Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 2B ÇARÇUWA

Hyzkylyň durmuşy we ýaşan döwri

Hyzkylyň durmuşy we ýaşan döwri

Hyzkyl diýen at «Hudaý güýç-kuwwat berýär» diýmegi aňladýar. Onuň pygamberliklerinde köp duýduryşlar berilýär. Aýdan habary adynyň manysy bilen baglanyşykly bolup, Hudaýa arassa sežde etmek isleýän adamlaryň imanyny berkidýär.

DÖWÜRDEŞLERI

  • ÝERMEÝA

    ruhanylar maşgalasyndan, Iýerusalimde köp gulluk etdi (b. e. öň 647⁠—⁠580)

  • HULDA

    takmynan b. e. öň 642⁠-⁠nji ýylda ybadathanada Kanun kitaby tapylan döwri gulluk etdi

  • DANYÝAR

    ýahuda taýpasynyň şa maşgalasyndan, b. e. öň 617⁠-⁠nji ýylda Wawilona sürgün edildi

  • HABAKUK

    Ýehoýakym höküm sürüp başlanda Ýahudada gulluk eden bolmaly

  • ABDYÝAR

    Edoma garşy pygamberlik edýär, belki, Iýerusalimiň weýran edilen döwri pygamberlik edendir

HAÇAN PYGAMBERLIK ETDILER? (SENELER B. E. ÖŇ)

 HYZKYLYŇ DÖWRÜNDÄKI ESASY WAKALAR (SENELER B. E. ÖŇ)

  1. tak. 643: dünýä inýär

  2. 617: Wawilona sürgün edilýär

  3. 613: pygamberlik edip başlaýar, Ýehowa görnüş görkezýär

  4. 612: görnüşde ybadathanada edilýän haram işleri görýär

  5. 611: Iýerusalime çykarylan hökümi aýdyp başlaýar

  6. 609: aýaly aradan çykýar, Iýerusalim soňky gezek gabalýar

  7. 607: Hudaý Iýerusalimiň weýran ediljegini aýdýar

  8. 593: görnüşde ybadathanany görýär

  9. 591: Nawuhodonosoryň Müsüre hüjüm etjegini pygamberlik edýär, kitabyny ýazyp gutarýar

ÝAHUDANYŇ WE WAWILONYŇ PATYŞALARY

  1. 659⁠—⁠629: Ýoşyýa arassa seždäni dikeldýär, emma faraon Neho garşy söweşde aradan çykýar

  2. 628: Ýehogahaz üç aýlap zalymlyk bilen höküm sürensoň, faraon Neho ony ýesir alýar

  3. 628⁠—⁠618: zalym patyşa Ýehoýakym faraon Neho bilen ylalaşyk baglaşýar

  4. 625: Nawuhodonosor müsür goşunyny derbi-dagyn edýär

  5. 620: Nawuhodonosor ilkinji gezek Ýahuda hüjüm edýär, Iýerusalimde Ýehoýakym bilen ylalaşyk baglaşýar

  6. 618: Ýehoýakym Nawuhodonosora garşy gozgalaň turuzýar, ýöne wawilonlylar Wada edilen ýurda ikinji gezek hüjüm edende aradan çykan bolmaly

  7. 617: zalym patyşa Ýehoýakyn (beýleki ady Ýehonýa) üç aýlap höküm sürensoň, Nawuhodonosora boýun egýär

  8. 617⁠—⁠607: erbet we gorkak patyşa Sadykýar Nawuhodonosor bilen ylalaşyk baglaşýar

  9. 609: Sadykýar gozgalaň turzansoň, Nawuhodonosor Ýahuda üçünji gezek hüjüm edýär

  10. 607: Nawuhodonosor Iýerusalimi derbi-dagyn edip, Sadykýary ýesir alýar, gözlerini oýup, Wawilona äkidýär