Esasy materiala geçiň

Mazmunyna geçiň

 10-NJY SAPAK

Isa hemişe gulak asýardy

Isa hemişe gulak asýardy

Sen ene-ataňa hemişe gulak asýarmyň? ~ Käwagt gulak asmak kyn. Sen Isanyň Ýehowa we ene-atasyna gulak asandygyny bilýärmiň? ~ Sen Isadan görelde alsaň, ene-ataňa hatda kyn bolsa-da, gulak asyp bilersiň. Gel, bu barada köpräk bileli.

Isa ýere gelmänkä, Atasy Ýehowa bilen gökde ýaşaýardy. Emma Isanyň ýerde-de ene-atasy bardy. Onuň kakasynyň ady Ýusup, ejesiniň ady bolsa Merýemdi. Sen olaryň nädip Isanyň ene-atasy bolandyklaryny bilýärmiň? ~

Isa ýer ýüzünde doglup, ýaşap biler ýaly Ýehowa onuň gökdäki ýaşaýşyny Merýemiň göwresine geçirýär. Bu gudratdy! Başga çagalaryň ejesiniň göwresinde ulalyşy ýaly, Isa hem Merýemiň göwresinde ulalýar. Takmynan 9 aý geçensoň, Isa dogulýar. Şeýdip Merýem we äri Ýusup Isanyň ýerdäki ene-atasy bolýar.

Isa 12 ýaşyndaka Atasy Ýehowany söýýändigini görkezip başlaýar. Muny Isanyň ene-atasy bilen Iýerusalime Pasha baýramçylygyna gideninden bilse bolýar. Ýusup bilen Merýem öýlerine gaýdyp gelýärkäler, Isany ýitirýärler. Sen onuň şol wagt nirede bolandygyny bilýärmiň? ~

Isa ybadathana näme üçin bardy?

Ýusup bilen Merýem yzyna Iýerusalime gelip, Isany gözläp başlaýarlar. Olar Isany hiç ýerden tapmandygy üçin örän alada edýärler. Emma 3 gün geçensoň, olar ony ybadathanadan tapýarlar! Isanyň ybadathana näme üçin barandygyny bilýärmiň? ~ Sebäbi ol şol ýerde Atasy Ýehowa barada öwrenip bilýärdi. Ol Ýehowany söýýärdi we onuň gowy görýän zatlaryny öwrenmek isleýärdi. Isa hatda ulalandan soňam, Ýehowa hemişe gulak asýardy. Isa kyn bolsa-da, hatda horluk çekmeli bolsa-da Atasyna gulak asýardy. Isa Ýusup bilen Merýemede gulak asýardymy? ~ Mukaddes Ýazgylarda Isanyň olara gulak asandygy aýdylýar.

Sen Isadan näme öwrenip bilersiň? ~ Sen hatda kyn bolsa-da, ene-ataňa gulak asmaly. Sen olara gulak asarsyňmy? ~