Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 ONUNJY BAP

Ol hakyky seždäniň tarapyny tutdy

Ol hakyky seždäniň tarapyny tutdy

1, 2. a) Ylýas pygamberiň günlerinde ysraýyllylar näme üçin ejir çekýärdi? b) Ylýas pygamber Karmel dagynda nähili garşylyga duş geldi?

YLÝAS PYGAMBER Karmel dagyna çykýan märekä syn edýär. Ýaňy daň atyp başlan bolsa-da, adamlaryň garyplyk we açlyk sebäpli ejir çekýändigi görünýärdi. Üç ýarym ýyl dowam eden gurakçylyk adamlara erbet täsirini ýetirdi.

2 Daga çykýan adamlaryň arasynda Bagal taňrysyna sežde edýän 450 sany tekepbir pygamber bardy. Olar Ýehowanyň pygamberi Ylýasy ýigrenýärdi. Şa aýaly Izebel Ýehowanyň ençeme gullukçylaryny ýok etse-de, Ylýas pygamber ysraýyllylaryň Bagala sežde etmegine garşy çykýar. Ýöne bu näçe wagt dowam eder? Belki-de, Bagala sežde edýän ruhanylar Ylýasyň ýeke özi hiç haçan olara garşy durup bilmez öýdendir (1 Pat. 18:4, 19, 20). Ahap patyşa-da arabasynda gelipdi. Ol hem Ylýas pygamberi ýigrenýärdi.

3, 4. a) Ylýas pygamber ähmiýetli gün irden näme üçin gorkdy? b) Biz haýsy soraglara serederis?

3 Şol gün Ylýas pygamberiň durmuşynda iň agyr we wajyp gün boldy. Ol Karmel dagyna gelen adamlara seredip, olaryň Hudaý bilen zalym adamlaryň arasynda kimiň has güýçlüdigine göz ýetirmelidigini bilýärdi. Şol gün irden Ylýas pygamber özüni nähili duýdy? Elbetde, ol gorkdy. Sebäbi Injilde Ylýas pygamber barada «biziňki ýaly duýgulary bolan bir adamdy» diýilýär (Ýakup 5:17-ni oka). Ol hyýanat eden adamlaryň, dönük patyşanyň we zalym ruhanylaryň arasynda özüni ýalňyz duýýar (1 Pat. 18:22).

4 Ysraýyllylar näme üçin gurakçylykdan ejir çekýärdi? Senem şeýle ýagdaýa düşen bolsaň näme ederdiň? Gel, Ylýas pygamberiň mysalyna seredip, şu günler onuň imanyndan näme öwrenip bolýandygyny bileli.

Köp wagt dowam eden göreş soňky derejesine ýetýär

5, 6. a) Ysraýyllylar näme edip başlady? b) Ahap patyşa Ýehowa garşy nähili ýigrenji işleri etdi?

5 Ylýas pygamber ençeme ýyllap halkynyň hakyky seždeden ýüz öwrendigini we Ýehowa gulluk edýän adamlaryň yzarlanýandygyny görüp,  hiç zat edip bilmeýärdi. Ysraýyllylaryň köpüsi birnäçe ýyllap Ýehowa Hudaýa däl-de, daş-töweregindäki halklaryň ýalan taňrylaryna sežde edýärdi. Şol sebäpli Ylýasyň günlerinde butparazlyk giňden ýaýrapdy.

6 Ahap patyşa Ýehowa garşy ýigrenji işleri etdi. Ol Sidon patyşasynyň gyzy Izebele öýlendi. Izebel Ysraýylda Bagala bolan seždäni ýaýradyp, Ýehowa bolan seždäni bolsa, düýbünden ýok etmegi ýüregine düwdi. Ahap derrew onuň täsirine düşýär-de, Bagal üçin buthana we gurbanlyk sypasyny gurup, halky ýalan taňra sežde etdirýär (1 Pat. 16:30—33).

7. a) Bagala sežde etmek näme üçin nejislikdi? b) Ylýas pygamberiň günlerindäki gurakçylygyň näçe wagt bolandygy barada Mukaddes Ýazgylardaky maglumat näme üçin bir-birine garşy gelmeýär? ( Çarçuwa seret).

7 Bagala sežde etmek näme üçin nejislikdi? Ol ysraýyllylary azdyryp, hakyky Hudaýdan daşlaşdyrdy. Bu din nejislikden we zalymlykdan doludy. Bagala sežde edilýän buthanalarda erkekdir aýallar jynsy gatnaşykda bolup, ondan lezzet alýardy, hatda ysraýyllylar çagalaryny-da gurban berýärdi. Ýehowa Ylýas pygamberi Ahap patyşanyň ýanyna iberip, gurakçylygyň boljakdygyny we Hudaýyň pygamberi habar edýänçä, onuň dowam etjekdigini aýdýar (1 Pat. 17:1). Birnäçe ýyldan soň Ylýas Ahaba görünmek üçin Karmel dagyna Bagalyň pygamberlerini hem-de halkyny ýygnamalydygyny aýdýar *.

Bagala sežde etmek bilen bagly zatlar şu günlerem bar

8. Gadymy döwürdäki Bagala sežde etmek bilen bagly wakanyň biziň günlerimizde nähili ähmiýeti bar?

8 Hakyky sežde ugrunda bolan şol göreşiň biziň günlerimiz bilen nähili baglanyşygy bar? Käbir adamlar häzir Bagalyň buthanalary we gurbanlyk sypalary ýok diýýärler. Emma bu ýöne bir taryhy waka däl (Rim. 15:4). «Bagal» sözi «hojaýyn» we «är» diýmegi aňladýar. Ýehowa halkyna ony «bagal» ýagny, «hojaýyn» ýa-da «är» hökmünde saýlamalydygyny aýdýar (Iş. 54:5). Sen şu günlerem adamlaryň Gudratygüýçli Hudaýdan başga her dürli hojaýynlara gulluk edýändigine göz ýetirensiň. Adamlar baýlyga, wezipä kowalaşmagy, dynç almagy, jynsy gatnaşykdan lezzet almagy ýa-da başga taňrylara sežde etmegi durmuşynda birinji orunda goýup, Ýehowa gulluk etmeýärler (Mat. 6:24; Rimliler 6:16-ny oka). Görşümiz ýaly, Bagala sežde etmek bilen bagly zatlar şu günlerem giňden ýaýran. Gadymy döwürdäki Ýehowa ýa-da Bagala sežde etmek bilen bagly waka kime gulluk etmelidigimizi görkezýär.

 Ysraýyllylar haýsy manyda «yraň atyp ýördüler?»

9. a) Näme üçin Karmel dagy Bagal taňrysyny paş eder ýaly gowy ýerdi? (Şeýle-de çykgyda seret). b) Ylýas pygamber halka näme diýdi?

9 Karmel dagynyň depesinden Kişon jülgesi, Ortaýer deňzi we demirgazykdaky Liwan daglary görünýärdi *. Emma bu ähmiýetli gün ýeriň örän ýaramaz ýagdaýy Gün ýokary galdygy saýyn aýdyň göründi. Ýehowanyň Ybraýym pygamberiň nesline beren bol hasylly ýeri indi hasylsyzdy. Hudaýyň halkynyň günäsi sebäpli ýer Günüň jöwzasyna ýanypdy. Ylýas pygamber halka ýüzlenip: «Siz haçana çenli iki göwünli bolup, yraň atyp ýörjeksiňiz? Eger Reb Hudaý bolsa, onda Onuň yzyna eýeriň, eger-de Bagal hudaý bolýan bolsa, onda onuň yzyna eýeriň»  diýdi (1 Pat. 18:21).

10. Ysraýyllylar nädip «iki göwünli bolup, yraň atyp ýördüler» we olar haýsy wajyp hakykaty ýatdan çykardylar?

10 Ylýas pygamberiň «iki göwünli bolup, yraň atyp ýörmek» diýen sözleri nämäni aňladýar? Ysraýyllylar ýa Ýehowa, ýa Bagala sežde etmelidigine düşünmeýärdi. Olar nejis işleri edip, Bagala sežde edýärdi we şol bir wagtyň özünde Ýehowadan hem kömek soraýardy. Olar hasylyny we sürülerini Bagal bereketleýär, söweşde bolsa «goşunyň Hudaýy» Ýehowa goraýar öýdendir (1 Şam. 17:45). Emma olar şu günki köp adamlar ýaly, bir wajyp hakykaty unutdylar. Ýehowa özünden başga hiç kime sežde edilmegini islemeýär. Ol adamlardan diňe oňa wepaly bolmagy talap edýär. Ol özüne sežde etmek bilen birlikde başga zatlara sežde etmekligi ýigrenç hasaplaýar (Müsürden çykyş 20:5-i oka) *.

11. Ylýas pygamberiň Karmel dagynda aýdan sözleri Hudaýa edýän seždämiz we durmuşda birinji orunda goýýan zatlarymyz barada oýlanmaga nädip kömek eder?

11 «Yraň atyp ýören» ysraýyllylary bir wagtda iki ýoldan ýörejek bolýan adama meňzetse bolar. Şu günlerem köp adamlar Hudaýa sežde etmegiň deregine durmuşynda «bagal» ýaly zatlary birinji orunda goýup ýalňyşýarlar. Ylýas pygamberiň yraň atyp ýörmäň diýen sözlerine üns bersek, Hudaýa edýän seždämiz we durmuşda birinji orunda goýýan zatlarymyz barada oýlanmaga kömek eder.

Hak Hudaýy aýan edýän synag

12, 13. a) Ylýas pygamber nämäni synap görmegi teklip etdi? b) Biz Ylýas pygamber ýaly Ýehowa bil baglaýandygymyzy nädip görkezip bileris?

12 Ylýas pygamber kimiň aýdýan sözleriniň dogrudygyny bilmek üçin synap görmegi teklip etdi. Bagalyň ruhanylary gurbanlyk sypasyny gurup, gurbanyny onuň üstüne goýdular-da, taňrysyndan ot ýagdyrmagy dileg etdiler. Ylýas pygamber hem şeýle etmekçidi. Ol: «Haýsy hudaý ot bilen jogap berse, şol hakyky Hudaýdyr» diýdi. Ylýas pygamber kimiň hak Hudaýdygyny bilýärdi. Onuň imany berk bolandygy üçin, garşydaşlaryna ähli mümkinçilikden peýdalanmagy teklip etdi. Ol, ilki bilen, Bagalyň pygamberlerine gurbanyny bermäge ýol berdi. Şol sebäpli olar gurban bermek üçin bir öküzi saýlap, Bagala ýüzlendiler * (1 Pat. 18:24, 25).

 13 Ýehowa şu günler gudrat görkezmese-de, ol üýtgemedi. Bizem Ylýas pygamber ýaly Ýehowa bil baglap bileris. Meselem, käbir adamlar Mukaddes Ýazgylaryň taglymatlary bilen ylalaşmasa, biz gorkman, ilki, olara pikirini aýtmaga mümkinçilik berýäris. Biz Ylýas pygamber ýaly, hak Hudaýyň islendik kynçylygy çözüp biljekdigine ynanýarys. Biz özümize däl-de, «ýola getirmek» üçin niýetlenen Hudaýyň Sözüne bil baglaýarys (2 Tim. 3:16, 17).

Ylýas pygamber Bagala sežde etmegiň biderekdigini bilip, Hudaýyň halkynyň hem aldanýandygyna göz ýetirmegini isledi

14. Ylýas Bagalyň pygamberleriniň üstünden nädip we näme üçin güldi?

14 Bagalyň pygamberleri gurban berip, taňrysyny çagyryp başladylar. Olar: «Eý, Bagal, bize jogap ber!» diýip, gaýta-gaýta gygyrýardylar. Şeýdip, olar birnäçe sagatlap gygyrdylar. Mukaddes Ýazgylarda: «Ýöne ses-üýn bolmaýar, jogap beren-de bolmaýar» diýilýär. Günortan wagty Ylýas pygamber Bagalyň ýalançy pygamberlerine: «Batly gygyryň! Ol pikirlenýändir ýa-da aýak ýoluna çykandyr, belki-de, ol ukydadyr, ony oýarmak gerekdir» diýip, olaryň üstünden gülüp başlady. Ol Bagala sežde etmegiň biderekdigini bilip, Hudaýyň halkynyň hem aldanýandygyna göz ýetirmegini isledi (1 Pat. 18:26, 27).

15. Bagalyň ruhanylary bilen bolan waka Ýehowadan başga hojaýyna gulluk etmegiň akylsyzlykdygyny nädip görkezýär?

15 Bagalyň pygamberleri gaty gaharlanyp, «batly ses bilen gygyryşyp, öz adatlaryna görä, bedenlerinden gan akýança, gylyçlar, naýzalar bilen özlerini ýaralasalar-da», bary biderekdi. Sebäbi «ses-üýn bolmaýar, jogap beren-de bolmaýar» (1 Pat. 18:28, 29). Aslynda, Bagal taňrysy ýokdy. Şeýtan ony adamlaryň gözüni baglap, Ýehowadan daşlaşdyrmak üçin oýlap tapypdy. Dogrudanam, Ýehowadan başga hojaýyna gulluk etmek lapykeç edýär we utanja goýýar (Zebur 25:3; 115:4—8-nji aýatlary oka).

Hak Hudaý jogap berýär

16. a) Ylýas pygamber Karmel dagynda Ýehowanyň gurbanlyk sypasyny dikeldende adamlara nämäni ýatladan bolmaly? b) Ylýas pygamber Hudaýa berk iman edýändigini nädip görkezdi?

16 Indi agşam Ylýas pygamberiň gurban bermeli wagty geldi. Ol Ýehowanyň ýykylan gurbanlyk sypasyny dikeldýär. Ony bir wagtlar hakyky  seždäniň duşmanlary ýykypdy. Ol gurbanlyk sypasyny 12 daşdan dikeldip, on taýpaly ysraýyl halkynyň köpüsine Ýehowanyň Kanunyny 12 taýpanyň ählisine berendigini ýatladýar. Soňra ol golaýdaky Ortaýer deňzinden getirlen suwy gurbanynyň üstüne guýdurýar. Ylýas pygamber hatda gurbanlyk sypasynyň daşyndan hem çukur gazdyryp, ony suwdan doldurdýar. Ol Bagalyň pygamberlerine ähli mümkinçilikden peýdalanmaga ýol berse-de, Ýehowa hiç hili mümkinçilik bermeýär. Sebäbi ol Hudaýyna berk iman edýärdi (1 Pat. 18:30—35).

Ylýasyň dogasy henizem halkyň aladasyny edip, «olaryň yzlaryna», ýagny Ýehowa dolanmagyny isleýändigini görkezdi

17. Ylýas pygamber dogasynda durmuşynda ileri tutýan zatlaryny nädip görkezdi we bizem doga edenimizde onuň göreldesine nädip eýerip bileris?

17 Ylýas pygamber ähli zady taýýarlansoň doga edýär. Ol eden dogasynda durmuşynda nämäni ileri tutýandygyny aýdyň görkezdi. Birinjiden, ol Bagalyň däl-de, Ýehowanyň «Ysraýylda Hudaýdygyny» halkyň bilmegini isledi. Ikinjiden, ol özüniň Hudaýyň gullukçysydygyny we diňe Ýehowanyň şan-şöhrata hem-de ynama mynasypdygyna hemmeleriň göz ýetirmegini isledi. Üçünjidenem, Ylýas henizem halkyň aladasyny edip, «olaryň yzlaryna», ýagny Ýehowa dolanmagyny isleýändigini görkezdi (1 Pat. 18:36, 37). Halkyň Hudaýdan ýüz öwrüp, ejir çekýändigine garamazdan, Ylýas pygamber olary henizem söýýärdi. Bizem doga edenimizde, şeýle kiçigöwünliligi, Hudaýyň ady barada alada edip, kömege mätäç adamlara duýgudaşlyk bildirýändigimizi görkezýärismi?

18, 19. a) Ýehowa Ylýas pygamberiň dogasyna nädip jogap berdi? b) Ylýas pygamber adamlara näme etmegi buýurdy we Bagalyň ruhanylaryna näme üçin rehim edilmeli däldi?

18 Ylýas pygamber doga etmezden öň, adamlar Ýehowa-da Bagal ýaly aldawçydyr öýdendir. Ol doga edensoň, Hudaý derrew gudrat görkezdi. Mukaddes Ýazgylarda: «Reb aşak ot inderip, ýakma gurbanlygyny, odunlary, daşlary we topragy ýandyrýar, hatda çukurdaky suwy-da guradyp taşlady» diýilýär (1 Pat. 18:38). Ýehowa täsin jogap berýär! Adamlar muňa nähili seslendi?

Ýehowa gökden ot inderdi

19 Olaryň hemmesi: «Reb Hudaýdyr! Reb Hudaýdyr!» diýip gygyryşdylar (1 Pat. 18:39). Ahyry, adamlar hakykata göz ýetirdiler. Emma olar entek imanyny iş ýüzünde görkezmelidi. Tutuş halk dogadan soň gökden oduň ýaganyny görüp, Ýehowanyň hakyky Hudaýdygyny boýun alsa-da, bu olaryň, hakykatdanam, iman edýändigini görkezmeýärdi. Şol sebäpli Ylýas adamlara imanyny ýene bir usul bilen görkezmelidigini aýdýar. Ol Ýehowanyň ençeme ýyl mundan öň beren Kanunyna gulak asmalydygyny aýtdy. Hudaýyň Kanunynda ýalan pygamberleri we butparazlary ölüme höküm etmelidigi aýdylýardy (Kan. tag. 13:5—9). Bagalyň ruhanylary  Ýehowanyň niýetlerine bilgeşleýin garşy çykyp, onuň duşmany boldular. Olara rehim etmelidimi? Elbetde, etmeli däldi. Sebäbi olar bigünä çagalary Bagala gurban bermek üçin diriligine otda ýakýardy (Süleýmanyň tymsallary 21:13-i oka; Ýer. 19:5). Ylýas Bagalyň pygamberlerini tutup, jeza bermegi buýurdy, adamlar hem olary öldürdi (1 Pat. 18:40).

20. Häzirki tankytçylar Ylýas pygamberiň Bagalyň ruhanylaryny jezalandyrandygyny näme üçin ýazgarýar?

20 Häzirki tankytçylar Ylýas pygamberiň Bagalyň ruhanylaryny jezalandyrandygyny ýazgarýar. Käbir adamlar şu wakanyň esasynda dine köre-körlük bilen uýýan adamlar başga dine uýýanlara zalymlyk eder öýdüp biynjalyk bolýar. Gynansak-da, şu günler şonuň ýaly zalym adamlar köp. Ýöne Ylýas pygamber dine köre-körlük bilen uýýan adam däldi. Ol diňe Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýärdi. Şeýle-de mesihçiler Ylýas pygamber ýaly zalymlygy ýok etmek üçin eline gylyç almaýar. Sebäbi olar Isanyň Petrusa: «Gylyjyňy gynyňa sal, çünki gylyç çekenleriň hemmesi gylyç bilenem öldüriler» diýen sözlerine eýerýär (Mat. 26:52). Gelejekde Ýehowa adalatyny Ogly arkaly dikelder.

21. Häzirki mesihçiler nädip Ylýas pygamberiň göreldesine eýerýär?

21 Mesihçiler imanyny iş ýüzünde görkezmeli (Ýahýa 3:16). Muny Ylýas pygamber ýaly wepaly adamlaryň göreldesine eýerip, görkezip bolýar. Ol diňe Ýehowa sežde edýärdi we başga adamlary hem şeýle etmäge höweslendirýärdi. Ylýas pygamber Şeýtanyň adamlaryň gözüni baglap, Ýehowadan daşlaşdyrmak üçin ulanan ýalan dinini batyrgaýlyk bilen paş etdi. Şeýle-de ol ähli ýagdaýda özüne we ukyplaryna däl-de, Ýehowa bil baglaýardy. Ylýas pygamber hakyky seždäniň tarapyny tutdy. Biz hem onuň imanyndan görelde alyp bileris!

^ abzas 9 Karmel dagyna köplenç deňziň salkyn şemaly öwsüp, köp ýagyş ýagýardy we ýere çyg düşýärdi. Şol sebäpli ol ýer ösümlikden ýaňa al-ýaşyl bolýardy. Bagal taňrysyna sežde edýän adamlar onuň ýagyş ýagdyrýandygyna ynanýardy. Şonuň üçin Karmel dagy Bagala edilýän seždäniň esasy merkezidi. Indi gurap ýatan, hasylsyz Karmel dagy Bagal taňrysyny paş etmek üçin gowy ýerdi.

^ abzas 10 Müsürden çykyş 20:5 Sen olara tagzym etme ýa-da olara gulluk etme, çünki Men Hudaýyň Reb gabanjaň Hudaýdyryn. Meni ýigrenýän atalaryň etmişiniň jezasyny olaryň çagalarynyň üçünji we dördünji arkasyna çekdirerin.

^ abzas 12 Ylýas pygamber olara: «Ýöne gurbanyňyza ot ýakmaň» diýdi. Käbir alymlaryň aýtmagyna görä, käwagt butparazlar gurbanlyk sypasynyň aşagynda gizlin ýer ýasaýardylar. Şol sebäpli ot birden tutaşyp, gudrat arkaly ýanan ýaly bolýardy.