Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 18-NJI BAP

Ýahýa peselýär, Isa bolsa beýgelýär

Ýahýa peselýär, Isa bolsa beýgelýär

MARKUS 6:17—20; ÝAHÝA 3:22—4:3

  •   ISANYŇ ŞÄGIRTLERI ADAMLARY SUWA ÇÜMDÜRÝÄR

  • SUWA ÇÜMDÜRÝÄN ÝAHÝA TÜRMÄ BASYLÝAR

B. e. 30-njy ýylynda Pasha baýramyny bellänsoň, Isa şägirtleri bilen Iýerusalimden gaýdýar. Emma olar göni öýlerine, ýagny Jelilä däl-de, ilki Ýahuda ýurduna baryp, şol ýerde köp adamlary suwa çümdürýärler. Ýahýa eýýäm bir ýyla golaý şu iş bilen meşgullanyp gelýärdi, ol muny Iordan jülgesinde edýän bolmaly, käbir şägirtleri henizem onuň ýanyndady.

Aslynda, adamlary Isa däl-de, onuň ýolbaşçylygynda şägirtleri suwa çümdürýärdi. Şol döwürde Isa-da, Ýahýa-da Hudaýyň Kanun ähtine garşy eden günälerine toba edýän ýehudylara tälim berýärdi (Resullaryň işleri 19:4).

Ýahýanyň şägirtleri gabanyp, Isa babatda: «Seniň ýanyňa gelen... adam (Isa) suwa çümdürip ýör, hemmeler hem onuň ýanyna barýar» diýip nägilelik bildirýärler (Ýahýa 3:26). Ýöne Ýahýa gabanmaýardy, gaýtam, ol Isanyň gazanýan üstünligine begenip, şägirtleriniň hem muňa şatlanmagyny isleýärdi. Ýahýa olara: «„Men Mesih däl, ýöne men onuň öňünden iberilen adamdyryn“ diýen sözlerime siziň özüňiz şaýat bolupdyňyz» diýýär. Soňra hemmeler düşüner ýaly, şeýle mysal getirýär: «Gelinligi bar bolan adam öýlenýän ýigit hasaplanýandyr. Emma öýlenýän ýigidiň dosty onuň ýanynda durup, aýdýanlaryny eşidende, juda begenýändir. Meniň hem begenjimiň çägi ýokdur» (Ýahýa 3:28, 29).

Ýahýa birnäçe aý mundan öň şägirtlerini Isa bilen tanyşdyranda, öýlenýän ýigidiň dosty hökmünde muňa begenipdi. Olaryň käbiri Isanyň yzyna düşüpdi we gelejekde mukaddes ruh bilen mesh edilmelidi. Ýahýa häzirki şägirtleriniň hem Isanyň yzyna düşmegini isleýär. Sebäbi Ýahýanyň maksady Mesihiň gullugy üçin ýol taýýarlamakdy. Ýahýa muny şeýle düşündirýär: «Hawa, Mesih beýgelmelidir, men bolsa peselmelidirin» (Ýahýa 3:30).

Ilkinji şägirtleriň biri bolan Ýahýa Isanyň gelip çykyşy we adamlary halas etmekde tutýan orny barada şeýle ýazýar: «Ýokardan gelen hemmelerden beýikdir... Ata Ogluny söýýändir we ähli zady onuň eline berendir. Ogla iman eden ebedi ýaşaýşa gowşar; Ogla gulak asmaýan adam ýaşaýyş görmez, gaýtam, Hudaýyň gazabyna sezewar bolar» (Ýahýa 3:31, 35, 36). Hawa, adamlaryň bilmeli hakykaty şudy!

Suwa çümdürýän Ýahýa öz orny we peselmelidigi barada aýdanyna köp wagt geçmänkä, Hirodes patyşa ony tussag edýär. Hirodes öweý dogany Filipusyň aýaly Hirodiýa öýlenipdi. Ýahýa Hirodesiň zyna edendigini açyk aýdanda, ol ony türmä basýar. Isa onuň türmä basylandygyny eşidende, şägirtleri bilen Ýahudadan gaýdyp, Jelilä gelýär (Matta 4:12; Markus 1:14).