärin. Men hepdede iki gezek agzymy bekleýärin; ähli girdejimiň ondan bir bölegini saňa berýärin“» (Luka 18:10—12).

Fariseýler iliň öňünde özüni dogruçyl görkezýärdiler, şeýdip, adamlarda täsir galdyrmak isleýärdiler. Adatça, olar hepdäniň birinji we dördünji günleri agyz bekleýärdiler. Sebäbi şol günler bazar bolýardy we köp adamlar olary görüp bilýärdi. Şeýle-de olar ot-çöp ýaly ujypsyz zatlaryň ondan bir bölegini berýärdiler (Luka 11:42). Bary-ýogy birnäçe aý mundan öň olar sada adamlara ýigrenç bildirip: «(Bu) märeke Kanuny (fariseýleriň garaýşy boýunça) asla bilmeýär, olar näletlenen adamlardyr» diýipdiler (Ýahýa 7:49).

Isa gürrüňini şeýle dowam edýär: «Emma salgytçy uzakda durýar, hatda gözlerini göge galdyrmaga-da ýürek etmän, gursagyna urup: „Eý Hudaý, men günäkäre rehim et“» diýýär. Hawa, salgytçy kemçiligini pesgöwünlilik bilen boýun alýar. Isa sözüni şeýle jemleýär: «Size diýýärin, ol adam öýüne gaýdanda, fariseýden has dogruçyl hasaplandy. Sebäbi özüni beýgeldýän adam kiçeldiler, özüni kiçeldýän bolsa beýgeldiler» (Luka 18:13, 14).

Şeýdip, Isa pesgöwünliligiň zerurdygyny aýdyň görkezdi. Bu maslahat şägirtler üçin diýseň peýdaly. Sebäbi olar derejä üns berýän jemgyýetde önüp-ösdüler. Özüne göwni ýetýän fariseýler bolsa bu zatlary öňe sürýärdiler. Isanyň maslahatyna onuň ähli şägirtleri eýermelidir.