Hudaýyň hoş habary

Hudaýyň hoş habary näme barada? Biz oňa näme üçin ynanyp bileris? Şu broşýura Mukaddes Ýazgylara degişli wajyp soraglara jogap berýär.

Bu broşýurany nädip ulanmaly?

Bu broşýura size göni Hudaýyň Sözünden, ýagny Mukaddes Ýazgylardan hezil edip öwrenmäge kömek eder. Öz Mukaddes Ýazgylaryňyzdan getirilen aýatlary tapmaga synanşyň.

LESSON 1

Bu hoş habar näme barada?

Hudaýyň hoş habarynyň nämeden ybaratdygy, näme üçin ony hökman bilmelidigi we siziň näme etmelidigiňiz hakda öwreniň.

LESSON 2

Hak Hudaý kim?

Hudaýyň ady barmy we ol biziň aladamyzy edýärmi?

LESSON 3

Dogrudan-da, hoş habar Hudaý tarapynmy?

Mukaddes Ýazgylaryň Hudaýyň kitabydygyna ynansa bolýarmy?

LESSON 4

Isa pygamber kim?

Isa pygamberiň näme üçin ölendigini, töleg gurbanynyň nämedigini we onuň häzir näme edýändigini biliň.

LESSON 5

Hudaý ýeri näme maksat bilen ýaratdy?

Mukaddes Ýazgylarda horkuklaryň soňunyň haçan geljekdigi, gelejekde ýer ýüzünde Jennetiň nädip dikeldiljekdigi, şeýle-de ol ýerde kimleriň ýaşajakdygy düşündirilýär.

LESSON 6

Ölen adamlara näme garaşýar?

Adam ölende, oňa näme bolýar? Aradan çykan ýakynlarymyzy ýene-de görerismi?

LESSON 7

Hudaýyň Patyşalygy näme?

Hudaýyň Patyşalygynyň Patyşasy kim we Patyşalyk nämeler eder?

LESSON 8

Hudaý erbetlige we horluklara näme üçin ýol berýär?

Erbetlik nädip başlandy we Hudaý erbetligiň dowam etmegine näme üçin ýol berýär? Horluklaryň soňy gelermi?

LESSON 9

Maşgalany nädip bagtly edip bolýar?

Ýehowa, bagtly Hudaý maşgalalaryň bagtly bolmagyny isleýär. Mukaddes Ýazgylarda ärler, aýallar, ene-atalar we çagalar üçin peýdaly maslahatlar bar.

LESSON 10

Siz hakyky dini nädip tapyp bilersiňiz?

Ýeke-täk hakyky din barmy? Hudaýyň hakyky gullukçysynyň bäş aýratynlygyny biliň.

LESSON 11

Hudaýyň kada-kanunlary bize nädip peýda getirýär?

Isa pygamber bize görkezmäniň näme üçin gerekdigini we iki sany wajyp tabşyrygy aýtdy.

LESSON 12

Hudaýa nädip ýakynlaşyp bolýar?

Hudaýyň hemme doga-dilegleri diňleýän ýa diňlemeýändigini, nädip dileg etmelidigini we Hudaýa ýakynlaşmak üçin yene näme etmelidigini biliň.

LESSON 13

Dinlere näme bolar?

Haçanam bolsa her bir adam ýeke-täk hak Hudaýa agzybirlikde gulluk edermikä?

LESSON 14

Hudaýyň guramasy näme üçin gerek?

Mukaddes Ýazgylarda mesihçileriň näme üçin we nädip gurama bolandygy düşündirilýär.

LESSON 15

Ýehowa barada bilim almagyňy näme üçin dowam etmeli?

Hudaý barada alan bilimiňiz başgalara nädip kömek eder? Hudaý bilen dostlugyňyzy nädip berkidip bilersiňiz?