Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 ON DOKUZYNJY BAP

Ol göreldeli maşgalabaşydy

Ol göreldeli maşgalabaşydy

1, 2. a) Ýusup bilen onuň maşgalasy nähili kynçylyga duş geldi? b) Ýusup aýalyna haýsy erbet habary aýtmalydy?

ÝUSUP eşegine ýene-de bir ýüküni ýükleýär. Ol tüm garaňkylyga bürenip oturan Beýtullaham obasyna göz aýlap, eşegiň arkasyna ýuwaşjadan kakýar-da, ýöräp ugraýar. Ol öňünde garaşýan uzak ýol hakynda oýlanýar. Ol nirä barmalydy? Müsüre! Onuň kiçijik maşgalasy ýat adamlara, başga dile, nätanyş däp-dessurlara nädip öwrenişerkä?

2 Ýusup üçin erbet habary mähriban aýaly Merýeme aýtmak aňsat bolan däldir. Muňa garamazdan, ol ýüregine daş baglap aýdýar. Hudaýyň perişdesi Ýusubyň düýşüne girip, Hirodes patyşanyň kiçijik Isany öldürmek isleýändigini habar beripdi. Ýusup hem muny Merýeme aýdýar. Şol sebäpli olar Beýtullahamdan haýal etmän gaçmalydy (Matta 2:13, 14-nji aýatlary oka). Merýem örän biynjalyk bolýar. Näme üçin onuň bigünä we kiçijik çagasyny öldürjek bolýarlar? Muňa Merýemem, Ýusubam düşünip bilmeýär. Emma olar Ýehowa doly bil baglap, Müsüre gaçyp gitmäge taýýarlyk görýär.

3. Ýusup bilen onuň maşgalasynyň Beýtullahamdan gaçyp gidişini gürrüň ber. (Şeýle-de surata seret).

3 Beýtullahamyň ýaşaýjylary özlerine nämäniň garaşýandygyny bilmän, süýji ukuda ýatyrdy. Ýusup bilen Merýem bolsa, ýary gije obadan çykyp gidýär. Olar günorta tarapa ýola düşende, gündogar tarapda asman ýagty saçyp başlaýar. Belki, Ýusup öňünde näme garaşýandygy barada oýlanandyr. Ol ýönekeý agaç ussasy bolansoň, maşgalasyny Şeýtandan hem-de Hirodes patyşadan nädip gorap biler? Ol maşgalasyny ekläp bilermikä? Şeýle-de Ýehowa Hudaýyň beren jogapkärli ýumşuny, ýagny üýtgeşik çaganyň aladasyny edip, ony ýetişdirip bilermikä? Ýusubyň öňünde köp kynçylyklar garaşýardy. Emma biz onuň şol kynçylyklara nädip döz gelendigine seredip, häzirki kakalaryň, şol sanda, ählimiziň onuň göreldesine näme üçin eýermelidigine serederis.

 Ýusup maşgalasyny goraýar

4, 5. a) Ýusubyň durmuşy nädip düýbünden üýtgedi? b) Ýusup jogapkärli borjy alyp biler ýaly, perişde ony nädip ruhlandyrdy?

4 Birnäçe aý mundan öň, Ýusup Nazaret şäherinde Eliniň gyzy bilen adaglanansoň, durmuşy düýbünden üýtgäpdi. Ýusup Merýemiň Hudaýdan gorkýan we päk gyzdygyny bilýärdi. Emma ol Merýemiň göwreli bolandygyny bilýär! Ýusup ony masgara etmejek bolup, hiç kime bildirmän, onuň bilen aýrylyşmakçy boldy *. Emma Hudaýyň perişdesi onuň düýşüne girip, Merýemiň mukaddes ruh arkaly göwreli bolandygyny aýdýar. Şeýle-de perişde onuň dogurjak oglunyň «öz halkyny günäden halas etjekdigini» aýdýar. Şol sebäpli perişde Ýusuba: «Merýeme öýlenmekden gorkma» diýýär (Mat. 1:18—21).

5 Ýusup dogruçyl, Hudaýa gulak asýan adam bolansoň, perişdäniň aýdyşy ýaly edýär. Ol öz oglunyň däl-de, Hudaýyň gymmat saýýan Oglunyň aladasyny etmek we ulaltmak ýaly jogapkärli borjy öz üstüne alýar. Soňra Ýusup Sezaryň permanyna gulak asyp, ýany bilen göwreli aýalyny alyp, Beýtullahama ilat ýazuwyndan geçmek üçin gidýär. Şol ýerde hem çaga dünýä inýär.

6—8. a) Ýusubyň we onuň maşgalasynyň durmuşyny haýsy waka üýtgetdi? b) «Ýyldyzy» Şeýtanyň ulanandygyny nireden bilýäris? (Şeýle-de çykgyda seret).

6 Ýusup maşgalasy bilen Nazaret şäherine dolanyp gaýtman, Iýerusalimden takmynan 10 km uzaklykda ýerleşýän Beýtullahamda galýar. Ýusup garyp bolsa-da, Merýemiň hem-de Isanyň aladasyny etmek we olary goramak üçin, elinde baryny etdi. Biraz wagtdan soň olar ýaşamak üçin ýönekeýje jaý tapýarlar. Soňra Isa biraz ulalanda, belki, bir ýaşap geçensoň, olaryň durmuşy ýene-de duýdansyz üýtgeýär.

7 Gündogardan, belki, uzak ýerde ýerleşýän Wawilondan müneçjimler gelýär. Olar asmanda «ýyldyzy» yzarlap, ýehudylaryň patyşasy boljak çagany görmek üçin, Ýusup bilen Merýemiň öýüne gelipdi. Olar at-abraýly adamlardy.

8 Müneçjimler bilse-de, bilmese-de kiçijik Isany howp astyna saldylar. «Ýyldyz» olary göni Beýtullahama däl-de, ilki, Iýerusalime eltýär *. Ol ýerde olar zalym Hirodes patyşa ýehudylaryň patyşasy boljak çagany gözleýändiklerini aýdypdy. Şondan soň gabanjaň Hirodes patyşa gahar-gazaba münýär.

9—11. a) Isany Hirodes patyşadan we Şeýtandan goramak üçin has güýçli Biri nädip goşulýar? b) Müsüre gidilýän ýol rowaýatlarda gürrüň berlişinden nähili tapawutlanýar?

 9 Bagtymyza, Isany Hirodes patyşadan we Şeýtandan goramak üçin, has güýçli Biri goşulýar. Nädip? Müneçjimler Ýusubyň öýüne baryp, Isany we onuň ejesini görenlerinde, hiç zada tamakin bolman, olara sowgat berýärler. Olaryň gymmatbaha «altyn, ladan we mirra» sowgat berendigine Ýusup bilen Merýem, gör, nähili haýran galandyr! Müneçjimler yzlaryna dolanyp, çaganyň nirededigini Hirodes patyşa habar bermekçi bolanda, Ýehowa munuň öňüni alýar. Hudaý olara düýşünde öýüne başga ýol bilen gitmelidigini duýdurýar (Matta 2:1—12-nji aýatlary oka).

10 Müneçjimler giden badyna Ýehowa perişdesi arkaly Ýusuba: «Tur, çagany, aýalyňy al-da, Müsüre gaç we näme etmelidigiňi aýdýançam, şol ýerde gal. Sebäbi Hirodes çagany öldürjek bolup, ony gözläp ýör» diýip duýdurýar (Mat. 2:13). Şeýlelikde, babyň başynda aýdylyşy ýaly, Ýusup dessine gulak asýar. Ol, esasanam, çaganyň janyny halas etmek üçin Müsüre gidýär. Butparaz müneçjimleriň beren şol gymmatbaha sowgatlary Ýusuba Müsüre gitmäge we şol ýerde biraz ýaşamak üçin kömek edendir.

Ýusup ogluny haýal etmän we janyny aýaman gorady

11 Käbir rowaýatlarda olaryň Müsüre baran ýoluny gyzykly edip gürrüň berilýär. Meselem, Isanyň gudrat arkaly ýoly gysgaldandygy, talaňçylary kowandygy we ejesi hurma alyp biler ýaly, hurma agajyny egdirendigi aýdylýar *. Aslynda, bu uzak, kyn we nätanyş ýere barylýan ýoldy.

Ýusup maşgalasy üçin rahat durmuşyndan el çekdi

12. Howply dünýäde çagalaryny terbiýeleýän ene-atalar Ýusubyň mysalyndan näme öwrenip biler?

12 Häzirki ene-atalaram Ýusubyň göreldesinden köp zady öwrenip biler. Ýusup maşgalasyny howpdan goramak üçin işini goýmaga we rahat durmuşyndan el çekmäge taýyndy. Ol maşgalasyna Ýehowanyň beren sowgady hökmünde garaýardy. Şu günlerem ene-atalar howply dünýäde, ýagny erbet täsir edýän, azdyrýan, hatda heläkçilige eltýän zamanda çagalaryny terbiýeleýärler. Şeýle erbet täsirden çagalaryny goramak üçin, Ýusubyň göreldesine eýerip, elinde baryny edýän ene-atalar öwgä mynasypdyr!

 Ýusup maşgalasyny ekleýär

13, 14. Ýusup bilen Merýem näme üçin Nazarete dolanýar?

13 Ýusup maşgalasy bilen Müsürde köp ýaşamaly bolmaýar, sebäbi tizden perişde oňa Hirodes patyşanyň ölendigini habar berýär. Ýusup maşgalasy bilen dogduk mekanyna dolanýar. Gadymy döwürde Ýehowa «Men oglumy Müsürden çagyrdym» diýip pygamberlik edipdi (Mat. 2:15). Bu pygamberlik Ýusup arkaly berjaý bolýar, emma indi ol maşgalasy bilen nirede ýaşarka?

14 Ýusup örän seresaplydy. Ol Hirodes patyşanyň mirasdüşeri Arhelaus hem zalym we ganhor bolany üçin, ondan ätiýaç boldy. Hudaýyň görkezme berişi ýaly, ol Iýerusalimden daşrak demirgazyk tarapa, ýagny öňki ýaşan ýeri Jeliledäki Nazaret şäherine gidýär. Şol ýerde ol Merýem bilen maşgalasynyň aladasyny edýär (Matta 2:19—23-nji aýatlary oka).

15, 16. Ýusubyň işi nähilidi we ol nähili gurallary ulanandyr?

15 Ýusup bilen Merýem sada ýaşasa-da, durmuşy gaty agyrdy. Mukaddes Ýazgylarda Ýusubyň agaç ussasy bolandygy aýdylýar. Agaç ussasy agaçlary çapyp, daşaýardy we olary guradyp, ondan jaý, gaýyk, kiçijik köpri, araba, tigir, boýuntyryk we daýhanlaryň ulanýan dürli gurallaryny ýasaýardy (Mat. 13:55). Elbetde, agaç ussasynyň işi gaty agyrdy. Gadymy döwürde agaç ussasy howlusynda ýa-da öýüne golaý ussahanada işleýärdi.

16 Ýusubyň ulanan gurallarynyň käbiri, belki, kakasyndan miras galandyr. Ol şugul, hekli ýüp, palta, byçgy, çekiç, teşe, agaç çekiji, isgene, buraw ýaly gurallary, dürli kleýleri, belki, gymmatbaha çüýleri hem ulanandyr.

17, 18. a) Isa Ýusupdan nämäni öwrendi? b) Ýusup näme üçin ussaçylyk edip, agyr zähmet çekmeli boldy?

17 Göz öňüne getir, kiçijik Isa kakalygynyň işläp duranyna syn edýär. Ol Ýusubyň her bir hereketini ünsli synlap, onuň giň egnine, gujurly gollaryna, ussatlygyna, ýiti aklyna haýran galandyr. Belki, ol Isa ýönekeýje işleri etmegi, ýagny guradylan balygyň hamy bilen agajyň büdür-südür ýerlerini tekizlemegi öwredendir. Ýusup oňa agaçlaryň näme tapawudynyň bardygyny, meselem, ýabany injir, dub we zeýtun agaçlaryň tapawudyny hem düşündirendir.

Ýusup ogluna agaç ussaçylygyny öwretdi

18 Isa Ýusubyň diňe bir agaçlary çapyp, kesip we olary birikdirmekde gujur-gaýratly däl-de, eýsem, maşgalasynyň söýgi bilen aladasyny edýän atadygyny hem bilýärdi. Ýusup bilen Merýemiň maşgalasy ýuwaş-ýuwaşdan köpelip, olaryň Isadan başga azyndan alty çagasy bolýar (Mat. 13:55, 56). Ýusup maşgalasyny eklemek üçin der döküp işlemeli bolýardy.

Ýusup ähli zatdan öňürti maşgalasynyň ruhy zerurlyklary barada alada etmelidigine düşünýärdi

19. Ýusup maşgalasynyň ruhy zerurlyklaryny nädip kanagatlandyrýardy?

 19 Emma Ýusup ähli zatdan öňürti maşgalasynyň ruhy zerurlyklary barada alada etmelidigine düşünýärdi. Şol sebäpli ol çagalaryna Ýehowa Hudaý barada we onuň kanunlaryny öwretmek üçin köp wagt sarp edýärdi. Ol Merýem bilen çagalaryny alyp, ýerli sinagoga hemişe barýardy. Sebäbi ol ýerde Ýehowanyň kanunlary sesli okalýardy we düşündirilýärdi. Belki, şondan soň Isa köp soraglar berendir. Ýusup onuň ruhy teşneligini gandyrmak üçin tagalla baryny edendir. Ýusup maşgalasyny her ýyl Iýerusalime baýramçylyga äkidýärdi. Mysal üçin, her ýyl geçirilýän Pasha baýramyna baryp gaýtmak üçin, Ýusubyň maşgalasyna iki hepde gerek bolandyr. Sebäbi Iýerusalim Nazaret şäherinden 120 km uzaklykda ýerleşýärdi.

Ýusup maşgalasy bilen Hudaýa sežde etmek üçin Iýerusalimdäki ybadathana hemişe barýardy

20. Mesihçi maşgalabaşylar Ýusubyň göreldesine nädip eýerip bilerler?

20 Şu günlerem mesihçi maşgalabaşylar Ýusubyň göreldesine eýerýärler. Olar maşgalasyny eklemek üçin jan aýaman zähmet çekýänem bolsa, çagalaryna Ýehowa barada öwretmegi ähli zatdan ileri tutýarlar. Olar öýünde maşgala okuwyny geçirmek, çagalary bilen ýygnak duşuşyklaryna we kongreslere barmak üçin elinde baryny edýärler. Olar Ýusubyň göreldesine eýerip, çagalaryna Ýehowa barada öwretmegiň iň gowy zatdygyna düşünýärler.

«Alada goýduň»

21. Pasha baýramy Ýusubyň maşgalasy üçin nähili döwürdi we Ýusup bilen Merýem Isanyň ýitendigini haçan bildiler?

21 Isa 12 ýaşyndaka, Ýusup maşgalasy bilen endigi boýunça Iýerusalime gidýär. Bu Pasha baýramynyň döwrüdi. Şonda uly maşgalalar hatar-hatar bolup, ýaz paslynda gök otlara bürenip oturan meýdanlaryň üsti bilen gidýärdi. Olar gök otlaryň seýrekleşýän daglyk ýerine, ýagny Iýerusalime golaýlaşanda, köpleriň bilýän mezmurlaryny aýdýardylar (Zeb. 120—134). Iýerusalime ýüzlerçe müň adam üýşýärdi. Baýramçylykdan soň maşgalalaryň hemmesi öýlerine gaýdýardy. Belki, Ýusup bilen Merýem başagaý bolup, Isa dogan-garyndaşlarynyň arasyndadyr diýip pikir  edendir. Olar Iýerusalimden bir günlük ýol geçensoň, Isanyň ýitendigini bilýärler (Luka 2:41—44).

22, 23. Merýem bilen Ýusup oglunyň ýitendigini bilende näme etdiler we olar Isany tapanda Merýem näme diýdi?

22 Merýem bilen Ýusup howsala düşüp, Iýerusalime dolanýar. Göz öňüne getir, olar Iýerusalimiň köçelerine aýlanyp, oglunyň adyny tutup çagyranlarynda, şäher olar üçin nähili boş hem-de ýat bolup görnendir. Olaryň ogly niredekä? Ýusup ony üç günläp gözlänsoň: «Ýehowanyň ynanan mukaddes ýumşuna sowuk-sala garaýdymmykam?»  diýip, alada edendir. Ahyry, olar ybadathana barýar we ol ýerden ony gözläp başlaýarlar. Olar Isany tapanlarynda, ol Hudaýyň kanunyny gowy bilýän bilimli adamlaryň arasynda oturdy! Merýem bilen Ýusup uludan demini alyp, gör, nähili rahatlanandyr! (Luka 2:45, 46).

23 Isa mugallymlary diňläp, sorag baryny berýärdi. Olar bu çaganyň düşünjesine we berýän jogaplaryna haýran galýardy. Merýem bilen Ýusup Isanyň eden işini aklyna sygdyryp bilmeýärdi. Şonda Ýusup hiç zat diýmeýär. Emma Merýemiň aýdan sözleri ikisiniňem duýgusyny görkezýär. Ol: «Oglum, sen näme üçin bizi alada goýduň? Kakaň ikimiziň seni gözlemedik ýerimiz galmady?» diýdi (Luka 2:47, 48).

24. Mukaddes Ýazgylarda ene-ata bolmagyň kyndygy nähili görkezilýär?

 24 Bu wakadan ene-ata bolmagyň, hatda kämil çagany ýetişdirmegiň nähili kyndygy görünýär! Şu günler howply dünýäde çagalara terbiýe bermek örän kyn, emma ene-atalaryň duş gelýän kynçylyklaryna Ýehowanyň düşünýändigi olara göwünlik berýär.

25, 26. Isa ene-atasyna näme diýip jogap berdi we oglunyň aýdan sözleri Ýusuba nähili täsir eden bolmaly?

25 Isa özüni gökdäki Atasy Ýehowa has ýakyn duýýan ýerinde galypdy. Ol Ýehowa barada bilim almagy gowy görýärdi. Ol ene-atasyna ýürekden: «Siz näme üçin meni gözlediňiz? Eýsem, meniň Atamyň öýünde bolmalydygymy bilmeýärmidiňiz?» diýdi (Luka 2:49).

26 Elbetde, Ýusup onuň aýdan sözleri barada köp wagtlap oýlanandyr. Belki, ol ogluna buýsanandyr. Sebäbi ol birnäçe wagtlap Ýehowa Hudaý barada ogullygyna jan edip öwredipdi. Ýusubyň özüni alyp barşyndan, eýýäm Isa ýaş oglan wagty, atalyk mähriniň nämedigine düşündi.

27. Kaka hökmünde siz nähili hormata eýe bolduňyz we siz näme üçin Ýusubyň göreldesine eýermeli?

27 Kakalar çagalaryny söýmek we goramak bilen, olara gökdäki Atasy Ýehowanyň söýýändigine hem goraýandygyna düşünmäge kömek edýär. Eger siziň öweý çagalaryňyz bar bolsa, Ýusubyň göreldesine eýerip, her bir çagaňyzyň gadyryny biliň. Olara gökdäki Atasy Ýehowa Hudaý bilen dostlaşmaga kömek ediň (Efesliler 6:4-i oka).

Ýusup Ýehowanyň ýumşuny ýerine ýetirdi

28, 29. a) Luka 2:51, 52-nji aýatlardan Ýusup barada nämäni bilse bolýar? b) Isanyň akyldarlykda ösmegine Ýusup nädip kömek etdi?

28 Mukaddes Ýazgylarda Ýusup barada az aýdylsa-da, ondan biz köp zatlary öwrenip bileris. Mysal üçin, biz Isanyň ene-atasynyň «tabynlygynda galandygyny»  bilýäris. Şeýle-de Hudaýyň Sözünde: «Isa ulalyp, akyldarlykda barha artýardy we Hudaýy hem-de adamlary razy edýärdi» diýilýär (Luka 2:51, 52-nji aýatlary oka). Bu sözlerden Ýusup barada näme bilse bolýar? Meselem, Ýusubyň kämil ogly kakasynyň ygtyýaryna hormat goýup, onuň tabynlygynda galar ýaly, ol hemişe gowy maşgalabaşy boldy.

29 Biz Isanyň akyldarlykda ösendigini hem bilýäris. Elbetde, Ýusup bu babatda köp tagalla eden bolsa gerek. Şol günler ýehudylaryň arasynda nakyl bardy. Şu günlerem şol nakyla duş gelse bolýar. Şol nakyla görä, agaç ussasy, daýhan we demirçi ýaly garamaýak adamlar däl-de, baý hem boş wagty bar adamlar akyldar bolup bilýärdi. Garamaýak adamlar bolsa, «ýagşyny we ýamany saýgaryp bilmänsoň, aklabam, hökümem edip bilmeýär». Emma Isa ulalansoň şol nakyly ýalana çykardy. Ol entek oglanjyk wagty kakalygy ýönekeýje agaç ussasy bolsa-da, oňa Ýehowanyň öňünde nämäniň ýagşydygyny we nämäniň ýamandygyny gowy öwretdi!

30. Şu günler maşgalabaşylar Ýusubyň göreldesine nädip eýerýärler?

30 Şeýle-de biz Isanyň sagdyn bolup ýetişmegi üçin Ýusubyň köp goşant goşandygyny bilýäris. Isanyň gowy aladasy edilendigi sebäpli, ol gujur-gaýratly we sagdyn adam bolup ýetişdi. Ýusup ogluna öz hünärini öwretdi. Isa diňe bir agaç ussasynyň ogly däl-de, «agaç ussasy» diýip tanalýardy (Mar. 6:3). Ýusubyň öwredenleri ýerine düşdi. Paýhasly maşgalabaşylar Ýusubyň göreldesine eýerip, çagalary sagdyn bolup ýetişer ýaly we özlerini ekläp bilmekleri üçin aladasyny edýärler.

31. a) Haýsy deliller Ýusubyň haçan aradan çykandygyny görkezýär? ( Çarçuwa-da seret). b) Ýusup biziň üçin nähili görelde galdyrdy?

31 Mukaddes Ýazgylarda Isanyň 30 ýaş töweregi suwa çümdürilensoň, Ýusup barada agzalmaýar. Isa gullugyna başlanda Merýem eýýäm dul galypdy (Şeýle-de « Ýusup haçan aradan çykdy?» diýen çarçuwa seret). Dogrudan-da, Ýusup maşgalasyny gorap, ekläp, berlen ýumşy soňuna çenli ýerine ýetirip, ajaýyp görelde galdyrdy. Her bir kaka, maşgalabaşy we ähli mesihçiler Ýusubyň imanyndan görelde alsa gowy bolar.

^ abzas 4 Şol döwürde adaglanan adamlara durmuş guran ýaly garaýardylar.

^ abzas 8 «Ýyldyz» adaty astronomik hadysa-da däldi, ol Hudaý tarapynam iberilmändi. Şeýtan Isany öldürmek niýeti bilen ony adatdan daşary güýji arkaly ulandy.

^ abzas 11 Mukaddes Ýazgylarda Isa suwa çümdürilensoň, «ilkinji gudratyny görkezendigi» aýdylýar (Ýahýa 2:1—11).