Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 ON ÝEDINJI BAP

«Men Ýehowanyň gyrnagydyryn!»

«Men Ýehowanyň gyrnagydyryn!»

1, 2. a) Myhman Merýem bilen nähili salamlaşdy? b) Merýemiň durmuşy näme üçin üýtgemelidi?

MERÝEM öýüne gelen myhmany görüp, haýran galýar. Ol Merýemiň ejesinem, kakasynam soramaýar. Ol Merýemiň ýanyna gelýär! Gelen myhman Nazaretden däldi, sebäbi Merýemiň ýaşaýan kiçi şäherinde nätanyş adamy derrew tanap bolýardy. Ol uzak ýerlerden gelen bolmaly. Myhman Merýeme: «Salam, eý merhemetli, Ýehowa seniň bilendir» diýip, onuň bilen üýtgeşik salamlaşdy (Luka 1:26—28-nji aýatlary oka).

2 Mukaddes Ýazgylarda Merýemiň Jeliläniň Nazaret atly şäherinden Eliniň gyzy bolandygy aýdylýar. Bir gün ol bütin ömrüne täsir etjek wajyp karara gelmeli bolýar. Ol garyp, ýöne hudaýhon agaç ussasy bolan Ýusup atly oglan bilen adaglanandy. Elbetde, Merýem gelejegi barada oýlanyp, garyplykda ýaşap, ýoldaşy Ýusup bilen çagalaryny terbiýelejekdigini göz öňüne getirendir. Emma duýdansyz Hudaý tarapyn gelen bu myhmanyň aýtjak habary onuň durmuşyny düýbünden üýtgetmelidi.

3, 4. Merýem barada köpräk bilmek üçin, nämelere ähmiýet bermeli däl, emma nämelere üns bermeli?

3 Adamlaryň köpüsi Mukaddes Ýazgylarda Merýem barada köp zatlaryň aýdylmaýandygyna geň galýar. Onda Merýemiň asly we häsiýeti barada az aýdylýar, daş-keşbi barada bolsa asla hiç zat aýdylmaýar. Muňa garamazdan, Mukaddes Ýazgylardan Merýem barada köp zatlary bilse bolýar.

4 Biz Merýem barada köpräk biler ýaly, käbir dini rowaýatlara salgylanmarys. Şeýle-de Merýemiň çekilen suratlaryna we ýasalan heýkellerine ähmiýet bermeris. Mundan başga-da, kiçigöwünli Merýemi şöhratlandyryp, «Keramatly Merýem» hem-de «Hudaýyň ejesi» diýip atlandyrýan käbir ýalan dini taglymatlara üns bermeris. Gel, Mukaddes Ýazgylarda, aslynda, Merýem barada näme diýilýändigine seredeli. Şeýdip, biz Merýemiň berk imany barada hem-de onuň göreldesine nädip eýerip bolýandygyny bileris.

 Perişde gelýär

5. a) Merýem Jebraýyl perişdäniň salamyna nähili garady we biz mundan näme öwrenip bileris? b) Biz Merýemiň göreldesine nädip eýerip bileris?

5 Merýemiň ýanyna gelen myhman adam däl-de, Jebraýyl atly perişdedi. Perişde Merýeme: «Eý merhemetli» diýip, üýtgeşik salamlaşanda, ol «gaty aljyrady» (Luka 1:29). Merýem kimiň merhemetini gazandy? Merýem adamlardan şeýle uly hormata garaşmaýardy. Emma perişde Ýehowa Hudaýyň merhemeti barada aýdypdy. Bu Merýem üçin wajyp bolsa-da, Hudaýyň merhemetini eýýäm gazandym diýip buýsanmaýardy. Bizem ýaş Merýemiň göreldesine eýerip, Hudaýyň merhemetini gazanmak isleýän bolsak, ony eýýäm gazanandyryn öýdüp, tekepbir bolmaly däl. Ýehowa tekepbirlere garşy çykyp, kiçigöwünli adamlary gowy görüp goldaýar (Ýakup 4:6).

Merýem Hudaýyň merhemetini gazanandygy üçin tekepbir bolmady

6. Perişde Merýeme nähili uly hormata eýe boljakdygyny aýtdy?

6 Merýem pesgöwünli bolmalydy, sebäbi perişde oňa uly hormata eýe boljakdygyny habar edýär. Perişde oňa ähli adamlara ähmiýetli boljak çagany dünýä indirmelidigini düşündirýär. Jebraýyl: «Hudaý oňa atasy Dawudyň tagtyny berer. Ol Ýakubyň nesline ebedi patyşalyk eder, Patyşalygynyň soňy bolmaz» diýdi (Luka 1:32, 33). Merýem müň ýyldan gowrak öň Hudaýyň Dawuda beren wadasyny gowy bilýärdi. Ýehowa Dawuda ebedi höküm sürjek nesli berjekdigini aýdypdy (2 Şam. 7:12, 13). Diýmek, Merýemiň ogly Hudaýyň halkynyň müňlerçe ýyl garaşan Mesihi bolmalydy!

Jebraýyl perişde Merýeme uly hormata eýe bolandygyny habar berýär

7. a) Merýemiň beren soragy özi barada nämäni aýan edýär? b) Häzirki ýaşlar Merýemiň göreldesine nädip eýerip biler?

7 Şeýle-de perişde Merýeme oglunyň «Beýik Biribaryň Ogly diýiljekdigini» aýdypdy. Merýem ynsan gyzy bolup nädip Hudaýyň ogluny dogrup biler? Asla, ol nädip ogul dograr? Sebäbi ol Ýusup bilen adaglanan bolsa-da, entek oňa durmuşa çykmandy. Şol sebäpli Merýem ak ýürekden: «Men nädip çaga dograýyn? Men entek durmuşa çykmadyk päk gyz ahyryn» diýdi (Luka 1:34). Üns beren bolsaň, Merýem gyzdygy barada çekinmän aýdýar. Gaýtam, ol gyzdygyna buýsanýar. Şu günler köp ýurtlarda ýaşlaryň aglabasy başgalar üstünden gülmez ýaly, gyzlygyndan dynmak isleýärler. Hawa, dünýä düýpgöter üýtgedi, ýöne Ýehowa üýtgänok (Mal. 3:6). Ol Merýemiň günlerindäki ýaly, ýokary ahlak kadalary boýunça ýaşaýan adamlary gymmat saýýar (Ýewreýler 13:4-i oka).

8. Bikämil Merýem nädip kämil ogly dogrup bilerdi?

 8 Merýem Hudaýyň wepaly gullukçysy bolsa-da bikämildi. Şonuň üçin ol nädip kämil nesli, ýagny Hudaýyň Ogluny dograr? Jebraýyl perişde şeýle diýdi: «Seniň üstüňe mukaddes ruh iner we Beýik Biribaryň güýji seni gorar. Doguljak çaga mukaddes bolar we oňa Hudaýyň Ogly diýler» (Luka 1:35). Mukaddes «arassa», «päk», «çirksiz» diýmegi aňladýar. Adatça, ynsandan nesline bikämillik geçýär. Şol sebäpli Ýehowa üýtgeşik bir gudrat görkezmelidi. Ol gökden Oglunyň janyny Merýemiň göwresine geçirip, bikämillik çaga zyýan ýetirmez ýaly, mukaddes ruh onuň «üstüne inip» goramalydy. Merýem perişdäniň aýdan sözlerine ynandymy? Ol muňa nähili jogap berdi?

Merýemiň Jebraýyl perişdä beren jogaby

9. a) Merýemiň çaga dograndygyna tankytçylaryň ynanmaýandygy näme üçin nädogry? b) Jebraýyl perişde Merýemiň imanyny nädip berkitdi?

9 Tankytçylar we hristian dinine uýýan käbir adamlar gyzyň çaga dogrup biljekdigine ynanmaýarlar. Muňa garamazdan, olar bir wajyp hakykaty unudýarlar. Jebraýyl perişde: «Hudaýyň aýdanlary hökman berjaý bolýandyr» diýdi (Luka 1:37). Merýem ýöne bir ynanjaň bolany üçin däl-de, Hudaýa berk iman edýändigi üçin, Jebraýyl perişdäniň aýdan sözlerine ynandy. Beýleki adamlara gerek bolşy ýaly, Merýeme hem imanyny berkitmek üçin subutnama gerekdi. Jebraýyl perişde oňa şeýle subutnamany hem getirdi. Ol gartaşan garyndaşy, önelgesiz Elizabetiň göwrelidigini aýdýar. Ol Hudaýyň gudraty arkaly göwreli bolupdy!

10. Hudaýyň Ogluny dogurmak uly hormat bolsa-da, muny etmek Merýeme näme üçin aňsat däldi?

10 Indi Merýem näme ederkä? Hudaý oňa ýumuş beripdi we Jebraýyl perişdäniň aýdyşy ýaly etjekdigine hem subutnama bardy. Hatda Hudaýyň Ogluny dogurmak uly hormat bolsa-da, Merýeme muny etmek aňsat däldi. Sebäbi ol Ýusup bilen adaglanandy. Ýusup onuň göwrelidigini bilse öýlenermi? Onsoňam, Hudaýyň ýalňyz Oglunyň aladasyny etmek ýaly jogapkärli borjy almak aňsat däldi. Sebäbi ol Hudaýyň ýaradan ähli perişdelerindenem, adamlaryndanam eý görýän Ogludy! Merýem ol ejiz bäbek wagty aladasyny etmelidi we erbet adamlardan goramalydy. Dogrudan-da, bu uly jogapkärçilikdi!

11, 12. a) Käwagt wepaly, edermen erkek adamlaram Hudaýyň ýumşuna nähili garadylar? b) Merýemiň perişdä beren jogaby özi barada nämäni aýan edýär?

 11 Käwagt wepaly, edermen erkek adamlaram Hudaýyň ýumşuny ýerine ýetirmegi kyn gördüler. Musa pygamber dilewar adam bolmandygy üçin, Hudaýyň wekili bolmakdan boýun gaçyrjak boldy (Müs. çyk. 4:10). Ýermeýa pygamber «ýaş oglan» bolandygy sebäpli, Hudaýyň beren ýumşuny ýerine ýetirmejek boldy (Ýer. 1:6). Ýunus pygamber bolsa, Hudaýyň beren ýumşuny etmejek bolup, gaçyp gitdi (Ýunus 1:3). Merýem näme etdi?

12 Şu günler köp adamlar Merýemiň aýdan sözlerinden onuň kiçigöwünli we gulak asyjy bolandygyny bilýärler. Merýem Jebraýyl perişdä: «Men Ýehowanyň gyrnagydyryn! Goý, seniň aýdyşyň ýaly-da bolsun» diýdi (Luka 1:38). Gyrnak hyzmatkärdenem has pes bolup, onuň durmuşy bütinleý hojaýynynyň elinde bolýar. Şonuň ýaly Merýem Ýehowany öz Hojaýyny hasaplaýardy. Ol Ýehowanyň wepaly gullukçylaryny goraýandygyna we oňa-da kyn ýumşy ýerine ýetirer ýaly kömek etjekdigine ynanýardy (Zeb. 31:23).

Merýem Ýehowa Hudaýyň wepaly gullukçylaryny goraýandygyny bilýärdi

13. Hudaýyň berýän ýumşuny kyn, hatda ýerine ýetirip bilmejek ýaly görsek, Merýemiň göreldesinden näme öwrenip bileris?

13 Käwagt Hudaýyň bize berýän ýumşy kyn, hatda ýerine ýetirip bolmajak ýaly görünmegi mümkin. Emma Merýem kimin Ýehowa doly bil baglar ýaly, Mukaddes Ýazgylarda ençeme degerli sebäp bar (Sül. tym. 3:5, 6). Biz Ýehowa bil baglarysmy? Eger şeýtsek, ol bize berekedini berer we imanymyzy berkider.

Merýem Elizabetiň ýanyna barýar

14, 15. a) Merýem Elizabetiňkä gelende Ýehowa ony nädip patalady? b) Luka 1:46—55-nji aýatlarda ýazylan Merýemiň sözleri özi barada nämäni aýan edýär?

14 Jebraýyl perişdäniň Elizabet barada aýdan sözleri Merýem üçin örän ähmiýetlidi. Sebäbi Elizabet ýaly onuň ýagdaýyna düşünip biljek başga hiç kim ýokdy. Şeýlelikde, Merýem Ýahudanyň daglyk ýerinde ýerleşýän bir şähere haýal etmän gidýär. Ol üç ýa-da dört gün ýol ýöräp, ruhany Zekeriýa bilen Elizabetiň öýüne baranda, Ýehowa onuň imanyny berkitmek üçin aýdyň subutnama berýär. Elizabet Merýemiň salamyny eşidende, göwresindäki çaganyň şatlykdan ýaňa bökjekländigini duýdy. Ol mukaddes ruhdan dolup, Merýeme: «Halypamyň ejesi» diýdi. Hudaý Elizabete Merýemiň ogly Halypasy, ýagny Mesih boljakdygyny aýan etdi. Şeýle-de ol Merýeme: «Aýallaryň arasynda bagtlysy sensiň» diýmek bilen, ony Hudaýa gulak asýandygy üçin öwdi (Luka 1:39—45). Hawa, Ýehowanyň Merýeme aýdan sözleriniň ählisi ýerine ýetmelidi!

Merýem bilen Elizabetiň jora bolmagy ikisi üçinem uly bereketdi

15 Merýemiň beren jogaby Hudaýyň Sözünde jikme-jik ýazylgy (Luka 1:46—55-nji aýatlary oka). Mukaddes Ýazgylaryň şu aýatlarynda onuň iň köp aýdan sözleri beýan edilýär we biz ondan Merýem barada köp zatlary bilýäris. Ol Mesihiň enesi bolmak hormatyna eýe bolandygy üçin, Ýehowa şükür edip, ony şöhratlandyrýar. Merýem Ýehowanyň tekepbir adamlary peseldýändigine we kiçigöwünli hem-de garyp adamlara kömek edip, goldaýandygyna berk iman edýärdi. Şeýle-de onuň aýdan sözlerinden Hudaýyň Sözüni gowy bilýändigini görse bolýar. Bir derňew geçirijiniň aýtmagyna görä, ol Töwrat, Zebur we Pygamberler kitabyna 20 gezek salgylanýar! *

16, 17. a) Merýem bilen onuň ogly bize haýsy gerekli häsiýeti görkezdi? b) Merýemiň Elizabetiňkä barmagy bize Hudaýyň haýsy berekedini ýatladýar?

 16 Görşümiz ýaly, Merýem Hudaýyň Sözi barada çuňňur oýlanýardy. Ol kiçigöwünli bolany üçin, öz pikirini aýtmagyň deregine Ýazgylara salgylanýardy. Onuň göwresindäki ogly hem ulalansoň, Merýem ýaly kiçigöwünli bolup: «Öwredýän zatlarym özümiňki däl-de, meni iberen Hudaýyňkydyr» diýdi (Ýahýa 7:16). Şol sebäpli bizem özümize şeýle sorag bersek gowy bolar: «Men Hudaýyň Sözüne salgylanyp, oňa hormat goýýandygymy görkezýärinmi? Ýa-da men öz pikirimi we düşünjämi öwretmegi gowy görýärin?» Bu babatda Merýem bize gowy görelde görkezdi.

17 Merýem Elizabetiňkide takmynan üç aý bolup, olar biri-birini örän ruhlandyrdy (Luka 1:56). Biz mundan dostlugyň nähili bereket berýändigini görýäris. Eger biz Ýehowany ýürekden söýýän adamlaryň arasyndan dost gözlesek, ruhy taýdan berkäris we Hudaý bilen ýakyndan dostlaşarys (Sül. tym. 13:20). Ynha, indi Merýemiň öýüne dolanmaly wagty hem geldi. Ýusup onuň göwrelidigini bilse näme diýerkä?

Merýem bilen Ýusup

18. Merýem Ýusuba nämäni gürrüň berdi we ol muňa nähili garady?

18 Merýemiň göwrelidigi heniz adamlara belli bolmanka, ol bu barada Ýusuba aýtmak isleýär. Elbetde, ol dogruçyl we hudaýhon Ýusubyň näme diýjekdigi hakynda alada edendir. Muňa garamazdan, Merýem Ýusubyň ýanyna baryp, bar zady gürrüň berýär. Göz öňüne getir, Ýusup nähili biynjalyk bolandyr. Ol gowy görýän gyzyna ynanasy gelýärdi, emma ol özüne biwepalyk edilen ýaly duýan bolmaly. Mukaddes Ýazgylarda onuň kellesine näme pikir gelendigi we nämeler hakda oýlanandygy aýdylmaýar. Emma şol döwür adaglananlara är-aýal hökmünde garaýandyklary üçin, ol aýrylyşmaly diýen karara gelýär. Ýusup Merýemi masgara etmejek bolup, hiç kime bildirtmän, onuň bilen aýrylyşmakçy bolýar (Mat. 1:18, 19). Merýem şeýle mähirli adamyň ejir çekýänini görüp, gaty gynanan bolmaly. Emma ol Ýusubyň ynanmaýandygyna gahary gelmeýär.

19. Ýehowa Ýusuba dogry karara gelmäge nädip kömek etdi?

 19 Ýehowa Ýusuba dogry karara gelmäge mähir bilen kömek etdi. Perişde onuň düýşüne girip, Merýemiň gudrat arkaly göwreli bolandygyny aýdýar. Ýusubyň ýüregi, gör, nähili ynjalandyr! Indi ol Merýemiň ilki başdan eden işini, ýagny Ýehowanyň islegini berjaý edýär. Ol Merýeme öýlenip, Ýehowanyň Oglunyň aladasyny etmek üçin taýýarlyk görýär (Mat. 1:20—24).

20, 21. Maşgalaly we durmuş gurmak isleýän adamlar Merýem bilen Ýusubyň mysalyndan näme öwrenip biler?

20 Maşgalaly we durmuş gurmak isleýän adamlar iki müň ýyl mundan öň ýaşan bu ýaş är-aýalyň mysalyndan köp zatlary öwrenip biler. Merýemiň borçlaryny ýerine ýetirmek we çagasynyň aladasyny etmek üçin taýýarlyk görýänini görüp, Ýusup Ýehowanyň perişdesiniň görkezme berendigine örän begenendir. Ýusup wajyp karara gelende, Ýehowa gulak asmagyň paýhaslydygyna düşünen bolmaly (Zeb. 37:5; Sül. tym. 18:13). Ýusubyň mähirli we aladaçyl maşgalabaşy bolandygyna hiç hili şek-şübhe ýok.

21 Şeýle-de Merýemiň Ýusuba durmuşa çykmaga razy bolandygyndan biz näme öwrenip bileris? Ilki başda, Ýusup oňa ynanmasa-da, Merýem oňa geljekki maşgalabaşy hökmünde garap karara gelýänçä, sabyrly garaşdy. Şeýdip, Merýem sabyrly bolmagyň wajypdygyna düşündi, häzirki uýalara-da gowy görelde görkezdi. Bu wakalardan Merýem bilen Ýusup ak ýürekden we aç-açan gürleşmegiň wajypdygyny öwrendiler (Süleýmanyň tymsallary 15:22-ni oka).

22. Ýusup bilen Merýem maşgalanyň nähili düýbüni tutdular we olara gelejekde nämeler garaşýardy?

22 Ýusup bilen Merýem maşgalanyň berk düýbüni tutdular. Olaryň ikisi-de, esasanam, Ýehowa Hudaýy söýýärdi we jogapkärli, aladaçyl ene-ata bolmak isleýärdi. Elbetde, olara ençeme bereketler, şol sanda agyr kynçylyklaram garaşýardy. Olar dünýäde iň beýik adam boljak Isa Mesihi ulaldyp ýetişdirmelidi.

^ abzas 15 Merýem Mukaddes Ýazgylardaky aýatlara salgylanyp, gudrat arkaly çaga dogran, Hudaýyň wepaly gullukçysy Hannanyň aýdan sözlerini hem gaýtalaýar (6-njy bapdaky «Iki sany täsin doga» diýen çarçuwa seret).